Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Mähribanlyk bossany

Ata Watan, ene toprak ynsanyň durmuşynda iň eziz mukaddeslik hasaplanýar. Ynsan ýüregine ýakyn bu mukaddeslik adam ömrüniň ilkinji sallançagy bolan maşgaladan başlanýar. Maşgala gymmatynyň näderejede mukaddesligine, ezizligine adam wagtyň geçmegi bilen has-da çuňňur düşünip başlaýar. Bagtly bolmagam, megerem, maşgala abadançylygynda, agzybirliginde, berkligindedir. Biz maşgalamyzdan tapýan bagtyýarlygymyzy başga hiç bir ýerden tapmarys. Maşgalada toý bolanda ýa-da begençli waka bolanda, şol gün Günüň dogşy hem üýtgeşik, ýakymly, lezzetli bolýar. Döwletiň binýady maşgaladan başlanýar. Maşgala hem kiçijik döwlet. Onuň hem özboluşly däp-dessurlary, kada-kanunlary, berjaý etmeli hökmany dessurlary bar. Bularyň ählisinde hem birmeňzeş mähribanlyk, ýylylyk, ezizlik, tämizlik bar. Şol sazlaşygyň gujagynda agaýana ýaýnap, şonuň aladasy bilen ýaşaýan ynsanyň kalbynda hiç hili ýaramazlyga orun bolmaz. Şol jadylaýjy mähriň nuruna ýagtylanan, ýylysyna çoýunan ömrüň manysy başgaça, hümmeti uly bolýar. Türkmençilikde ene, zenan, gelin, gyz sözleri bilen bilelikde köplenç maşgala sözi aýdylýar. Maşgala baş gala bolsa, perzentler şol galanyň, döwletli törüniň bezegidir. Maşgalasynyň abraýyny gorap, ony abat, abadan saklamagyň aladasy bilen ýaşaýan, sagdyn ruhly, sagdyn bedenli perzentleri terbiýeläp ýetişdirýän, mukaddes ojagy mähir ýylysyna çoýup oturan enelerimiz biziň guwanjymyzdyr, buýsanj

Çaga terbiýesi

MAŞGALAMYZ — BAŞ ALADAMYZAta-eneler çagalarynyň janynyň sag, akylly, terbiýeli, zähmetsöýer, Watanyna wepaly bolup ýetişmeklerini isleýärler. Munuň üçin, ilki bilen, ata-eneleriň özleriniň janlarynyň sag, dogruçyl, tutanýerli, janypkeş, mähirli, talapkär, ruhy dünýäleriniň baý bolmagy zerur. Olar öz çagalaryna hemmetaraplaýyn görelde bolýarlar. Çaga bir ýaşaýança boýunyň ösüşine, agramynyň artyşyna, hereketleriniň kämilleşişine, kesellere garşy göreşip bilşine gözegçilik edilýär. Diýmek, çaganyň iýmitine, arassaçylygyna, howa şertlerine öwrenişmegine, arassa howadan dem almagyna hem üns bermelidir. Çaga dünýä inen ilkinji günlerinden başlap ene-atasynyň mährini, aladasyny duýýar. Şonda çaga öz hossarlaryna mähirli bolýar, gowy düşünýär. Netijede, çagany terbiýelemek hem aňsatlaşýar.

