Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

BA­LYK — sag­dyn­ly­gyň hem­ra­sy

Biziň saglygymyz dogry iýmitlenmegimiz bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ýokumly maddalara baýlykda balyk etiniň orny uludyr. Balygyň adam saglygyna peýdasy barada Lukman hekim öz ylmy ýazgylarynda belläp geçipdir. Şonda ol göwresi kiçiräk balyklaryň we deňiz balyklarynyň has peýdalydygyny aýratyn nygtapdyr. Nerw dartgynlylygyndan yzygiderli ejir çekýänlere-de balyk iýmegi maslahat beripdir. Ol: «Ähli balyklaryň çorbasy aşgazany ýumşadýar» diýip hemişe nygtapdyr. Deňiz balyklary süýji suwdaky balyklara garanda has ýagly, omega-3, 6 maddalaryna we antioksidantlara baý bolýar. Bu balyklar aşgazanasty mäz üçin peýdaly bolan ýoda-da has baýdyr.

Saglygymyzy goralyň!

Möwsümleýin ýüze çykýan ýiti respirator ýokanç keselleriň  öňüni almak üçin şu aşakdaky  sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny berjaý etmek hökmandyr: — kesel dörediji wiruslar dem alyş ýollary arkaly bedene aralaşmaz ýaly, öýden çykanyňyzda, «Oksolin» melhemini burnuň nemli bardasyna çalyň;

Almanyň artykmaçlygy

Biz her gün bir sany alma iýmek arkaly öz ömrümizi üç ýyla çenli uzaldyp bileris. Alymlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we iýmitiň ynsan ömrüniň dowamlylygyna edýän täsirini öwrenmek boýunça geçiren ylmy barlaglary şeýle netijä gelmäge esas berdi. Barlaglar 49—79 ýaş aralygyndaky 25 müň adamyň gatnaşmagynda geçirildi. Alymlar her bir adamyň ýönekeý maslahatlary berjaý edende, öz ömrüne ýene işjeň we sagdyn on ýyly goşup biljekdigini anykladylar.

Lukmanyň maslahatlary

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edip, zyýanly endiklerden daş duruň! Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!

Döwrebap hassahananyň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berlen Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynda raýatlarymyza ýokary derejede, köptaraplaýyn saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrmaga, howply täze döremeleriň öňüni almaga, keseli irki döwürde anyklap, netijeli bejermäge ähli mümkinçilikler döredilen. Häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanyp gurlan 150 orunlyk bu hassahana birnäçe ýöriteleşdirilen bölümlerden ybarat bolup, olar dünýäniň iň kämil, innowasion lukmançylyk, tehniki enjamlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün edilen. Hassahanamyzyň lukmanlary ýurdumyzyň halkara derejeli hassahanalarynda, şeýle hem Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy klinikalarynda öz ugurlary boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadyryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen dürdäne setirlerinde beýan edilişi ýaly, başyň täjine deňelýän jan saglygyň hakynda aýratyn alada etmek derwaýysdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň we şahsy arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmek dürli keselleriň öňüni almakda wajyp bolup durýar. Gyş paslynda howanyň üýtgemegi, onda zyýanly tozanjyklaryň peýda bolmagy bilen, dürli keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar köpelýär. Bu möwsümde ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, arassaçylyga, kadaly we dogry iýmitlenmäge aýratyn üns bermelidir. Möwsümde ýüze çykýan dürli keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar daşky gurşawda durnuklylygy saklamaga ukyplydyrlar. Şol sebäpli hem öýlerde, otaglarda ýygy-ýygydan çygly süpürgiç bilen arassalaýyş işlerini geçirmeli, penjireleri açyp ýelejiretmeli. Mundan başga-da, otaglarda yzygiderli üzärlik tütetmeli. Daşardan, jemgyýetçilik ýerlerinden gelnenden soň, nahardan öň we soň, okuwçylar bolsa okuw esbaplaryny ulanandan soň, eller hökmany suratda sabyn bilen gowy ýuwulmalydyr. Sebäbi howply keselleriň aglabasynyň elleriň üsti bilen geçýändigini unutmaly däldir. Elleri dürli zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassalamaly. Arassaçylyk saglygyň girewidir, ony dogry we doly berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr.

