Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwuň, sagdyn boluň!

Elleri ýygy-ýygydan ýuwup durmak zerur we peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji mikroblar we bakteriýalar ellerde toplanýar hem-de ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Nahardan öň we soň, daşarda gezelenç edilenden soň, elleri gowy edip, sabyn bilen ýuwmaly. Asgyrylanda, üsgürilende, elýaglyk ulanmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda, «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň birtoparynyň döremegi mümkin. Bu keselleriň toparyna ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator ýokançlary degişlidir. Hut şonuň üçin hem ellerimizi elmydama arassa saklalyň, bu peýdaly endigi özümizde hem-de çagalarymyzda kemala getireliň! Elleriň iki tarapyny-da barmaklaryň aralary bilen birlikde akar suwuň aşagynda sabynlap, 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Ellerimizi gowy durlanymyzdan soňra, süpürip, guratmaly.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Howanyň sowamagy, şeýle-de howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmak maksady bilen, ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barmakda Bäherden etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem işjeňlik görkezýärler. Şu günler jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri bilen bilelikde, etrap häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda, bu işleri guramaçylykly ýola goýýarlar. Olar oba geňeşlikleriniň ýaşaýjylary bilen öý şertlerinde duşuşyp, olara sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, ýokumlara baý iýmitler bilen dogry we kadaly iýmitlenmek, otagy ýygy-ýygydan ýelejiredip, onuň howasyny tämizläp durmak, üzärlik ösümligini tütetmek barada netijeli maslahatlary berýärler. Wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakda hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän ösümliklerden taýýarlanan melhem içgileriň peýdasy barada aýratyn gürrüň berilýär. Itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryň bu babatdaky peýdasynyň uludygy barada aýdylanlar ildeşlerimizde uly täsirleri döredýär.

Naryň saglyga peýdasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine, ynsan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berilýär. Kadaly iýmitlenmek hem esasy ugurlaryň biridir. Sagdyn iýmitlenmekde miweler hem zerur önümlerdir. Şu nukdaýnazardan, nar hem saglyga peýdalydyr. Naryň üýtgeşik tagamlylygy, şireliligi onda dermanlyk häsiýetli dürli maddalaryň toplanmagyny şertlendirýär. Adaty nar dag ösümligi hasaplanýar. Onuň miwesinde uglewodlar, şeker, limon we alma turşulyklary, A, С, E, B1, B2, witaminler, demir, ýod saklanýar. Naryň şiresi şekeriň, glýukozanyň, С witamininiň, kalsiniň, kaliniň, natriniň, fosfatlaryň, marganesiň, magniniň çeşmesi bolup durýar.

Saglyk başymyzyň täjidir!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Lukmanlar maslahat berýär

Howanyň sowuk döwründe adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolup, möwsümde ýiti ýokanç keselleriň ýokuşma howpy artýar. Bu döwürde dürli kesellerden goranmak üçin şu aşakdaky kadalary berjaý etmek maslahat berilýär. — Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny goramaga uly üns berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzda adam we onuň saglygy bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» taglymaty ýurdumyzda has netijeli saglygy goraýyş ulgamynyň kemala getirilmegini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda BMG hem-de onuň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly iri düzümleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Ulgam boýunça halkara hyzmatdaşlyk we özara tejribe alyşmak wezipesi hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygy we abadançylygy baradaky aladalarynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukmanyň maslahatlary

Saglygyň goragynda

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen forum türkmen we nemes kärdeşleriň arasynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu teleköpri Mýunhen uniwersitetiniň Grossharden klinikasynyň tanymal alym-professorlaryny hem-de ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamynyň welaýatlardaky hem-de paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdirdi.

Baş baýlyk

Gyş aýlary howanyň üýtgemegi netijesinde adam bedeninde dürli üýtgeşmeler ýüze çykýar. Sowuk howa möwsümleýin näsaglygyň ýitileşmegine getirýär. Ýiti respirator keselleri, bu dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keseli. Ýiti respirator keseli bilen näsaglan adam asgyranda, üsgürende we gürlände howa-damja ýoly bilen sagdyn adamlara ýokuşýar. Kesel alamatlary üşütme, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bedeniň gowşamagy, bokurdakda agyry döremegi, umumy ysgynsyzlyk, işdä peslik ýaly alamatlar bilen başlaýar. Ýiti respirator keseli ýokuşan adamlar köpçülik ýerlerine, çagalar edaralaryna barmakdan saklanmaly. Maşgala lukmanyny çagyrmaly we lukmanyň maslahatyny ilkinji günlerden doly we dogry berjaý etmeli. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek keselden goranmagyň iň ýönekeýje usulydyr. Keselden goranmak üçin elleriňi hemişe arassa saklamaly, sabynlap ýuwmaly, arassalaýjy serişdeler bilen zyýansyzlandyryp durmaly. Eger-de özüňizde keseliň alamatlaryny duýsaňyz, töweregiňizdäki adamlardan howpsuz araçägi saklaň, agyz-burun örtügini hökman dakynyň, burnuňyza oksolin melhemini çalyň, ýaşalýan otaglarda üzärligi tütediň, otag mebellerini, gapylaryň tutawaçlaryny, pollary çyglanan esgi bilen arassalap duruň. Üzärligiň tüssesi ýylyň belli bir wagtynda döreýän birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýar, adamlaryň bedeninde kesele garşy durumlylygy üpjün edýär. Üzärlik tütedilenden biraz wagt soň penjir

Lukman maslahat berýär

Asgyranyňyzda we üsgüreniňizde agzyňyzy elýaglyk bilen ýapyň. Ulanylan elýaglyklary ýuwup, gaýnadyň we ütükläň. Üsgürýän, asgyrýan adamlardan gaça duruň. Aralyk 1 metrden az bolmaly däl. Kesellemegiň öňüni almak üçin arassa agyz suwy we iýmit önümlerini ulanyň. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelere degişli. Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary köpräk içiň.

Saglyk

Dürli ýokançlardan we zyýanly tozan bölejikleriniň ýetirýän täsirinden goranmak üçin: — agyz-burun örtüklerini dakynmak;

Saglyk size ýaran bolsun!

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen halkymyzyň saglygy ugrunda düýpli aladalar edilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sagaldyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk enjamlar bilen üpjün edilýär. Welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň ginekologiýa bölüminiň müdiri Aýnagözel Babakulyýewa hem-de şol bölümiň lukmanlary näsaglary güler ýüz bilen garşy alýarlar. Ýokarda ady agzalan bölümiň uly şepagat uýasy Ogulbagt Nursahatowa bu ýerde birnäçe ýyldan bäri zähmet çekip, ilatyň alkyşyna mynasyp bolýar.

Semizlikden daşda duralyň!

Semizlik bedende ýagyň artykmaç toplanmagy diýmekdir. Kadaly bedende ýag 10 göterim bolmaly, eger-de, bu göterim 15-29 derejä ýetse, onda bu semizligiň 1-nji derejesi diýlip hasaplanylýar. Eger-de, göterim 30-49-dan artsa, 2-nji derejeli semizlik diýilýär, eger-de, göterim 50-100 derejä barsa, onda ol bejerip bolmasy kyn bolan 3-nji derejeli semizlikdir. Eger-de, göterim 100-den ýokary bolsa, 4-nji derejä degişli semizlikdir, bu derejedäki semizligi bejermek mümkinçiligi örän azdyr. Öňler ýaşy ulaldykça adam semreýär diýip pikir edýärdiler. Hakykatda bolsa semizlik indi ýaşa seredenok. Semizlik çagalarda-da, ýaşlarda-da duş gelýär. Artykmaç iýmit, az hereketlilik, agşamlaryna köp iýmek, aýratynam, konditer önümlerini köp iýmek semizlige getirýär. Nesil yzarlamakda we başga sebäplere görä hem semizlik ýüze çykyp bilýär.

Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy

AŞGABAT, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy öz işine başlady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän forum türkmen we nemes kärdeşleriň arasynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Pasla görä geýniň, sagdyn boluň!

Häzirki wagtda howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň peselmegi arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşary çykylanda, agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen bir hatarda, geýnilýän egin-eşikler hem aýratyn üns bermekligi talap edýär. Sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak, ýa bolmasa, aşa galyň geýinmek saglyk üçin howpludyr. Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, köpçülikleýin awtoulaglara münülende, derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň iliklerini ýazdyrmaly we başgaplary çykarmaly. Wagtlaýyn ýyly ýere girip derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.

Baş wezipe — halkyň saglygy

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere wajyp orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, sagdynlyk we sport syýasaty halkara derejesinde giňden ykrar edilýär. Ilatyň, şol sanda ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň, arassaçylyk we öňüni alyş kadalary berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlary sport bilen meşgullanmaklyga çekmek boýunça häzirki wagtda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimiz saglygy goraýyş babatda halkara guramalary we dünýäniň birnäçe döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Olaryň hatarynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy aýratyn orunda durýar. Hususan-da, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollary babatda BSGG we beýleki abraýly halkara guramalarydyr döwletler bilen oňyn gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bu ugurda amala aşyrýan çärelerini dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine doly laýyk getirip, halkara tagallalary koronawirusa garşy göreşde birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Saglygyň açary

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, keselleriň ýüze çykmagynyň, ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak boýunça geçirilýän işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz ajaýyp beýanyny tapýar. Halk arasynda «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen parasatly sözler bar. Sagdyn bolmak islendik ýaşda özüňi gowy duýup ýaşamakdyr. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, biziň her birimiziň öz saglygymyz hakynda alada etmegimiz gerek. Elbetde, adamyň jan saglygy köp zatlara bagly bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy sütünleriniň biri kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Iýmitiň kadalylygyny berjaý etmegiň saglygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Kadaly we peýdaly iýmitlenýän adam dürli kesellerden goranar hem-de sagdyn we berk bedenli bolar.