Tamdyr çöregi

Türkmen ojagynyň rysgaly, mukaddes nygmaty bolan bugdaý çöregi saçaklarymyzyň berekedidir. Türkmeniň mele-myssyk tamdyr çöregi özüniň datly tagamy, hoşamaý ysy bilen irki döwürlerden bäri halkymyzyň mukaddes suprasyna bereket goşup gelýär. Türkmen ojagyna myhman gelende, ilki bilen, oňa saçak ýazylyp, duz-çörek hödür edilýär. Maşgala binýadynyň ilkinji basgançaklarynda, gudaçylyk gatnaşygy açylanda hem öňi bilen çörekli saçak eltilýär. Täze jaýa göçülende hem duz-çörekli barylýar. Munuň özi çöregiň mukaddesligini görkezýär. Halallygy hemra edinýän halkymyz päk zähmete ykbalyny baglap gelipdir. Ene-mamalarymyz çörek ýapjak tamdyrlaryny özleri ýasapdyrlar. Onuň düýbüni bolsa sähetli gün tutupdyrlar. «Petir çörek gordan gorkmaz» diýen pähime eýerilip, birkemsiz gyzdyrylan täze tamdyra, ilki bilen, petir çörek ýapylýar. Tamdyrda ilkinji bişen çörekler goňşy-golama paýlanylýar. Çörek bişirmek hem özboluşly sungat. Zenan maşgala çörek bişirjek bolanda, hamyr etjek ýerine, ilki bilen, kendirik ýazýar. Soňra näçe çörek bişirjek bolsa, şoňa laýyk un eleýär.

Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň jebisligi

Öwrenmek islegi zandyna guýlan adam orta mekdepden soň ýokary okuw mekdebinde we ýene-ýeneki mekdeplerde bilimden, sowatdan paýyny alýar. Ýöne başga bir mekdep bar. Onda doglan günüňden başlap, ömür boýy okar, öwrener ýörersiň. Munda öwrenenleriň gymmatyny başga zat bilen deňär ýaly däldir. Oňa «maşgala mekdebi» diýilýär. Göwni mydama alysdadyr adamyň. Ýöne, niçikmi, uçar göge galyp, müňlerçe kilometr uzaklykdaky syýahatyňa badalga berer welin, çep gursagyňda söz bilen düşündirip bolmajak, täsin küýseg dörär. Oňa «maşgala küýsegi» diýilýär.

Ýalkym saçýan çyragym

Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: «Ynsanyň çagalykdaky arzuwy ulalmak, «ulalmak» hem «oňalmak» diýen manyda aňyňa ornaýar. Wagtyň mizanynda «ulalmak» düşünjesiniň düýp maksady — «gowy adam» bolmak islegini aňladýar. Çagalykdaky şu arzuw ata-enäniň perzendine mähirli, pähimli gatnaşygynyň esasynda has-da owadan bolýar. Ulalmak islegi diňe bir uly adamlara mahsus işleri berjaý etmek däl, eýsem, adamlaryň ykbalyna biparh garamazlyk, ýagşylyk edip göwnüň açylmagy ýaly isleg-arzuwlar bilen kämilleşýär. Şonda hem perzent üçin ata-enäniň orny edil ýaş daragta arassa akardan dup-dury suwuň barmagynyň zerurlygy ýalydyr. Çünki ol suw näçe arassa hem-de kadaly mukdarda bolsa, daragt gününi sanap ösýär hem gözüňi dokundyrýar». Şu jümleleri gaýta-gaýta okap, aňymda aýladygymça-da çagalyk ýyllarym biygtyýar kerwen gurap, göz öňümde janlanýar. Käbäm ejem janyň sekiz çagany dünýä inderip, ile-güne ýaraýan adamlar edip kemala getirişine haýran galýaryn hem-de buýsanýaryn. Ejem şunça çagany kemala getirmek üçin eneke tutunmady, enemlerdir gelnejelerim hem bizden daşrakda ýaşaýandyklary üçin, olar hem ejeme ýardamçy bolup bilmediler. Ejem munuň üçin aljyramady. Säher bilen turanyňdan soň, ýatan ýeriňi ýygnap, saçlaryňa timar bermek, daşary çykyp, irdenki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip, eliňi-ýüzüňi ýuwmak, ondan soň saçak başyn

Soraň, jogap berýäris

Redaksiýamyza ýurdumyzyň gelin-gyzlaryndan dürli mazmundaky sowallar gelýär. Olary durmuşda gabat gelýän ähli sowallar gyzyklandyrýar. Alma Seýidowa,

Syrly dünýäm — eziz käbäm

Türkmen maşgalasynda ata-enä hormat goýmak däbi giňden ýaýrandyr. Bu ýörelgäniň ruhy mirasymyzyň nesil terbiýesinde oňyn netije berýändigini durmuş tejribesinde görmek bolýar. Ene-mamalarymyzyň rowaýatlary, tymsallary, nakyllary ýerlikli gürrüň bermegi maşgaladaky agzybirligi has-da pugtalandyrýar. Şonuň üçin milli terbiýe bilen baglanyşykly «Alty aga birigip, ata bolmaz, ýedi ýeňňe birigip — ene», «Ata-ene üçin eliň aýasynda heýgenek bişirseň-de az», «Garryly öý — gaznaly öý» ýaly nakyllar aýdylýar. Gelniň dilinden aýdylýan nakylda maşgalanyň agzybirligi hakda gaýynata bilen gaýynenä hormat goýlup «Gaýynatam — ganarym, dolup durar dulumda, gaýynenem — gazanym, getirip goýar ýanymda» diýilýär. Birek-birege hormat goýlanda, şol maşgala agzybir, bagtly ýaşaýar. Öý-ojak, maşgala terbiýesi hakda danalarymyz: «Erkek daşdan, aýal içden gazansa, ol öý bitmän galmaz», «Erkek daşdan, aýal içden ýok etse, ol öý ýitmän galmaz» diýýär. Hut şol jähetden-de, ene-mamalarymyz hiç kimden ýüz görmän, her bir zada dogry baha berýär. Agzybirligiň oňat şertleri döredýändigi, şol maşgalanyň abraýynyň artýandygy öwüt-nesihat edilýär. «Gyz edebiniň il edebidigi» hakynda käbäm bize ýatladyp durýardy. «Bäş barmagyň deň bolmaýşy» ýaly, adamlaryň hem dürli-dürli häsiýetlidigini ýaşlygymyzdan gulagymyza guýýardy. Dünýäniň giň hem geňligini, durmuşda her hili ýagdaýlar gabat geläýende-de, oňa akyl-paýhasly

Mähir beren mähribanlarym

«Aýal doganymyň agtygy bolupdyr» diýen hoş habar giň öýümiň içinde ýaňlanyp gitdi. Dünýäni ýagtylandyrýan, ynsanyň göwnüni, öýüni, ömrüni, içki dünýäsini joşdurýan balajyk dünýä inipdir. Bu pursat kakamyň aýal doganlary, meniň «Aýal doganym» diýip ýüzlenýän ejekelerimiň keşbi göz öňümde janlanýardy. Indi görüp otursam, doganlarymyň her bir öwüdi göýä ýüregime mähir nuruny paýlap duran ýalydy. Her bir aýdan sözleri, beren maslahatlary gulagymda ýaňlanyp durdy. Bu zatlara ýyl geçdigisaýy, her biriň bir döwletli maşgalaň ejesi, enesi bolanyňdan soň-a, has aýdyň göz ýetirýärsiň. Gulpajygymyzy tasadyp ýören günlerimizden alan terbiýämiziň durmuşyň manysyna öwrülýändigine şaýat bolanyňdan soň ol zatlaryň gadyr-gymmatyna has içgin düşünýärsiň. Alty ýigidiň arasynda bir özüm bolsamam, aýal doganymyň ýokdugyny duýmadym. Çünki maňa kakam janyň dört aýal dogany ganat bolupdy. Bu gün aramyza alys ýollar düşenem bolsa, olar bilen aramyzdaky göze görünmeýän baglanyşyk meni özüne tarap dartyp dur. Men käbäm ejeme aýdyp bilmeýän syrlarymy aýal doganlaryma aýdýaryn. Olar bilen aladamyzam-ünjimizem, şatlygymyzam bir. Hatda başdan geçirmelerimizem, durmuşy wakalarymyzam bir-birimiziňkä meňzeşräk ýaly. Meniň çagalarym heniz ýaş. Olar hakyndaky pikirleriňizi, öwüt-ündewleriňizi diňläp, özara maslahatlaşyp, «Geňeşli don gysga bolmaz» diýlenini edýäris. Şol geňeşden soň işlerimiz ýeňilleşip, ugrugyp

Süýjülikler barada

XV asyryň Osman döwletiniň aşpezlik kitabynda süýjülikleriň biri bolan pahlawanyň ilkinji gezek Mehmet Fatih soltanyň döwründe taýýarlanandygy barada aýdylýar. Ol ony ähli baýramçylyklaryň hödür-keremi bolmagyna mynasyp tagam hasaplapdyr. Emma bu tagamyň has irräk döwürde-de taýýarlanandygy barada hem pikirler bar. * * *

Zenanlara maslahat

Arassalap dogran ýeralmalaryňyzyň garalmagyny islemeýän bolsaňyz, olary buzly suwa salyp goýuň. Çünki sowuk suw ýeralmanyň düzümindäki krahmalyň howa bilen okislenip, garalmagynyň öňüni alýar. * * *

Bägül şiresi

5—6 sany bägül ýapragy, 100 g şeker ýa-da 50 g nabat. Taýýarlanylyşy:

Bägül şiresi

Gerekli önümler: 5—6 sany bägül ýapragy, 100 g şeker ýa-da 50 g nabat.

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Peýnirli gyzdyrma (Ýaşajyk aşpezlere maslahat)

Gerekli önümler: 1 sany baton çörek, 120 gram peýnir, 2 çemçe gaýmak, 20 gram mesge.

Taýajykly süýjülikler (Ýaşajyk aşpezlere maslahat)

Gerekli önümler 200 gram un, 2 çaý çemçesi kakao, 3 nahar çemçesi bal, 70 ml ösümlik ýagy, 250 ml suw, 5 çemçe şeker, 1 çaý çemçesi wanilin, 1,5 çaý çemçesi hamyrtozy, 90 gram şokolad.

Maşgala bagtynyň buýsanjy

Gelin-gyzlarymyz haly dokanlarynda, olaryň daraklarynyň sazlaşykly sesi ata Watanymyzyň asudalygynyň, ösüşleriniň waspyny edýän ajaýyp mukama çalym edýär. Biz bu hakykata Halaç etrabynyň Halaç şäherinde ýaşaýan Annageldiýewleriň maşgalasynda myhmançylykda bolanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. Hawa, bu öýde daragyň sesi bilen çagalaryň şadyýan gülküleri belentden ýaňlanýar. Bu döwletli maşgalanyň öý bikesi, bagtyýar zenan, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Göwher Annageldiýewa bilen söhbetdeşligimiz hem milli mirasymyz, perzent terbiýesi dogrusynda boldy. — Durmuşda öz ornumyzy tapyp, bir işiň başyny tutup, jemgyýete garylyp-gatylyp bilen bolsak, munuň aňyrsynda, ilkinji nobatda, ata-enelerimiziň irginsiz aladalary ýatandyr. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip, il hataryna goşmak bagtyýarlykdan nyşan dälmi, eýsem?!

Ene hüwdüsi

Ene hüwdüsi... Bu halk döredijiliginiň iň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Bu asyrlardan-asyrlara, nesillerden--nesle geçip gelýän kämil eserdir. Ene hüwdüsinde düşündirip bolmaýan jadylaýjy sungat, täsin ýakym bar. Eýsem, hiç zada düşünmän aglaýan bäbejigi rahatlandyryp, uka gidirýän hüwdi dälmi? Çagasyny huwwalap, hüwdi aýtmadyk ene öň hem ýokdy, häzirem ýok. Şu ýerde, men çagalykdan hakydamda galan we häzirem uly höwes bilen aýdylýan ene hüwdüsini ýatlasym gelýär.

Gaýynekeji

Gaýynekeji sözi zenan dünýäsinde ähmiýetli düşünje bolup ornaşandyr. Gelin we gaýynekeji gatnaşyklary barada pikir alyşmak, öz garaýyşlaryňy paýlaşmak üçin söhbet edere zat kän. Gaýynekeji sözündäki «eke» sözi käbir şiwelerde uly aýal dogan manysyny berýär. Diýmek, gaýynekeji bilen gelniň arasyndaky gatnaşyk uýalarça ysnyşykly, jebisleşikli bolmaly. Ýanýoldaşyň uýasy bolan gaýynekejiň bagtyňa şärik ynsandyr. Her bir maşgalada gelniň bagtdan paýlylygy gaýynenäniň hem-de gaýynekejiniň onuň bilen göwündeş, pikirdeşliginden alamat. Maşgala agzybirligi onuň agzalarynyň hemmesiniň gatnaşygynyň ylalaşykly bolmagyny talap edýär. Gaýynene, gaýynekeji, baldyz, gaýynaga, ýüwürji we beýleki maşgala ýakyn adamlar gelniň hossarlyk gurşawy. Hususan hem, durmuşda gelin-gaýynene, gelin-gaýynekeji, gelin-baldyz gatnaşyklarynda dürli ýagdaýlar ýüze çykyp durýar. Şol ýagdaýlardan parasatly baş alyp çykmakda gaýynekejiniň üstüne düşýän jogapkärçilik kiçi-girim däldir. Ol maşgalanyň içki meselelerinde, aýratyn hem, onuň zenan agzalarynyň arasynda sözi diňlenýän adam. Gelen gelni ýat saýman, edil özüňkiň biri ýaly saýmak, gaýynenä-de, gaýynekejä-de juda lazymdyr. Käbir maşgalalarda gaýynekejiler bilen gelinleriň arasyndaky hoşgylawlylygy, mähirli gatnaşyklary göreniňde, olara öz ýanyňdan buýsanýarsyň, durmuşda şeýle bagtyýar maşgalalaryň köp bolmagyny isleýärsiň.

Maşgala edebi – asylly terbiýe

Türkmen halky gadymy döwürlerden özüniň päk göwünliligi, maşgala wepalylygy, mertligi, şahandazlygy, parahatçylyk söýüjiligi bilen her bir işde rowaçlyk gazanyp, ençeme ruhy we maddy gymmatlyklary dünýä ýaýan beýik halk hökmünde tanalýar. Halkymyz gadymdan gelýän maşgala terbiýesindäki asylly däp-dessurlaryny döwrebap röwüşde sazlaşykly ösdürmek bilen, maşgalanyň doly kämil bolmagynyň esasy ýol-ýörelgesi hökmünde saýlap alýar. Bu babatda ruhy-ahlak gymmatlyklar maşgala terbiýesinde esasy orny eýeleýär. Türkmen maşgalasynda çagany ýokary ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer edip ýetişdirmek terbiýäniň özeninde durýar. Ahlak gymmatlyklaryň kämilligi, maşgalanyň durnuklylygy, berkligi, ilkinji nobatda, zähmet terbiýesine aýratyn üns berilýänligindedir. Her bir ene özüniň hüwdüsi, owaza öwrülen ajaýyp heňi bilen çaga dünýä inenden onuň kalbyna guýýar. Bu babatda aýratyn bellemeli zat perzendiň geljekde kämil hünäriň eýesi bolmagy, şol hünär bilen bolsa Watany gülletmek işine goşant goşmagydyr. Halkymyzyň müňlerçe ýyllaryň tejribesinde ýaş nesli terbiýelemegiň serişdesi hökmünde zähmeti esas hasaplandyklary hemmämize mälimdir. Şonuň üçin ene öz çagasyny hüwdülände, şeýle setirleri beýan edýär: Meniň gyzym Aý ýaly, Aýa, Güne taý ýaly Çeper elli hünärde,Aýda dokar bir haly —

Myhman almaklygyň edebi

Halkymyz durmuşynda myhman kabul etmeklige ýokary ähmiýet berlip, ony parz hasaplapdyr. Şonuň üçin gapydan gelen adamy taňry myhmany hökmünde garşy almaklyk türkmençilikde däbe öwrülipdir. Myhman isle, çagyrylyp gelsin, isle-de, çagyrylman, ony güler ýüz, açyk köňül bilen kabul etmek öý eýesiniň ilkinji borjudyr. Myhmanyň gelýänini gören dessine, onuň öňünden çykyp, garşylamak gerek. Myhmany garşylan öý eýesi: «Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz!» diýer. Gelen kişi bu ýagşy dileglere: «Hoş gördük!» diýip jogap gaýtarar.