Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Öt ýollarynyň içki swişleriniň hirurgiki bejergisi

Nurmyrat KERIMOW, Nurmyrat KAKABAÝEW, Bahar ÇARYÝEWA Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi Öt daş keseli iň köp ýaýran keselleriň biri bolup, edebiýat çeşmelerinde bu kesel 10-15% ilatda duş gelýär. Mirizziniň sindromy (MS) we biliodigestiw fistula (BDF) öz içine «içki öt fistula» düşünjäni alýar, bu bolsa öt daş keseliniň (ÖDK) seýrek we giçki gaýra üzülmeleriniň biri bolup durýar. Duş geliş ýygylygy MS-de 0,3-1,4% we BDF-de 0,15-4,8%-e barabar ÖDK-den ejir çekýän näsaglaryň arasynda soňky döwür bu gaýra üzülme barha artýar.

Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş

Ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu baýram halkymyzyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaklyga bagyşlanan çäreleri öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem bütindünýä bileleşik bilen birlikde eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny dünýä ýaýýar» diýip belläp geçýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir sport maşklary, dürli sport ýaryşlarydyr bäsleşikler ýokary ruhubelentlikde geçirilýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Diýarymyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi bu ajaýyp senä uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş we sport ulgamlary döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar.

Saglykdan özge bagt bolmaz

Garaşsyz Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, ynsan saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň ýurdumyzda hem uly şatlyk-şowhun bilen bellenilmegi ösüşleriň täze belentlikleriniň sakasynda duran sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyň görkezýär. Bu sene parahatçylygy, dostlugy, sporty hem-de ynsanperwerligi rowaçlandyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkidýän şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sport baýramçylygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bütindünýä saglyk gününiň köpçülikleýin welosipedli ýörişler bilen utgaşdyrylmagy, sport bäsleşikleriniň geçirilmegi ýaly çäreleriň guralmagy il-günüň sagdynlygy, bagtyýarlygy ugrundaky edilýän aladalardan gözbaş alýar. Çünki sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgelerini öz içine alyp, halkyň sagdyn pikirli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär.

Di­şi­ňi­zi aýap sak­laň

Her bir adam öz agyz boş­lu­gy­na hem-de diş­le­ri­ne ese­wan bol­ma­ly­dyr. Çün­ki bu be­den gi­gi­ýe­na­sy üçin iň esa­sy zat­la­ryň bi­ri­dir. Ke­sel­län diş­ler wag­tyn­da be­je­ril­me­se, adam be­de­ni­niň iç­ki ag­za­la­ry­nyň ke­sel­le­me­gi­ne-de se­bäp bol­ýar. Di­şiň bir bö­le­gi aý­ry­lyp, düý­bün­de ki­çi­jik bö­le­jik ga­lan ýag­da­ýyn­da di­şa­gy­ry­dan ejir çek­ýän adam iý­mi­ti çeý­ne­män ýu­wud­ýar. Bu bol­sa ada­myň iý­mit siň­di­ri­ji ag­za­sy bo­lan aş­ga­za­na ag­ram sal­ýar. Ada­myň iç­ki ag­za­la­ry­nyň ke­sel­le­me­gi­ne za­ýa­la­nan diş­de sak­lan­ýan mik­rob­lar hem se­bäp bo­lup bi­ler. Şeý­le ýag­daý­la­ryň bol­maz­ly­gy üçin il­ki bi­len ka­da­ly ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy ber­jaý et­mek, dog­ry iý­mit­len­mek, be­de­ni tap­la­mak ze­rur­dyr.

