Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ümmülmez dünýänem saňa deňeýän

Öňem bir akyldardan «Dünýä nirden başlanýar» diýip soranlarynda akyldar: «Dünýä eneden (enäniň gujagyndan) başlanýar» diýip jogap beripdir. Dogrudan-da, her bir çaga doglanyndan, ilki bilen, enäniň gujagyna berilýär, enesini görýär, ak süýdüni emip, mährem hüwdüsine maýyl bolup, ýatýar. Enesiniň söýgüsinden kemal tapyp ösýär, ulalýar. Ene söýgüsinden kemal tapan çagalar bu ajaýyp dünýä bilen kem-kemden tanşyp, ile goşulyp gidýär. Ýaşaýşyň gönezligi bolan eneler mydama çagalarynyň ilhalar, zähmetsöýer, gowy adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Eneler hemişe, hemme wagt, çagalaryna öwüt-nesihat berýär, olara älem gowulyklaryny arzuw edýär. Eneleriň öwüt-nesihatlary, päk arzuwlary, doga-dilegleri bizi durmuşyň päk ýoluna atarýar. Durmuş ýolumyzda ýagty şamçyrag bolup durýar. Halk arasynda «Enäniň basan basgançagynda balasy awunmaz», «Enäniň öpen maňlaýyna dert gelmez», «Enäniň öpen maňlaýy, balasyna bagt islär durarmyş» diýen aýtgylar ýörgünlidir. Ynsan üçin ene hüwdüsi, ene söýgüsi iň beýik mukaddeslik hasap edilýär. Enäniň ýüzünde dünýäniň nury, sözünde dünýäniň düri, bakyşynda dünýäniň mähir-muhabbeti, ýüreginde bolsa dünýä ýaly giň we müdimi söýgi bar. Şahyr ony şygrynda:

Salam, bahar!

Salam, serwi kamatly, elwan köýnekli, gülgün ýaglykly «biri ýaşyl, biri sary, biri al» älemgoşarly, şahyr aýtmyşlaýyn: «edepli-ekramly, gunduz goşarly» bahar! Hoş geldiň, biziň illere! Biziň görke, gözellige baý, dünýäniň gyzgyn ýüregi ýaly gürsüldäp urup duran gadymy hem müdimi Garaguma — gyzgyn gonalgamyza, ýaşyl ýaşalgamyza! Sen nurly Güneşiň, mylaýym mähriň bilen ynsanlaryň kalbyna ýagşylyk, ýagtylyk eçil, köňüllere güneş bolup çaýyl, adamzat ählini iň kämil, iň tämiz, iň nurana duýgularyň bilen baharlaşdyr. Baharyň buşlukçysy bugdaý damjalar «ös, saçym, ös, bilime guşak» diýip, oýnap ýören güneş gulpaklyja gyzjagazlaryň aýasyna seçelensin. Goý, türkmen sährasynda baky solmaz köz-köz gülälekler, al-al çigildemler, elwan läleler bark ursun, ýuwa, ýelmik bol bolsun, ýaşyl ýylaklar ýüwrük ýellere ygşyldasyn, selmeler parç bolsun, ýaşmakly gelin kömelekler ýer astyndan jyklap, bahar güneşine sary ymtylsynlar, maýsaly meýdanlar gözüňi dokundyrsyn, baglar pyntyk ýaryp, erikleriň, alçalaryň... pyntyklary ak patrak bolup açylsyn, aňrysyna göz ýetmeýän çaga umytlary ýaly biserhet ýaşyl ýaýlalar toý lybasyny geýsin, gözelligiň göz görmedik güwäsi, päkizeligiň peýker perişdesi hasaplanýan başýuwluga saçyny ýuwan gyz bütin beýik barlykdan bidin ýürekden eý görýän çopan ýigidini ýatlap:

«Çaga eziz, edebi ondan-da eziz»

Öňem bir dananyň aýdyşy ýaly, dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da taglymat bar. Çaga terbiýesi hakynda hem her kim öz pikirini öňe sürýär. Milli ýörelgelerimize uly ähmiýet berýän halkymyz çaga terbiýesinde hem ata-babalarymyzdan gelýän düzgün-kadalara berk eýerýär. Perzentleriniň il içinde abraýly, mertebeli, watansöýüji çagalar bolup ýetişmegi ugrunda ähli aladalary edýär.

Ejemiň nurana ýüzi

...Ene — ol mähribanlygyň iň kämil nusgasy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz özüniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda mähriban enelerimiz hakynda şeýle ýazýar:  «Ene diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe söýgi diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçin hem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka dünýämiz doludyr».

Zenanlaň bagtyndan gülleýär Watan

Eneleriň bagtyndan Watan gülleýär. Çünki enäniň hüwdüsinde egsilmez watançylyk söýgüsi, halkyna wepadarlyk duýgusy möwç urýar. Dünýäniň manysy, ýaşaýşyň belent mukamy enäniň pessaýja ýaňlanýan şirin hüwdüsinde jemlenendir. Eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Zeminiň göwher täjine deňelýän zenanlarymyzyň syýasatda, adalat, kanunçylyk ulgamynda, döwlet dolandyrylyşynda, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşynda bitirýän hyzmatlaryna diýseň uly baha berilýär hem-de mähriban zenanlarymyz ýokary derejeli döwlet sylaglary bilen yzygiderli sylaglanýar, olara hormatly atlar dakylýar. Eneligi we çagalygy goramak boýunça bahasyna ýetip bolmajak beýik işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, hormatly dynç alyşdaky mährem enelere, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli düzümlerde zähmet çekýän gelin-gyzlara, talyp, okuwçy gyzlara, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara hem pul sowgatlarynyň gowşurylmagy bagtyýarlykdan, mizemez döwletlilikden nyşandyr. Arkadagly Serdarymyzyň Permanyna laýyklykda, bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, zenanlarymyzyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dak

Ene mähri

Ene mähri, ene söýgüsi hakynda ýazylan eserleri okanyňda, enäniň keşbini nakgaşçylyk eserlerinde göreniňde kalbyňa mydama nuranalyk çaýylýar. Çeper filmlerdäki, spektakllardaky aktrisalaryň ene keşbini janlandyrýan pursadyna tomaşa edeniňde, olaryň ýerine ýetirýän sahnasyna bütin durkuň bilen berilýärsiň. Hatda ýolda-yzda perzendi bilen gezim edýän mährem gelinleri göreniňde hem enelik mähriniň, söýginiň asuda, bagtyýar dünýäsine aralaşýarsyň. Elbetde, bu ýagdaýyň sebäbi enäniň perzendine bolan söýgüsiniň bize mydama derkarlygyndan gelip çykýan bolsa gerek. Enäniň söýgüsi perzendiniň ömürbaky hemrasydyr, hemdemidir, ýaranydyr. Çünki käbämizi ýatlanymyzda, biziň durkumyzy şobada mähremimiziň söýgüsi gaplap alýar. Onuň mähriban keşbini göz öňüne getirýäris, mährem ellerininiň ýylysyny duýýarys, perzendini görende begenjinden gülýän gözleriniň şöhlesine çoýunýarys, mähir-aladasyny penalaýarys. Ene söýgüsini kalpdan, ýürekden hiç bir güýç daşlaşdyryp bilmeýär.

Edebi çeşmäm — ebedi çeşmäm...

Dünýä içre mukaddeslikler hakynda söz açylsa, şolaryň biri köňül törümizde öçmejek nur saçýan mähre ýugrulan mähriban enelerdir. Men ejemli günleriň ýatlamasyna dolan wagtym özümi diýseň bagtly duýýaryn. Ejemiň gündelik hojalykda edýän işlerini, tikin tikip, dokma dokaýşyny, çörekdir nahar bişirişini çaga bilesigelijiligi bilen synlaýanym ýaňy ýalydy. Her bir işde ejeme meňzäsim gelýänim, onuň hereketlerini höwes bilen gaýtalaýanym häzirem ýadymda. Ejemiň milli däp-dessurlarymyza, sungata, döredijilige bolan hormaty diýseň uludy. Heniz mekdep okuwçysy döwründe türkmen dessanlarynyň birnäçesini, ýazyjy-şahyrlaryň ýazan eserlerini okandygyny ejem höwes bilen gürrüň berýärdi. Ol maňa-da yzygiderli okamagy ündärdi. Seredip otursam, ejem janyň aýdanlarynyň ählisi derde derman eken. Indi-indi sähel ýadawlyk bassa ýa-da namedir bir zada gamlansam, kitap okap bar ünji-aladamy zym-zyýat edýärin. Durmuş tejribesini toplan eneleriň geçen ýoly bize nusga. Ejemiň: «Göwnüňe deglen ýagdaýynda-da jogap bermegin, gyzym, göwün Käbedir!» diýen wesýetem ömrüme ýol görkeziji çelgim bolupdy. Bu gylyk-häsiýetime öwrülen endigim iň dogry ýol bolup, köp ýerde mertebämi artdyrypdy.

Enemiň ýanlygy

Gün dyzboýy dagy belentlige galyberipdi. Enem saba bilen işe giden ejemiň sygyr sagyp çüýşe gaplara guýan süýtlerini bişirip, gatyk basyrmaga hyýallandy. Menem enemiň her bir hereketini synlap, hamala durmuş sapagyndan synaga taýynlanýan ýaly, dylym-dylym edip seredip durdum. Birneme wagt geçensoň, enem basyrylan süýtleri barlaşdyrdy. Gatyga öwrülip mazaly taýynlygyny anyklansoň, gök çaýdan nepesini durlamaga oturdy. Soň welin, ýanlyga guýan gatygyny ýaýyp başlady. Onuň elleriniň çalasynlygy aýdar-diýer ýaly däldi. Işe çulum bolansoň, hele-müçük zada göwni ýetibem duranokdy. Şonda men ýanlyk hakda oýlandym. Eneme sowally nazarymy dikip: «Ene, ýanlygy nädip ýasaýarlar?» diýdim. Wagtal-wagtal çeträk çekilip, maňlaý derini sylýan enem sowalyma jogap berdi: «Geçi derisinden taýynlanýar, balam. Munda ýaýylan gatygyň tagamyny hiç bir zat bilen deňäp bolmaz!»  Hawa, el senedi bolan ýanlyklar hakykatdanam, halkymyzyň milli mirasynyň genji-hazynasy. Olarda toşap hem saklap bolýan eken. Enemden ýanlyk barada diňe käbir zatlary bilip ýetişdim. Ol kalby şahyrana aýal bolansoň, islendik el senedine dahylly aýdymdyr goşgy bentlerini köp bilerdi. Ýanlyk barada-da ol şeýle diýipdi:

Nädip höweslendirmeli?!

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryňdyr ylmy işleriň awtory, psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam etdirýäris.

Gelip dur ataň öýüne...

Durmuş diýlen zat köplenç ynsanyň isleg-arzuwlaryndan has başgaça «sowgatlary» taýýarlagan bolýar. Özüňi bilip ugranyňdan döräp başlaýan ýönekeýje islegleriň soňlugy bilen belent-belent maksatlaryňa ulaşyp gitmesi adaty bir zat. Emma bu ýerde adaty däl başga bir zat bar, ol hem şol belentliklere ýeteniňden soň seniň baş baýlygyň, esasy beýikligiň hol gözbaşda galanlygyna akyl ýetirmekdir. Guşlaryň jüýjejikleriniň ganat biteninden höwürtgelerini terk edip gidişleri ýaly, biz hem aň-düşünjämiziň arzuwlarymyzyň yzyna düşüp ugradygy dogduk öýümizden has uzaklary nazarlap ugraýarys. Okuw, iş, durmuş..., garaz, bahana gyt däl. Emma bu günki gürrüňini etmek isleýän ýagdaýymyz başgaça, öz islegimiz bilen hem bolsa, biraz ýüregiňi gyýýan ýagdaý, ýa-da öz islegiň garşysyna hem bolsa, hökmany bolaýmaly durmuş ýagdaýy.

Nepis gülli nah ýaglyk

Durmuş gämisini kürekläp barýan ynsan ýatda galyjy ýakymly wakalaryň, pursatlaryň şaýady bolýar. Az wagtlyk dowam eden şol pursatlary ýygy-ýygydan ýatlaýar. Şol gün ejem ýanyna çagyryp: «Gyzym, ine, şu ýaglygy dükandan seniň üçin satyn aldym» diýip, gülli nah ýaglygy ýylgyryp maňa uzatdy. Şоl pursat mеni täzе ýaglyk däl-dе, ejеmiň ýylgyryşy özünе çеkdi. Ol ýylgyryş ejemi adatdakylardan has owadan, has näzik görkezýärdi. Bütin durkuny mähre ýugurýardy. Ýaglygy emaý bilen başyma daňyp: «Ýüzüňe örän oňat gelişdi, nesip etsin!» diýip, sowgadyndan göwnühoş halda, şol bir bolşuny üýtgetmän, ýene mylaýym ýylgyrdy. Ejеmiň halap alan ýaglygy maňa diýseň ýarady. Nepis gülli nah ýaglyk, meniň üçin gymmatly sowgatdy. Ýaglygy apalap sakladym. Käte toý-tomaşa daňnyp, ýene-de ýygşyryp goýýardym. Ýaglygy arzylap saklamagym ejeme-de ýaraýardy. Gowy saklananyndan bolsa gerek, könelmeg-ä beýlede dursun, ýaglygyň asla petem gaçanokdy. Bir zady ezizläp saklasaň ýyllaryň geçýändigine garamazdan, ol şol bir durkuny mizemän saklaýar eken. Sowgat edilenine ençe ýyl geçse-de, ýaglygyň şol täzeligidi. Bu ýaglyk ejem bilen bagly kän wakalaryň ýumagyny çöşleýärdi.

Zenan diýmek dünýedir

Türkmen halky maşgalany asyrlarboýy keramatly, mukaddes hasaplap gelipdir. Halkymyzda türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanyp gelinýär. Ine, şonuň üçin hem maşgala ojak, saçak bilen deň görülýär, mukaddeslik saýylýar. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, dowamlylygynda, ata-babalarymyzdan arkama-arka ýörelge bolup gelýän däp-dessurlarymyzyň, ynançlarymyzyň dowam etdirilmeginde türkmen zenanynyň uly orny bar. Türkmen ojagynyň agzybirligini, mukaddesligini, halallygyny saklap, gorap, dowam etdirip gelýän türkmen zenanlary häzirki döwürde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler. Ol zähmetiň aňyrsynda halallyk, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetler jemlenýär. Şol häsiýetler türkmen zenanyny mukaddeslik derejesine ýetirýär. Olar, ilki bilen, zenan edebiniň amal edilmegi esasynda döreýärler. Zenan edep hazynasy bolýar. Zenana uýat-haýa, päklik, mähremlik ýaly häsiýetler has hem ýakyn. Zenana mahsus bolan ýokardaky häsiýetleriň aýratynlyklary bilen bir hatarda, olaryň maşgala ojagyna bolan yhlasy hem ata-babalarymyzdan dowam bolup gelýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Men, köplenç, mährem käbämiň durmuş ýoly hakynda pikir edýärin. Käbämiň dürli döwürde düşen suratlaryny deňeşdirip görýärin. Olardaky tapawutlary ýyllar bilen däl-de, maşgala ojagyna siňdirilen yhlas bilen ölçemäge çalyşýaryn» diýip belleýär. Diý

Sylag-hormat ýerinde gyzyldyr

Adam ömrüniň manysy özüniň şahsyýet hökmünde ýaşaýandygyny we bagtyny öz adamkärçilikli sypatlary bilen gorap saklamagyndadyr. Bu, ilkinji nobatda, ynsanyň ene-ata bolan garaýşy arkaly ýüze çykýar. Ol, bir tarapdan, ata mukaddesligine goýýan belent sarpasyny äşgär etse, ikinji tarapdan, özüniň hut ata-enäniň pendi-nesihatlaryny ýörelge edinýändigini mälim edýär. Ata-ene hakynda bu buýsançly jümleler, ilki bilen, ynsanyň öz aslyna bolan buýsanjydyr we olary hormatlamagy nygtamagydyr. Aslyny sarpalamak we olaryň mertebesini goramak kämil şahsyýetiň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanyň kämilligi hakynda söz açýan «Kowusnama» kitaby muny şeýle beýan edýär: «...Sagdyn düşünjä görä, perzent öz barlygynyň sebäpkärine hormat we sarpa goýmalydyr, ol öz aslyna hem hormat, sarpa goýmalydyr, onuň asly bolsa ata we enedir». Ata-babalarymyzyň: «Ataňy göreňde akyl sora» diýen paýhasynda durmuş hakykaty ýatyr. Şonuň üçin çaganyň kemala gelmeginde enäniň terbiýesi bilen deň hatarda, atanyň terbiýesi hem derwaýysdyr. Ir zamanda bir häkim öz çagalarynyň terbiýesini aýalyna ynanypdyr. Gyzlary edepli, ekramly bolsa-da, ol oglunyň aşa bezenmek, üstesine-de, men-menlik etmek ýaly erkek adama gelişmejek häsiýete eýe bolandygyny eşidýär. Häkim ogluny ýanyna çagyrýar:

Şirin dilli mähriban ynsan (ýatlama)

Ol meniň Mährem daýzam. Ejem janyň ýeke-täk aýal dogany. Çaga wagtymyz tomusky dynç alşyna çykdygymyz, uludan-kiçimiz daýzamlara gezelenje gitmäge şaýlanardyk. Olaryň obasy biziň ýaşaýan şäherçämizden ep-esli uzaklykda — Amyderýa golaý ýerleşýärdi. Obanyň bir tarapy gür jeňňellikdi. Onda dürli guşlar bilen birlikde, janly-jandarlar hem bardy. Şonuň üçin daýzam bizi jeňňellige goýbermezdi. Daýzamlaryň öýi obada saýlanyp durdy. Ýaz paslynda daş-töweregi miweli we saýaly baglar, dürli güller bilen gurşalan howlynyň gözelligini görmäge göz gerekdi. Öňdenem gol doly maşgalanyň bizden başga-da mähellesi ýetikdi. Çünki daýzam diýseň myhmansöýerdi, eli çeper, süýji dilli zenandy. Tebipçilikden-de habarlydy. Obada saglyk öýi bolmansoň, ýaş eneler çagalary sähel dümewlese, ilki bilen, daýzamyň ýanyna alyp gelerdiler. El işini öwrenmäge gelýän ýaş gelin-gyzlar ümä üýşen ýalydylar. Daýzam olara keşde çekmegi, gaýma gaýamagy, haly-palas dokamagy, keçe basmagy öwrederdi. Daýzamyz biziň üçin ejemden soň mähriban ynsandy. Mährem diýseň mähremdi. Bardygymyz, ýekän-ýekän gujaklap, ogşap çykardy. Öýüň törüne geçirip, ilki çaý-çörek bererdi, saçak başynda saglyk-amanlyk soraşardy. Hatda mekdepde alýan bahalarymyz bilen-de gyzyklanardy. Tomus paslynda daýzamyň öýi hünärment mekdebi ýalydy. Üzüm dalbarynyň aşagynda goýlan ullakan agaç sekiniň bir tarapynda gelin-gyzlar keşde çekerdiler. Beýleki tar

Muny bilmek gyzykly

Dünýä halklarynda her ýylyň iýul aýynyň 11-ine «Şokolad güni» bellenilýär. Häzire çenli şokoladyň örän köp görnüşi döredilip, olar hili boýunça tapawutlanýarlar. Şonuň üçin alymlar her kimiň öz göwnüne ýaraýan belli bir şokoladynyň bolmagynyň şol adamyň esasy häsiýetlerini alamatlandyrýandygyny barlaglaryň netijesinde ýüze çykardylar. Geliň, olaryň käbirlerini agzap geçeliň. Gara şokolady söýüjiler öz gadyr-gymmatyny bilýän, liderlik ukyby bolan, ähli zady gözastynda saklamagy başarýan adamlar hasaplanýar. Olar kynçylykdan çekinmän, çalt ýeňip geçmegi başarýarlar. Adatça, durmuşda özlerini erkin, rahat alyp barýarlar. Olar üçin esasy zat, zähmet we onuň netijesi.

Ömürleriň öçmez çyragy, ene!

Işjeň oba habarçymyz, Kerki etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň mugallymy Ödegeldi Kulyýew bilen telefon arkaly gürrüňdeşligimizde uzak ýaşly eneleriň ykbaly, durmuşy we ömür ýoly bilen gyzyklanýandygymy aýdanymda, Ödegeldi pikirlenmezden: «Astanababada bir asyra golaý ýaşan Ogulmeýrem ene bar ahbetin! Özem, tüweleme, sagdyn, agtyk-çowluklaryna öwüt-nesihat berip otyr. Gelseňiz, öýlerine alyp baraýyn» diýdi. Ara salym salman, dessine ýol şaýymy tutmak bilen boldum. Kerki şäherine baranymda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa ýolbelet boldy. Ödegeldem suratçymyz. Garaz, üç bolup Astanababa obasyna tarap ýola düşdük. Amyderýany ýakalap oturan gadymy şäherden çykyp, Kerki — Türkmenabat awtomobil ýolundan barýan ulagymyz oba ilatynyň arasynda «Ýeke gümmez» diýlip atlandyrylan Abu-Ybraýym Ysmaýyl Muntasiriň aramgähiniň deňinden saga öwrüldi. Uzyn köçäniň ikiýan tarapyndan hatar bolup uzap gidýän ýaşaýyş jaýlarynyň birinjisinde «Ýaz Tylla köçesi» diýen ýazgyny okap, Arzuwyň ýüzüne soragly bakdym. Ol ýylgyrdy-da: — Ogulmeýrem enemiziň gaýynatasynyň adyny göterýän köçe-dä şu. Ýaz Tylla geçen asyryň 30-njy ýyllarynda bu ýerde oba sowetiň başlygy bolup işlän adam. Soňra ol 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gidip, gahrymanlarça wepat bolýar. Oba adamlarynyň milli gahrymany hatyralap, ýaşan köçesi

Ýüregimde döwrümize buýsanç bar

Bir dana: «Döwür ýurduň keşbini, biziň arzuwdyr hyýallarymyzy üýtgedýär. Diýmek, ol biziň ykballarymyzy-da özgerdýär» diýip, örän jaýdar belläp geçipdir. Dogrudanam, dünýä inmek ýa-da ýaşamak biziň ýazgydymyz bolup biler, emma nähili ýaşamalydygymyz welin, ýazgydymyz däl-de, saýlawymyzdyr. Men gürrüňümi uzak ýaşamagyň syryna syrykdyrmakçy. Häzirki döwürde ýaşlar bilen bir hatarda, ýaşuly neslimiz hem eşretli zamananyň hözirini görüp, asuda, parahat durmuşda ýaşaýar. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Nowruz obasynda ýaşaýan 97 ýaşly Täçsoltan Gaýypowa-da bagtyýar eneleriň biri. Täçsoltan enäniň çagalyk ýyllary 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelipdir. Onuň bir dogany şol uruşda wepat bolýar. Ol obalaryndaky mekdebi tamamlandan soň, kärendeçilik bilen meşgullanypdyr. Kämillik ýaşyna ýetende Gurbanmät atly ýigide durmuşa çykypdyr. Olaryň agzybir maşgalasynda 3 oglan, 6 gyz dünýä inipdir. Häzirki wagtda Täçsoltan enäniň 50 agtygy, 60 çowlugy bar. Men Daşoguz welaýatynyň keramatly topragyna zyýarata baranymda, Gurbanmät aganyň döwletli ojagynda myhman boldum. Şonda Täçsoltan daýzadan uzak ýaşamagyň syry hakynda soradym.

Gözelligiň syry

Çyn-Maçynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda hytaý zenanlary ýüzlerine ideg etmek üçin tebigy ýapgylary ulanyp gelýärler. Şonuň üçin hem olar biologiki ýaşyna garamazdan, juda owadan görünýärler. Olaryň ýapgylary taýýarlaýşynyň özboluşly aýratynlygy bar. Şeýle usulda taýýarlanan ýapgylar eýýäm ilkinji gezekde öz täsirini bildirip, derini arassalaýar, durlaýar we gurplandyrýar. Geliň, olaryň birnäçesi bilen tanyş bolalyň. Şeýle-de ýapgylaryň käbiriniň öý şertlerinde taýýarlanylyşyna ünsi çekeliň. Ýaşyl noýba. Noýbaly ýapgylary yzygiderli ulanmak ýüzüň ýygyrt atmagyna garşy göreşýär. Guradylan noýbadan taýýarlanylýan tozga ýüzüň öýjüklerini daraldyp, derini arassalaýar, ýumşadýar we iýmitlendirýär. Bu ýapgylar ýüzi çekdirip saklamaga ýardam edýär. Ýüzi nurlandyryp, sagdyn görkezýär.

Kofe içgisi: görnüşleri we taýýarlanylyşy

Durmuşymyzda her gün diýen ýaly içilýän esasy içgileriň biri-de kofedir. Kofäniň şähdiňi açýan ysy, lezzete baý tagamy adamy ýakymly duýgulara besläp, düzümindäki kofein fiziki hereketliligi ýokarlandyrýar. Meşhur kofe içgisiniň dürli görnüşleri bar. Ýöne olary nädip taýýarlap bolýar?! Geliň, olaryň käbiri bilen tanşalyň!

Öý bikesi öwrense...

Noýbaly tagam Gerekli önümler: