Lukmançylyk klasteri — «akylly» şäheriň önümçilik mümkinçilikleriniň nusgasy
Arkadag şäheri — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny görkezýän şäher. Ol öz tebigy gözelligi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhratyny dabaralandyrýar. Bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň, her bir raýatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky beýik işleriniň dowamat-dowam bolýan mekanydyr. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda binalardyr desgalaryň 336-sy, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlarydyr beýleki möhüm ähmiýetli desgalar ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda bolsa, esasan, önümçilik desgalaryny gurmak, lukmançylyk klasterini döretmek meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz Arkadag şäherine ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanyşýar. Şu ýylyň 8-nji iýunyndaky iş saparynyň dowamynda-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ähmiýetli şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterini döretmek meselesine aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň tekliplerinden ugur alny