Ýabany çowdary

Häsiýeti. Düzlük-dagetek we çöl derman ösümligi. Ýabany çowdary – däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 25-40 (60) sm birýyllyk otjumak wekili. Ösümlik ýaşyl reňkli. Köki gotazjymak. Baldagy esasyndan bölünen, azda-kände göni, inçe, sümmüliniň aşagy gür tüýlüje. Aşaky ýapraklaryň gyny tüýlüje, ýokarkylary – tüýsüz. Ýapragy inçe çyzykly, ini 2-3 mm, ýasy ýa-da azda-kände pytanak görnüşli, çylşyrymly, tüýsüz ýa-da aşakysy tüýlüje. Diljagazynyň uzynlygy, takmynan, 0,5 mm, mahmal kysymly.

Sorag-jogap

Ganyň gormonlara barlagyny geçirmeli «Dördünji çagamy bir ýaşa çenli emdirdim. Iki ýyldan soň göwüslerimde kiçijik çişler emele geldi. Lukman keselimi «fibrokistoz» diýip kesgitledi we bejeriş belledi. Bejerişden soň çişler aýryldy, ýöne göwsümden süýt çykyp başlady. Näme etmeli?».

Sagdyndygyňa göz ýetirmekçimi?

«Aýallar özünde süýt mäzleriniň howply keselleriniň ýokdugyna göz ýetirmek üçin nähili barlaglardan geçmeli?». Durdymuhammet PENAÝEW, Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň süýt mäzleriniň çiş keselleri bölüminiň müdiri:

«Peýdaly» bakteriýalar barada näme bilmeli?

Bilşiňiz ýaly adam bedeninde ýaşaýan we saglyga oňyn täsir edýän «peýdaly» bakteriýalar, şeýle hem dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna getirýän patogen bakteriýalar bardyr. Alym lukmanlaryň bellemegine görä, adam bedenindäki «peýdaly» bakteriýalar iýmiti siňdirmäge, ýokançlara garşy göreşmäge, hatda semizligiň öňüni almaga hem ýardam edýär. «Peýdaly» bakteriýalar bedene näme üçin gerek?

Möwsümleýin allergiýa

Tebigatyň düzgüni boýunça pasyllar çalşyp dur. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglar-düzler, ýagny ähli tebigat al-ýaşyl dona bürenýär. Möwsümleýin allergiýa ýylyň belli bir döwründe, has takygy, mart-iýun we awgust-oktýabr aýlarynda ýüze çykýar. Keseliň alamatlary

Infarktyň öňüni almak mümkindir

Miokardyň infarkty ýürek myşsasynyň nekrozy (jansyzlanmagy) bilen bolup geçýän agyr ýürek keselidir. Bu kesel koronar ganaýlanyşyň bozulmagy sebäpli öýjüklerde kislorod ýetmezçiliginiň ýüze çykmagynyň netijesinde döreýär. Häzirki wagtda dünýäde kardiologiýa ylmynyň güýçli depginler bilen ösýändigine seretmezden, miokardyň infarkty giňden ýaýran keselleriň biri bolmaklygynda galýar. Ol ähli ýürek-damar keselleriniň arasynda öňdäki orny eýeleýär. Munuň özi halk köpçüliginiň, aýratyn hem, miokardyň infarktynyň döremek töwekgelligi bar bolan adamlaryň bu keseliň öňüni almak boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny görkezýär. Bu makalada miokardyň infarktynyň döremeginiň sebäpleri hem-de onuň öňüni almagyň ugur-ýollary barada söz açylýar. Kesel näme sebäpden döreýär?

Derman haçan kömek edýär?

Syrkawlaryň birine oňyn täsir eden haýsydyr bir dermanyň beýleki birine peýdasy degmeýän halatlary duş gelýär. Munuň ilkinji we esasy sebäbi näsagyň lukman bilen däl-de, «peýdalydygyna hut özi göz ýetiren» başga bir syrkaw bilen maslahatlaşyp, öz-özüne «bejeriş bellemegi» bilen baglanyşyklydyr. Islendik bir derman ony kabul etmegiň düzgünleri berjaý edilende kömek edýär. Habarçymyz bu düzgünler hem-de olaryň bejerginiň netijesine täsiri barada gürrüň bermegi Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň baş lukmanyň orunbasary Mähri Çaryýewadan haýyş etdi. — Ilki bilen diňe lukmanyň degişli barlaglaryň netijesinde bellän dermanlaryny kabul etmegiň keseli bejermekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellemeli. Doly we dogry berjaý edilende näsagyň saglygynyň dikelmegine uly täsir edýän başga-da köp sanly düzgünler bardyr.

