Tämiz howa — bedene kuwwat
Her bir pasla mahsus howanyň özboluşlylygy bar, pasylyň çalyşmagy, howanyň yzygider üýtgäp durmagy adam bedenine oňaýsyz täsir edýär. Howanyň adam bedenine täsiri çyglylygyň ýokarlanmagy, howanyň üýtgemegi, şemalyň tizligi, Günüň şöhlesi, bulutlaşmalar bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle ýagdaýda adam özüni birahat duýýar, kelle agyrýar, ukusy bozulýar, kähalatlarda howsalaly duýgular peýda bolýar. Bedeniň ähli ulgamlarynda näsazlyklar duýulýar, esasan hem, gan basyşynyň üýtgemegi, dowamly keselleriň ýitileşmegi ýaly hadysalar ýüze çykyp bilýär. Şeýle adamlara metoduýgur adamlar hem diýilýär. Näsaglygyň ýa-da möwsümde duş gelýän keselleriň öňüni almak üçin kadaly iýmitlenmeli, bedeni berkitmeli, dynç alyş bilen işi sazlaşykly alyp barmaly, günde azyndan 8 sagat ukyňy almaly hem-de köpräk arassa howada gezelenç etmeli. Tämiz howadan dem alsaň, keýpiň çaglanyp, ruhuň göterilýär. Wagtly-wagtynda iş ýeriň we ýaşaýan otaglaryň howasyny çalşyp durmaly, üzärligi tütedip, otagyň içini howpsuz mikroklimat bilen üpjün etmeli. Elleriňizi yzygiderli sabynlap akar suwuň aşagynda ýuwmaly. Öýüň töweregine gyrymsy agaçlary, dürli gülleri ekmeklik daş-töweregiňdäki howanyň belli bir derejede arassa bolmagyna uly ýardam edýär. Daşky gurşawy goramak elmydama döwletiň üns merkezinde bolýar, sebäbi adamlaryň saglygy hem tebigatyň ýagdaýyna bagly. Daş-töweregiňi gurşap alan tebigatyň gözelligi, ösümlik