Gözellik we sagdynlyk
Halk lukmançylygynda limonyň ynsan saglygyna peýdaly häsiýetleri barada köp aýdylýar. Onuň düzüminde dürli kesellerden saplanmaga ýardam edýän limon we alma turşulary, pektin maddalary, kaliý, mis, demir, tiamin, magneziý ýaly witaminler bar. Ol, esasan, C witamine baýdyr. Lukmanlar limonyň immunitetiňi berkidip, gan basyşyňy sazlaýandygyny aýdýarlar. Sarygetirmede, beden boşluklaryna suw ýygnananda, inçekeselde, böwrekde daş dörände, aşgazan, bil, bogun agyrylarynda, guragyryda hem limon haýyrly hasaplanylýar. Lukmanlar limony gyş paslynda has-da köp iýmegi maslahat berýärler. Limonly bally çaý dümewiň, sowuklamanyň öňüni alýar. Şähdiňi açýar, işjeňligiňi artdyrýar, ýadawlygyňy aýyrýar. Limondan taýýarlanylýan turşy içgiler ýürek-damar kesellerinde, iýmiti siňdirmekde, böwrek we bagyr kesellerinde peýdaly. Süýjübaş, gijilewük ýaly deri kesellerini, ýüzüň derisindäki we kelläniň saçly bölegindäki ýag mäzlerinde döreýän keselleri hem limon şiresini çalmak arkaly bejerip bolýandygy barada lukmançylykda aýdylýar.