Çaganyň sagdyn ösmegi üçin...

Çaganyň dogulmagy maşgala durmuşynda dabaraly ýagdaýdyr, ene-ata üçin uly bagt we şatlykdyr. Körpejäniň dogulmagy bilen maşgalada köp şatlykly hysyrdylar köpelýär. Onuň boý we akyl taýdan ösmegi bir-biri bilen baglanyşykly hadysadyr. Perzendiň dünýä inmegi bilen oňa ideg etmek, terbiýe bermek, sagdyn ösmegini gazanmak ata-enäniň borjudyr. Munuň üçin çaga doglan gününden başlap onuň kadaly iýmitlenmegini we ideg edilmegini üpjün etmek möhümdir. Çaganyň sagdyn ösmegi üçin ilkinji şertleriň biri arassa elleriň bolmagy we çaga üçin ýyly gurşawyň berjaý edilmegidir. esasan hem çagany emdirmezden ozal arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmeli. Bäbekli otagyň temperaturasy 25-26⁰C bolmaly, çaga ulaldygyça öýüň temperaturasyny 22⁰C-a çenli peseltmeli. Otagyň çyglylygy 50-70%-de bolmaly.

Gan kesellerinden goranalyň!

Žurnalist Narjan Kasymowa Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki gan keselleri bölüminiň müdiri Zibagözel Amanowa bilen gan ulgamynyň howply keselleriniň biri bolan leýkoz barada söhbetdeş boldy. — Gany emele getirýän agzalaryň täze döremeleri «gemoblastozlar» diýlip atlandyrylýar. Olara leýkoz, limfogranulomatoz, howply limfomalar degişlidir. Gemoblastozlaryň iň köp duş gelýäni leýkozdyr.

Madda çalşygy bozulan bolsa...

Bedeniň ýaşamak ukybynyň esasynda alyş-çalyş hadysalarynyň (metabolizm) ýatandygy mälimdir. Metabolizm tebigatdaky ähli janly bedenlerde bolup geçýän, maddalaryň we energiýanyň bir görnüşden beýleki bir görnüşe geçmegi bilen häsiýetlendirilýän himiki hadysalaryň jemidir. Minerallaryň, witaminleriň, gormonlaryň, uglewodlaryň, ýaglaryň, beloklaryň we beýleki maddalaryň, energiýanyň alyş-çalşy, suw-duz, aerob (kislorodly), anaerob (kislorodsyz) çalşygy, öýjüklerdäki (aralyk) metabolizm bardyr. Dem alnanda kislorodyň kabul edilip, kömürturşy gazynyň daşary çykarylmagy, iýmitiň energiýa, suwuň dere öwrülmegi — bularyň hemmesi metabolizmiň mysallarydyr.

Böwrek keselleriniň öňüni almak

Çagalaryň arasynda böwrek kesellerinden iň köp duş gelýäni piýelonefritdir.Piýelonefrit — bu böwrek dokumasyna, ýumajygyna bakteriýalaryň, köplenç, içege taýajyklarynyň, stafilokoklaryň, enterokoklaryň we beýleki ýokançlaryň aralaşmagy bilen ýüze çykýan gaýnaglamasydyr. Piýelonefrit, esasan hem, 5-6 ýaşa çenli çagalarda köp duş gelýär. Bu ýagdaý kiçi ýaşly çagalarda böwrek peşew ýollarynyň anatomiki gurluşy bilen baglylykda ýüze çykýar. Aýratyn hem, bu kesel kiçi ýaşly gyzjagazlarda köp gabat gelýär. Kesel dörediji bakteriýalar böwrege peşew çykaryş ulgamynda, ýagny peşew haltada, peşew çykaryjy kanalda bar bolan ýokançlaryň ýokarlaýyn, şeýle hem beýleki ýokanç ojaklaryndan ganaýlanyşyň üsti bilen aralaşyp bilýärler.

D witamininiň ähmiýeti

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa» esasynda köp işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirmek wezipelerini öňde goýýan bu resminama döwletimiz tarapyndan ynsan saglygy barada giň gerimli aladalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. D witamini bedende birnäçe funksiýany ýerine ýetirip, süňkleri we dişleri sagdyn saklamaga, immun ulgamyny, nerw ulgamyny işjeňleşdirmäge, öýken, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär.

Şypaly «Farap»

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2010-njy ýylyň 21-nji iýulynda täze binasy gurlup ulanylmaga berlen «Farap» şypahanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 20 kilometr uzaklykda, Amyderýanyň sag kenarynda, Goýgala obasynda ýerleşýär. Bu ajaýyp şypahana 250 orunlyk bolup, 3 gatly binadan ybarat. Şypahananyň otaglarynda raýatlaryň rahat dynç almagyny üpjün etmäge degişli ähli amatly şertler döredilen. Bu ýere gelýänler üçin arassa howada dynç alyp saglygyny berkider ýaly, tomsuna suwa düşülýän howuzlar, basketbol we woleýbol meýdançalary, sport maşklaryny ýerine ýetirmek üçin dürli görnüşli trenažýorlar bar. «Farabyň» mineral suwunyň düzüminde D.I.Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky 32-den gowrak mikroelementleriň bardygy anyklanyldy. «Farap» şypahanasy anyklaýyş, bejeriş we mineral suw bilen bejeriş bölümlerini öz içine alýar. Şypahanada gastroenterolog, newropatolog, urolog, ginekolog, iç keseller, göz, stomatolog lukmanlary raýatlara öz ugurlary boýunça degişli maslahatlary we bejergileri berýärler.

Immuniteti ýokarlandyrmak üçin näme etmeli?

Elmydama çaganyň kesellere garşy bolan immun ulgamynyň işjeňligini güýçlendirmek we berkitmek jogapkärli wezipeleriň biridir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri çaganyň immunitetini ýokarlandyrmak üçin oňa köptaraplaýyn çemeleşmelidigini belläp geçýärler. Immun ulgamyny berkitmek üçin, esasan-da, şu aşakdaky maslahatlardan peýdalanmaly. ◊ Çagalaryň ýaşaýan, oýnaýan otaglarynda, üýşen ýerlerinde yzygiderli arassaçylyk işlerini geçirmeli. Çygly süpürgiç bilen otaglary we çagalaryň oýnaýan oýnawaçlaryny, olaryň peýdalanýan enjamlaryny süpürmeli. Wagtal-wagtal penjireleri açyp otaglary ýelejiredip durmaly.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 22-28-nji apreli aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeliginiň çäginde keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlary immuniteti pugtalandyryp, bedeni kesellere garşy göreşmäge, olaryň öňüni almaga ýardam edýär. Bu çäre ähli dünýä ýurtlarynda saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylandyr. ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibine laýyklykda geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlary sagdyn çagalarda geçirilýär. Sowuklap asgyrýan, üsgürýän, gyzdyrýan çagalarda ilki sowuklama garşy bejeriş geçirmek hökmany şert bolup durýar. Dowamly keseli anyklanan çagalar hem degişli hünärmenleriň gözegçiliginde bolup, olaryň bellän barlaglaryndan geçýärler. Zerur bolan ýagdaýlarda olar bejeriş alýarlar. Waksinanyň haýsydyr bir görnüşi ilkinji gezek ulanylanda onuň düzüm bölegine allergiýa dörän çagalarda şol waksinanyň nobatdaky tapgyryny geçirmezden öň ýörite derman serişdeleri bilen bejeriş geçirilýär.