Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Möwsümleýin näsaglykdan ägä boluň!

Ýylyň gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin, ilki bilen ýyly geýinmeli, şahsy arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmeli. Munuň üçin daşardan gelnende, nahardan öň we soň elleriňizi sabyn bilen ýuwmaly. Şahsy goranyş enjamy bolan agyz-burun örtüklerini öýden çykylanda hökman dakynmaly. Olary her 2 — 3 sagatdan çalşyp durmaly. Eger dokma senagatynda öndürilýän köp gezeklik örtükler ulanylýan bolsa, olary talabalaýyk arassalanandan soň, iki tarapyndan hem ütükläp dakynmaly. Örtük dakynylmazdan öň agyz boşlugyny duzly ergin bilen çaýkamak, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmak, howpsuz 2 metr araçägi saklamak maslahat berilýär. Öý we iş otaglarynyň temperaturasyna yzygiderli gözegçilik etmeli. Otaglary ýelejiredip, arassaçylyk işlerini geçirip, ýyly saklamaly. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ähmiýeti beýan edilýän üzärlik ösümliginiň guradylan otuny tüsseletmek düzgünlerini berjaý etmeli. Lukmanyň maslahaty bilen buýan kökünden taýýarlanýan melhemlerden peýdalanmaly. Penjireleri, gapylary ýapyp, otaglarda üzärligi mazaly tüsseledip, birsalym goýmaly. Soňra penjireleri açyp, otagyň içiniň tüsse ysyny çykarmak bolýar. Bu arassaçylyk işini her günde ýerine ýetirmek peýdalydyr.

Lukman maslahat berýär

Kadaly we dogry iýmitlenmek adama güýç, saglyk berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär, kesellerden goraýar we ýokanç kesellere garşy göreşmäge kömek edýär. Sagdyn bolmak üçin iýmit tertibiňize uly üns berip, dürli nygmatlardan her gün işdä bilen iýip durmaly, naharlananyňyzda sogan, sarymsak ýaly önümleri ulanmaly. Bugdaý unundan taýýarlanan içi ajy gyzyl burçly, sarymsak we süzme goşulan unaşy içmeklik möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseliniň öňüni almak üçin peýdalydyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Antibiotik derman serişdeleri Antibiotik derman serişdeleri XX asyrda alymlar tarapyndan açylyp, ulanylyp başlanylmagy dürli bakterial keselleriň bejergisinde täze basgançak boldy. Ylmyň öňe gitmegi bilen bu derman serişdeleriniň her dürli täze görnüşleri ýüze çykaryldy we dürli keselleriň bejergisinde giňden ulanylýar.

Lukmanyň maslahaty

Lukmanlaryň maslahat berşi ýaly, ak gardan don geýnen gyşyň şu günki günleri howanyň sowuklygy ýa-da howada döreýän dürli ýokançlaryň, tozan bölejikleriniň mukdarynyň artmagy sebäpli, dürli sökellikleriň köpelmek mümkinçiligi artýar. Şunda dürli ýokançlyklardan we zyýanly tozan bölejikleriniň ýetirýän täsirinden goranmak üçin:

Saçagyň bezegi – sagdyn iýmit

Biz Täze ýyly gülki-şatlyk, lezzetli tagamlar bilen garşylaýarys. Saçaga goýuljak tagamlary ýerlikli ulanmagyň, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň saglygy goramakda ähmiýeti uly. Munuň ýönekeýje düzgünleri bar. Geliň, olaryň käbirlerine nazar aýlalyň: Gök önümlerdir miweler saçaga äberilmänkä gowja edilip ýuwulmalydyr.