Saglyk — beglik

•Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. •Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Ynsan saglygynyň aladasy

Welaýatymyzda «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat» ýaly häzirki zaman döwrebap şypahanalaryň hereket edýändigi, şolaryň ilkinji ikisiniň Bäherden etrabymyzyň çäginde ýerleşýändigi, häzirki taryhy döwrümizde olaryň sagaldyş-dikeldiş mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýetiň berilýändigi bizi diýseň begendirýär. Tamamlanan 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasyna iş saparyny amala aşyryp, onuň çägini giňeltmegiň, ylaýta-da, şypahanada täze binany gurmak, ozalky binanyň we Saglyk ýolunyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, mineral suwunyň mümkinçiliklerini ylmy esasda öwrenmek ýaly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirmegi, şonuň yzysüre hormatly Prezidentimiziň «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumyny gurmak boýunça degişli resminama gol çekmegi taryha giren buýsançly waka hökmünde ýatda galdy. Döwlet Baştutanymyzyň «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumyny gurmak bilen bagly kabul eden resminamasynyň gözbaşynda raýatlaryň saglygy hakdaky alada durandyr. Çünki halkymyzyň saglygyny bejermekde we dikeltmekde, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda şypahanalaryň uly ähmiýeti bardyr. Jana melhem suwy bilen il içinde meşhur bolan «Arçman» şypahanasy bu babatda aýratyn orun eýeleýär.

Sagdynlygyň gözbaşy

Häzirki döwürde ýurdumyzda ilatyň saglygyna, ekologiýa abadançylygyna hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kada öwrülmegine uly üns berilýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda saglygy goraýşy, ekologik düzgünleri, sport, bedenterbiýe we bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmekde, olary dünýä ülňülerine laýyk getirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamy howa şertleriniň durnuklylygy bilen bagly, adamyň saglyk ýagdaýyna baha bermäge mümkinçilik berýän kämil tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky aladasy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Eziz Diýarymyzyň ekologik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, köpçülikleýin bedenterbiýe, sport we olimpiýa hereketiniň üsti bilen sagdyn-durmuş kadalaryny ýaşlaryň arasynda has-da ýaýbaňlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Garaşsyz döwletimizde hormatly Prezidentimiziň sport we ýaşlar syýasatyny utgaşykly alyp barmak hem-de watansöýüji, sagdyn ruhly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bar

«Gara daşdan gara gyly saýlan göz...»

Ýurdumyzyň lukmanlarynyň we alymlarynyň öňünde goýýan wajyp meseleleriniň biri häzirki zaman innowasion usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak we ýaş lukmanlardan tejribeli hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Oftalmologiýa ulgamynyň ösüşinde halkara gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagynda döredilýän şertler göz kesellerini döwrebap bejermekde baý tejribe toplamaga ýardam berýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň binýadynda göz keselleri kafedrasynyň professor-mugallymlary oftalmologiýa ugry boýunça hünär tejribesini geçýän lukmanlara usuly we amaly kömek bermek bilen, esasan-da, ýaş hünärmenleriň hünär derejesiniň kämilleşmesine ýardam berýärler.

Saglyk — bahasyz baýlyk

Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýlup, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde, döwrebaplaşdyrmakda ägirt uly işler toplumlaýyn alnyp barylýar. Bu ulgamy öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur bolan döwrebap şertler döredilýär. Gysga döwürde paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda saglygy goraýyş we dikeldiş merkezleriniň köp sanlysy gurlup, olarda ilata ýokary derejede hyzmat edilýär. Tamamlanyp barýan şanly ýylda paýtagtymyzda birbada üç sany döwrebap lukmançylyk edarasynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň binalar toplumlarynyň düýbi tutuldy, häzirki wagtda bu gurluşyklaryň depginli dowam etdirilýändigi hem guwandyryjydyr.

Gyş: peýdaly maslahatlar

— Gyş paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli; — elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly;

Diýarymyz – sagdynlygyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda keselleriň öňüni almak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, anyklaýyş-bejeriş işlerini kämilleşdirmek, döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, derman senagatyny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň mekanyna öwrüldi. Ähli etrap-şäherlerde dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralary gurulýar we döwrebaplaşdyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, şu ýyl saglygy goraýyş ulgamyna Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdeleri goýberilip, saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesi gönükdirildi. Paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa merkezleriniň düýbi tutuldy. Ajaýyp Arkadag şäherinde bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 350 orunlyk köpugurly hassahananyň,

Saglyk hakynda sagdyn pikirler

Ir ýatyp, ir oýanmak ynsany sagdyn, baý hem akylly eder. Benžamin Franklin.

Sag başym – soltan başym

Botulizmden ägä boluň!

Botulizm — kesel döredýän toksiniň bedene düşmegi bilen ýüze çykýan, agyr geçýän ýokanç keseldir. Ol öý şertlerinde, gyşa taýýarlanýan gök önümleriň, miweleriň gaplanyş usullary dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda ýüze çykýar. Iýmit önümleri taýýarlanylanda, hökman arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Konserwirlenen bankalaryň gapyrjaklary çişen ýa-da reňki üýtgän bolsa, onda olary ulanmakdan saklanmaly. Gaplanan önümleri bir möwsümden köp saklamak maslahat berilmeýär. Saglygymyzy goramak öz elimizde. Ýyl aşan konserwirlenen iýmitleri iýmekden saklanmaly. Iýmit taýýarlanylýan ýeri hemişe arassa bolmaly. Aşhana gaplary, gazanlar, jamlar arassa ýerde, tämiz tekjelerde saklanmalydyr. Gap-gaç süpürilýän süpürgiçleri her gün ýuwup, Güne serip guratmalydyr. Jamlary we aşhana gaplaryny iýmit iýlen badyna ýuwup, gap-guradyjylara örmelidir. Iýmit önümleri näbelli şertlerde taýýarlanylan ýagdaýynda, gelip çykyşy näbelli bolan halatynda satyn almakdan, şeýle hem, söwda etmäge rugsat berilmedik ýerlerden iýmit önümlerini satyn almakdan saklanmalydyr.

Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Sag­lyk — baş baý­lyk, gym­mat­ly ha­zy­na. Ol hiç bir zat bi­len çal­şyp bol­ma­jak nyg­mat­dyr. Ýer ýü­zün­de sag­ly­gy­na de­rek dün­ýä ma­ly ber­len­de-de yla­laş­jak adam ta­pyl­maz. Di­li do­ga­ly ata-ba­ba­la­ry­myz sag­ly­gyň ga­dyr-gym­ma­ty­na go­wy dü­şü­nip­dir­ler. Şöh­rat­ly pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan däp­le­ri­miz­de, dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­miz­de mu­ňa aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Watan şudur, hassa bolan sagalar!

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Yn­san­la­ryň dur­mu­şyn­da hiç bir zat bi­len çal­şyp bol­ma­jak gym­mat­lyk­lar, baý­lyk­lar bol­ýar. Şo­la­ryň iň esa­sy­sy, se­re­si-de sag­lyk ha­sap­lan­ýar. Sag­lyk ada­myň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­na gö­nü­den-gö­ni öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän när­se­dir. Çün­ki di­ňe be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn adam­lar ýa­şaý­şa we dur­mu­şa hö­wes­li bol­ýar. 

Pasyl çalşygynda sagdynlyk ýörelgesi

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Adam sag­ly­gy dur­mu­şyň göz­ba­şy­dyr diý­sek ýal­ňyş­ma­rys. El­bet­de, adam sag­ly­gy­ny berk sak­la­mak esa­san ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin pa­syl­la­ra gö­rä ge­ýin­mek we iý­mit­len­mek örän wa­jyp­dyr.

Sportuň gyşky görnüşleri we olaryň saglyk üçin peýdasy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Gyşky sport görnüşleri garda ýa-da buzda oýnalýar. Bu sport görnüşleriniň köpüsi lyžada, konkide we sankide typmak arkaly amala aşyrylýar.