Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Heniz dünýä buşlanmadyk bagtym bar

Daň atyp, bütin dünýä gözellik paýlamaga başlady. Säher näme? Säher — barlyk, ýaşaýşyň alamaty, ümmülmez älemi mähri bilen ýylatmak üçin Günüň dogmagy, guşlaryň saýramagy, al-elwan gülleriň açylmagy, gazandaky ak süýdüň çogmagy. Ynha-da, täze Gün dogdy. Pasyllaryň soltany bahar pasly hem paýawlap barýar. Säheriň howasy şeýlebir tämiz. Ony hiç zat bilen deňär ýaly däl. Ony diňe päkligiň baky alamaty bolan naşyja çagajyklara deňemek bolar. Endige görä her gün säher bilen penjiräni açamda säher şemaly ýüzümi mylaýymlyk bilen sypaýar. Şol hal gaýynenemiň gürrüň beren rowaýaty ýadyma düşýär: « Her gün daň atyp, Gün dogjak wagty perişdeler Güni gorap, onuň daşyndan atly aýlanar eken. Rowaýata görä säheriň şu ajaýyp, bagryňy oýkabermeli howasy bolsa şol perişdeleriň çapyp barýan atynyň ýelgini eken».

Edepli ile ýarar

Maşgalada her kim öz ýerinde durup, perzentlerine eýe çykyp, olaryň aň-düşünjelerini halka, il-güne, Watana, ahlak gymmatlyklaryna bolan mähir-muhabbete ýugrup, kemala getirip bilse, millet daragtynyň köküniň has-da çuňluklara aralaşmagyna ýol arçar. Eger-de iň esasy mekdep maşgala bolýan bolsa, onda eneler bala-çagalarynyň ilkinji mugallymlarydyr. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda şeýle teswirlenilýär: «Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri – beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler. Bu heňňamlar aýlanyp, ýaradylyşa mahsus üýtgewsiz kada diýilse, dogrudyr». Milletiň geljegini kesgitleýän kämil nesli kemala getirmek eneleriň esasy wezipesidir. Ene perzendine kükreginde gaýnaýan hem galkynýan täsin güýjüni, zehin-yhlasyny, mähir-söýgüsini bagyş edýär. Umyt-hyýalyny çagasynyň görüm-göreldesinde, bagtyýarlygynda görmäge synanyşýar, çünki ene mähir çeşmesidir.

HAL­KA­RA MAŞ­GA­LA GÜ­NI

Hal­ka­ra maş­ga­la gü­ni BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 1993-nji ýyl­da dö­re­dil­di we her ýy­lyň 15-nji ma­ýyn­da bel­le­nil­ýär. Ol köp ýurt­lar­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, iş­jeň bel­le­nil­ýär. Dün­ýä döw­let­le­ri bi­len bir­lik­de maş­ga­la gym­mat­ly­gy­na, akyl we be­den taý­dan sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek­li­ge bi­ziň ýur­du­myz­da hem aý­ra­tyn uly üns be­ril­ýär. Se­bä­bi maş­ga­la ada­myň ýa­şa­ýan jem­gy­ýe­ti­niň iň mö­hüm bö­le­gi­dir. Şo­nuň üçin adam­lar maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­ny ös­dür­me­li. Jem­gy­ýet­de uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ne­sil­le­riň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga we ýe­ke ýa-da köp adam to­pa­ryn­da däl-de, has go­wy şert­ler­de ýa­şa­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän bir bi­te­wi bag­la­ny­şy­gy gol­da­mak eme­le gel­di.

Gowgaly ýyllaryň şaýady

Türkmengala etrabynyň Rehnet geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogulnäzik Çaryýewa hem Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň çagalarynyň biri. Ol 1930-njy ýylda dogulýar. Ýaňy aga-gara düşünip ugran Ogulnäzik uruş ýyllarynda özünden ulularyň çaýyny gaýnadyp, goş-golamyny götermäge kömekleşipdir. Bugdaýa, gowaça suw tutmaga, orak ormaga, döwek döwmäge, pagta ýygmaga gatnaşypdyr. Birneme ulalyp, gazy gazmak, bugdaý ekmek, harman sowurmak ýaly işlerde taplanypdyr. Gündizlerine kolhozda zähmet çekse, gijelerine jorap, ellik örmek, keşde çekmek ýaly işler bilen meşgullanypdyr. Pelteli çyranyň yşygyna tikin-çatyn, örme işlerine gümra bolup, gijelerini urşa giden doganynyň ýeňiş bilen sag-aman dolanyp gelmegini dileg edip geçiren Ogulnäzik daň agarandan işe ugrapdyr.

Çaga — maşgalanyň bagty (durmuş pursatlary)

Halkymyz çagaly öýi döwletli ojak hasap edýär. Çaga hakynda söz gozgalsa, şahyryň: Owal-ahyr bagt bar bolsa dünýäde,Ol çagalaň mährem dideleridir

Millilige sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen döwletiniň mizemez esaslaryny berkitmekde, demokratik ýörelgeleri kämilleşdirmekde, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirmekde giň göwrümli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, türkmen maşgalasynyň agzybirligini, jebisligini we berkligini gazanmakda, şeýle hem çagalaryň doly maşgalada terbiýelenmegini üpjün etmekde yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň guramagynda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiniň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Ýokary kazyýetiniň, Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat düzümde döredilen iş toparynyň ýerlerde bolup, gelin-gyzlaryň arasynda geçiren wagyz-nesihat işleri hem bu ugurda ähmiýetli boldy. Ahal welaýatynyň etraplarynda hem-de Tejen şäherinde geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary netijeli häsiýete eýe boldy. Halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar, maşgala agzybirligi, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek b

Baýramlar seresi

Bir akyldaryň: «Remezan aýy sogap sährasynda gögeren bir äpet daragt mysalydyr. Onuň her şahasy, her ýapragy, barly miwesi — sogapdan ýasalandyr. Birini ýolsaň, ýerine onusy dörär» diýmegi Oraza aýynyň sogaplarynyň soňsuzdygynyň güwäsidir. Remezanyň Arşdan Zemine sogap nury ýagýan gijesi — Gadyr gijesi külli musulmanyň durmuşynyň mübärek pursatlarydyr. Çünki bu gije müň aýdan haýyrly saýylýar. Allatagalanyň Gurhany inderen gijesinde uklaman, ýagşy dilegler edip oturmagyň özi-de ynsanlaryň kalbyna nur çaýýar. Bu gijede berjaý edilen ybadatyň, haýyr-sahawatyň sogaby beýleki müň aýyň dowamynda edilen ybadatlaryň, haýyr-sahawatlaryň sogabyndan üstündir. Şonuň üçinem her bir ynsan ýakynlarynyň, il-günüň, Watanyň abadanlygynda iň ýagşy günleriň ýaran bolmagyny dileg edýär.

Zeminiň ýaraşygy

Mähriban halkymyz enelere uly sarpa goýýar. Hormatly Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda şeýle sözler bar: «Enelerimiziň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly. Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar. Eneler iliň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar». Bu setirlerde hormatly Arkadagymyzyň enelere goýýan hormatynyň çäksizdigini görmek bolýar. Ýurdumyzda köp çagaly enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly atlar dakylýar. Eneler bu dünýäniň barlygy, Zeminiň ýaraşygy. Munuň şeýledigine biz çaga wagtymyzda enelerimize bolan söýgümizde, ene bolanymyzdan soň hem perzentlerimize bolan söýgümizde görýäris. Perzent ynsan ömrüniň bezegi, ata-enäniň hem dowamatydyr. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň Watana wepaly bolup ýetişmeklerinde hem enäniň orny diýseň uludyr. Eneler watansöýüji, terbiýeli, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirýärler. Ösüp gelýän nesil üçin iň esasy zat, ene ýüreginiň ýylylygydyr, ene mähriniň söýgüsidir.

Edepli-erkanly mylaýymzada...

Gözelligi goraň, söýüň, eý görüň! Könelerimiz: «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de — bizini» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Maşgalada gyz çaga ejesiniň her bir hereketini gaýtalap, ulaldygysaýy eneden görüm-görelde alýar. Şol sebäpli ene üçin gyz çaganyň terbiýesi örän möhüm mesele bolup durýar. Çünki, gyz perzent ýetişensoň kişi maşgalasy bolup, bir ojagyň mukaddesligini goramaly. Şondan soň ene gyz perzendine beren terbiýesiniň, ýagny, eken bagynyň miwesiniň hözirini görmeli.

Gijäniň serweri — Gadyr

Remezanyň Arşdan Zemine sogap nury ýagýan gijesi ‒‒ Gadyr gijesi külli musulmanyň durmuşynyň mübärek pursatlarydyr. Allatagalanyň Kurany inderen, müň aýdan haýyrly saýylýan Gadyr gijesinde uklaman, ýagşy dilegler edip oturmagyň özi-de ynsanlaryň kalbyna nur çaýýar, birek-birege mähribanlaşdyrýar. Bu gijede berjaý edilen ybadatyň, haýyr-sahawatyň sogaby beýleki müň aýyň dowamynda edilen ybadatlaryň, haýyr-sahawatlaryň sogabyndan üstündir. Şonuň üçinem her bir ynsan ýakynlarynyň, il-günüň, Watanyň abadanlygynda iň ýagşy günleriň ýaran bolmagyny dileg edýär. Magtymguly Atamyzyň: «Bir ýagşylyk kylar bolsaň, imanyňa sogap bolar» diýşi ýaly, ähli musulman ymmatynyň tutýan orazalary, eden haýyr işleri, mübärek Gadyr gijesinde etjek doga-dilegleri Hak dergähinde kabul bolsun!

«Güller solmaz!» diýip, ynandyr meni

«7/24.tm», №17 (100), 25.04.2022 «Kämahallar durmuşda bagtly ýaşamak üçin esasy zat nämekä?» diýip, pikir edýäris. Ähli zadyň başy ynamdan başlanýan bolsa gerek. Çünki söýgi-de ynamdan başlanýar. Ýigrenjem ynamyň synmagy bilen döreýär. Diýmek, ynam ähli duýgularyň döremegine-de, ýok bolmagyna sebäp bolýar.

Maşgala mukaddesligi

Agzybirlik türkmeniň aslyndan gaýdyp, onuň maşgala ahlagyna we medeniýetine mäkäm ornaşandyr. Özara düşünişmek, birek-birege geçirimlilik, ylalaşygy tapmak agzybir gatnaşyklaryň esasy aýratynlyklarydyr. Agzybir maşgalalardan düzülen jemgyýet sagdyn jemgyýetdir. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň gülläp ösmeginiň iň esasy şertidir. Türkmeniň maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan miras galan mertlik, namysjaňlyk, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelen edeplilik, mylaýymlyk, asyllylyk, wepalylyk ýörelgeleri bar.

Dünýämiň manysy, käbäm!

Durmuşda duş gelýän ähli pursatlar bizi täzeden-täze wakalary bilen begendirýär. Edil durmuşda hiç hili tötänligiň bolmaýşy ýaly, wakalarda hem ynsan üçin bihal hajatlar bolmaýar. Hawa, dürli-dürli pursatlar bize şatlykly wakalaryň golaýdadygynyň buşlukçysy bolup gelýär. Meniň aňyma ornan bu pursat welin, entek hiç bir ynsany biparh goýan däl bolsa gerek. Bu, megerem, pursatlaryň iň datlysy hem ýakymlysy bolmaly. Çünki munda demiň enä sary atygsaýandyr, ýürek hem diňe ene diýip urýandyr, pikirleriň ejeň bilen boljak täze duşuşygy saldarlaýandyr. Gözleriňde ene keşbi, kalbyňda enä söýgi köreýändir. Sen bu wagt hiç haçan ganylmadyk we indem ganylmajak mähre sary şaýlanýansyň. Sen hem-ä howlugýansyň, hemem bu pursadyň goýnunda melulsyň. Hyýalyň mähriban käbäň bilendir, gadamlaryň eýýäm atasy öýüňe tarap ugur alýandyr, özüň bolsa diňe ene didaryna ýetmegiň höwäsindesiň.

Tudana

Ejem maňa hamyla bolup, aş saýlanda göwni tudana küýsäpdir. Özem, gara reňklisini. Ýogsam, gapymyzda ullakan peýwendi tudy-da bardy. Onuň miwesini soň özümem kän iýipdim. Her biri başam barmagyň bogny ýaly, bal tagamlydy. Ol döwürler obada her öýde diýen ýaly ýüpek gurçuklary idedilerdi. Onsoň, meýdanda tut agajy galjakmy diýsene?! Iýmişi bişip ýetişmänkä her kim onuň ýapraklaryny kesip almak bilen, gurçugyny doýurmagyň aladasynda. Ýüpek gurçugynyň işdäsinem ony idedip görenler bilýändir. Ynha, onsoň, kakam ilki oba arasyny, soňra-da ekin meýdanlaryny aýlanyp, gara tudananyň gözlegine çykypdyr. Elinde-de gyz doganymyň kiçijik bedresi diýýär. Aýlanyp-aýlanyp, ahyr tudanalary gijäniň tümlügini monjuk edinen ýaly şar gara reňkli tut baldaklaryny birýandan kesip başlan hojalygyň üstünden barypdyr. Kakam: «Men size tutuş bir peýwendi tuduň ýapragyny kesip, öýüňize-de eltip bereýin. Ýöne maňa şundan ýekeje şaha galdyryň» diýip, ýalbarýan äheňde ýüz tutanmyş öý eýesine. Öý eýesi kakamyň näme diýjek bolýanyna ilki düşünmändir. Ýagdaýy bilensoň bolsa, sogap üçin bir şaha däl, üç şahany kakamyň ygtyýaryna goýupdyr. Kakam bedrejigi gara tudanadan dolduryp öýe girende, ejem şeýle bir begenipdir, häki bedräni bir oturanda boşadaýypdyr.

Gaýynekeji

Durmuşyň ötlem-ötlem ýollarynda biziň ýagşy ýatlamalarymyz ýaşaýar. Hanha, bigam çagalygymyz iň şadyýan duýgulary bilen jyklaýar. Hyýalbent ýetginjekligimiz gözellik uçarynda dünýä syýahat edýär. Ulugyzlygyň tereň duýgulary, gelinlik dünýäsiniň gizlin syrlary iň ýakymly pursatlary bagyş edýär. Eje, ene bolmagyň uçursyz bagtyna bolsa, taý geljek hiç bir zat ýok. Durmuşyň maşgala atly mukaddes ojagynyň daşynda elmydama ata-ene, eje-kaka, gaýyn-gelin, baldyz-ýüwürji, elti-gaýynekeji ýaly ýüregimize iň ýakyn ynsanlar söhbet kylýarlar. Käte şeýle süýji gürrüňleriň arasynda ýaş gyzlaryň ady tutulsa, «Çykan gyz çygdan daş» diýýärler. Öň şu öýüň «ody bilen girip, küli bilen çykan», indem durmuşa çykyp baran öýüne mähir-muhabbet paýlaýan, uzak ýollaryň menzilini külterlemäge goşulan gyz maşgala önüp-ösen öýüniň myhmany hasaplanýar. Şol sebäpli-de: «Degmäň gyzyň göwnüne, myhmandyr, göçer gider» diýýärler. Gyza «sawçylyga gelen kyrk kişiniň biriniň nesibe ýyldyzyna dönüp,  bagt asmanyna göterilse-de», göwni-karary atasy öýünde galýar. Ykbalyny ynananyndan başga hiç biri bilen öwrenişip ýetişmänsoň, ýaş gelniň bikarar ýüregi atasy öýüni küýseýär. Ol aram-aram atasy öýi haýsy tarapda bolsa, şol ugra delmiripler seredenini duýman galýar. Oba içine çykanlaryň ýakynlarynyň biri-ýarymy ötende-geçende idäp durýar. Bolmanda, toýda-märekede ezizleriniň birini görüp, onuň kalby aram tapýar. Ýö

Eje bolmak...

Dünýäde «eje bolmak» diýen «hünär» bar. Eneke, terbiýeçi ýaly kärler oňa has ýakyn görünýän hem bolsa, eje bolmagyň özüne ýetik uly jogapkärçiligi bar. Bu jogapkärçiligi men tas togsany tegelän enem, altmyşdan geçen kakam bir uzagrak ýere günin gitse-de, tä öýe sag-aman dolanýança uklap bilmän, garaşyp oturýan pursatlarynda görýärdim. * * *

Peýdaly maslahatlar

Derä çümen islendik tikeni, hatda iň kiçijigini hem çykarmaga kömek edýän bir usul bar. Şeýle usul bilen ony çalt we agyrysyz aýryp bolýar. Ilkinji kömegi bermek üçin gerekli zat kiçijik çüýşe gaby. Bu gabyň içini bug ýa-da gyzgyn suw bilen gyzdyryp, deriniň tiken çümen ýerine berk ýanaşdyrmaly. Çüýşe gabyň içinde basyşyň emele gelmegi bilen deriden tikeniň öz-özi çykýar. Adatça, bu usulyň netijesini görmek üçin bäş sekunt ýeterlikdir. Eger birinji synanyşykda tiken çykmasa, bu usuly gaýtalap bilersiňiz. * * *

Öý bikesi öwrense...

Ýeralmaly heýgenek Gerekli önümler:

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2022-nji ýyl Maý

1.HAMAL (Guzy 21.03—20.04) Maý aýynyň ilkinji günlerinde hamallar wakalary öz ugruna goýbermeli. Şeýle etmek bilen olar meýilnama esasynda amala aşyrmak isleýän işlerini şowly ýerine ýetirip bilerler. Bu döwürde hamallara tygşytly bolmak maslahat berilýär. Ýakynlaryňyza sowgat bermek, bile naharlanmak, gezelenje çykmak olar bilen gatnaşyklaryňyza oňyn täsir eder. Şeýle-de aýyň dowamynda hamallara garaşylmadyk pursatlar garaşýar. Tomus paslynyň öňüsyrasynda ähli işleriňizi talabalaýyk ýerine ýetirseňiz, tiz wagtdan dynç alşa çykyp bilersiňiz. Bu aýda jaý satyn almak isleýän ýa-da onuň gurluşygyny meýilleşdirýän hamallaryň başlangyçlary rowaç alar.

Jemgyýetiň jebisligi

Döwletiň we jemgyýetiň esasy sütüni maşgaladyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda her bir maşgalanyň bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Maşgala binýadynyň berkligi, ilkinji nobatda, maşgala agzalarynyň agzybirligine baglydyr. Berk binýatly agzybir maşgalalar jemgyýetiň berkligine uly täsir edýär. Şonuň üçin-de maşgala mukaddes hasaplanylýar hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk namalary esasynda goralýar we ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär.