Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Güýz çigregi gapyda

Güýz paslynyň salkyn howaly günleri başlady. Muňa howasy tomsuňkydan tapawutly bolmasa-da, ýaşulularymyzyň: «Güýz çigregi gapyda» diýip, çäkmenini egnine atynýan döwri diýýärler. Kä serginjek ýel-ýagmyrly, käte-de egniňi derlediberýän yssy howaly bu günlere «howa çalyşýan möwsüm» hem diýýärler. Bu döwürde her kimiň öz saglygyna we öýüň ýaşulusydyr ýaşkiçisiniň saglyk ýagdaýyna örän ünsli bolmagy gerek. Ýogsam, kiçijek perwaýsyzlykdan başlanyp, kän gezek puşman etdirjek sowuklama keseline duçar bolunmagy mümkin. Bu döwrüň adamlaryň beden saglygyna we ruhy ahwalyna ýaramaz täsir edýän hallary az däl. Howanyň temperaturasynyň peselmegi, çyglylygyň üýtgemegi, günüň gysgalmagy ýaly ýagdaýlar käbir keselleriň döremek sebäplerine ýol açýar. Güýz-gyş aýlarynda bulutly günleriň köp bolýandygy üçin adamlar Gün şöhlesini ýeterlik möçberde alyp bilmeýärler. Şonuň netijesinde bedende bioritmi sazlaýjy melatoniniň sintezi peselýär. Bu gormonyň ýetmezçiligi zerarly uky bozulmasy, ýadawlyk, kellagyry ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Melatoniniň biosinteziniň möwsümleýin azalmagy bilen, adamyň umumy ýagdaýy kesellemäge ýykgyn bolýar. Gün şöhlesiniň ýetmezçilik etmegi organizmde D witaminiň öndürilmegine-de täsir edýär. Onuň kadadan peselmegi köp agzalaryň, ilkinji nobatda, immun we ýürek-damar ulgamlarynyň işine täsir edýär.

«...Hasta bolmazdan burun»

Sagdyn bolmak, köplenç ýagdaýda, biziň özümize bagly. Eger-de keseliň öňüni alyş çärelerini dogry we doly berjaý etsek, sagdyn boljagymyz ikuçsuzdyr. Şeýle bolansoň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen pendini özüne durmuş ýörelgesi edinen adam sag hem ruhubelent ýaşar. Güýz paslynyň gelmegi bilen howa salkynlap ugraýar. Şoňa görä, ýiti respirator wirus keselinden goranmak üçin pasla görä geýnip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Kadaly iýmitlenip, gerekli mukdarda witaminleri, minerallary, beloklary, uglewodlary, ýaglary kabul etmeli. Munuň üçin günüň dowamynda gök we bakja önümlerini, ir-iýmişleri, galla önümlerinden we kösüklilerden gaýnadylyp ýa-da buglanyp bişirilen naharlary, et we süýt önümlerini iýmeli.

Möwsümleýin kesellerden goranyň!

Paslyň çalyşmagy, howanyň sowamagy dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Dünýäde iň köp ýaýran şeýle keselleriň biri-de ýiti respirator keselidir. Ýiti respirator keseli bilen ýarawsyzlyk tapynan näsagy, ilkinji nobatda, töweregindäki adamlara geçmez ýaly, aýratyn otaga geçirmeli. Näsagyň ulanýan el süpürgijini, nahar iýýän okara-çemçesini, ýatýan ýorgan-düşegini aýratyn goýmaly. Otaglaryň penjirelerini açyp, öýüň howasyny çalşyp durmaly. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, bejergi geçirmeli. Özbaşdak derman serişdelerini ulanmaly däl. Ol başga keselleriň, gaýraüzülmeleriň bolmagyna getirýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň saglygy ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny; Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny; Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak; Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek; Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini; Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek; Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlara gol çekmegi hem aýdyň subut etmek bilen, biziň her birimizde buýsanç duýgusyny döretdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň düýp özeninde halkymyzyň saglygyny berkitmek, adam ömrüni uzaltmak ýaly wezipeler esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamakda sagdyn durmuş ýörelgesine esaslanýan ynsa

Peýdaly maslahatlar

Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýinmegi unutmaň! Sagdyn durmuş ýörelgesine pugta eýermeli, zyýanly endiklerden daşda durmaly.

Türkmenistanda täze lukmançylyk merkezleri açylar

9–12-nji oktýabrda Türkmenistanda birnäçe lukmançylyk merkezleri, kärhana hem-de arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalary açylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewanyň beren hasabatyna laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Mary welaýatynyň hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalarynyň açylyş dabaralary guralar. 

Halkyň saglygy — ýurduň baş baýlygy

Parasatly pederlerimiz «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Bar zadyň sakasy saglyk» ýaly aýtgylary döredip, beden saglygynyň tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdygyny nygtapdyrlar. Şundan ugur alnyp, täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleriniň netijesinde, ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň uly dabaralar bilen bellenilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýän adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Lukman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda ösen jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, saglygy goraýyş-anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş we şypahana-dynç alyş düzümleri döredilip, olaryň dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän döwrebap binalary gurlup ulanmaga berildi.

Kardiologiýa ulgamyndaky üstünlikler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurtda ýürek-damar keselleriniň garşysyna göreşmegiň strategiýasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ilatyň saglygyny dikeltmäge oňaýly täsirini ýetirdi. Ýurdumyz boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezleriniň, hassahanalaryň ençemesi gurlup ulanmaga berildi.

Saglyk — uly baýlyk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binýadyny berkden goýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynda öňegidişlikler gazanylýar. Jemgyýetiň we döwletiň iň uly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ilatyň saglygyny goramak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy oktýabrynda belleniljek Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän derman kärhanasy, Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy dabaraly açylyp, halkyň hyzmatyna berler. Lukmanlar we bejergi alýan adamlar üçin ähli amatlyklary bolan, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şeýle binalaryň yzygiderli gurulmagy saglyk ulgamynyň işgärlerini mundan beýläk hem has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Çopantelpegiň peýdasy

Çopantelpek haşal dermanlyk ösümligi bolup, Türkmenistanda onuň 6 görnüşine duş gelmek bolýar. Ol çylşyrymly güller maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15 — 25 santimetre ýetýän birýyllyk otjumak wekilidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda çopantelpegiň ulanyş aýratynlygy bellenilýär. Çopantelpegiň güli dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Olary ösümlik gülleýän wagtynda, maý aýynda ýygnamaly. Çig maly teläriň aşagynda, açyk howada umumy kabul edilen usulyýet boýunça taýýarlamaly. Taýýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltalarda, gury, ýel çekerli, Gün şöhlesi göni düşmeýän ýerde saklamaly. Çig malyň ýaramlylyk möhleti 1-2 ýyl.

Çagalarda ýiti respirator keselleriniň öňüni almak

Ýiti respirator keselleri pasyl çalşanda, güýz-gyş aýlary has-da köpelýär hem-de köpçülikleýin ýaýraýar. Bu has hem çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň arasynda ýygy duş gelýär. Ýiti respirator keselleriniň çagalarda ýygy-ýygydan gaýtalanmagy bogazyň, bronhlaryň we öýkeniň dowamly kesellerine öwrülmegine, bronhial demgysma, tonzillitler, adenoitler, bronhitler, öýken sowuklamasy ýaly gaýraüzülmelere getirip biler. Mundan başga-da, ýiti respirator keselleriň gaýtalanmagy çagalarda bedeniň dürli dermanlara bolan duýujylygyny ýokarlandyrýar we allergiýa bilen bagly keselleriň döreme howpuny artdyrýar.

Saglyk — baş baýlyk

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda döwrebap saglyk merkezleriniň ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ösen milli saglyk ulgamy kemala geldi. Saglyk babatynda halkara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Netijede, türkmen halky ýokary derejeli we elýeterli saglyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Güýçli depginler bilen ösýän döwletimizde saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkemegi we ösmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolan adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmaga, maýyplygyň öňüni almaga uly ýardam berýär. Täze lukmançylyk innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan merkezleriň yzygiderli açylyp ulanylmaga berilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň batly gadamlar bilen ösýändigine güwä geçýär.

Sag­lyk — di­li­mi­ziň se­na­sy

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 «Bar za­dyň sa­ka­sy sag­lyk» diý­ýän hal­ky­myz dur­mu­şyň öze­ni, bag­tyň owal özi, be­de­niň abat­ly­gy hök­mün­de baş sag­ly­gy­ny her­ki zat­dan ile­ri goý­ýar. Sag­dyn iý­mit­len­mek, şah­sy gi­gi­ýe­na ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek, yzy­gi­der­li sport bi­len meş­gul­lan­mak be­den sag­ly­gy­my­zyň göz­ba­şy­dyr. Sag­lyk jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my gym­mat­ly­gy ha­sap­lanyl­ýar.

Ýörelgämiz — sagdyn durmuş

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len türk­men hal­ky­nyň hal-ýag­da­ýy­ny mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak, ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, ru­hy we be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler bi­ziň ýur­du­myz­da adam ba­ra­da­ky ala­da­nyň il­kin­ji orun­da dur­ýan­dy­gy­ny aýan ed­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň bu ýol-ýö­rel­gä­ni içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry edip al­ma­gy­nyň öz­bo­luş­ly se­bä­bi bar. Çün­ki jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy — ýur­duň aba­dan­çy­ly­gy. Di­ňe sag­dyn jem­gy­ýet bi­len ösüş­le­riň, öz­ge­riş­le­riň me­ka­ny bo­lan sars­maz, syn­maz we kuw­wat­ly döw­le­ti ber­ka­rar edip bol­ýar.

Sag­lyk bo­lar bu dur­mu­şyň göz­ba­şy

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, gys­ga dö­wür­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, Arkadag şä­he­rin­de hem-de se­bit­le­ri­miz­de sag­ly­gy go­ra­ýyş-anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gu­rul­dy. Ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi, Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi we onuň dü­zü­min­de kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na, on­ko­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi, «Tiz kö­mek» mer­ke­zi, sag­lyk öýi we sag­ly­gy go­raý­şyň aw­tou­lag­lar kär­ha­na­sy ulan­ma­ga be­ril­di.

Saglyk — baýlyk

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Ata-ba­ba­la­ry­myz «Bar za­dyň sa­ka­sy — sag­lyk», «Sag­ly­gym — beg­li­gim» di­ýip, yn­san sag­ly­gy­ny äh­li zat­dan ýo­kar­da go­ýup, en­çe­me pä­him-pa­ra­sat­ly se­tir­le­ri dö­re­dip­dir­ler. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­la­ry bi­len, bu gün­ki gün ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da sag­ly­gy go­ra­mak, be­den­ter­bi­ýe we spor­ty ös­dür­mek Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň mö­hüm ul­gam­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn bol­ma­gy Wa­ta­ny­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­me­gi­niň, adam­la­ryň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­nyň mö­hüm şer­ti­dir. Şeý­le bo­lan­soň, Di­ýa­ry­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da ile­ri tu­tul­ýan döw­let we­zi­pe­le­ri­niň de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­dy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň öz­bo­luş­ly mil­li nus­ga­sy­nyň dö­re­dil­me­gi bu we­zi­pä­niň üs­tün­lik­li çö­zül­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, gys­ga dö­wür­de ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň en­çe­me­si gu­rul­dy. Bu sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri, şy

Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi. Şol Maksatnama esasynda Saglygy goraýşyň ilkinji halkasy bolan saglyk öýleriniň işi täzeden gurnaldy, hassahana hyzmatlary hil taýdan kämilleşdirildi we şypahanalar ulgamy döredildi. Bular bilen bir hatarda Sanitariýa-epidemiologiýa gullugyny kadalaşdyrmak, derman senagatyny giňeltmek we halkara derejesine çykarmak, saglygy goraýşy öz kärine ussat hünärmenlerdir maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek, lukmançylyk binýadyny berkitmek babatynda ägirt uly işler tapgyrlaýyn, yzygiderli, ylmy taýdan esaslandyrylyp amala aşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) ýaly birnäçe guramalar bilen gatnaşyklary ösdürýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen birnäçe täze döwrebap saglygy goraýyş edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlara ýaň saljak tutumly işler amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürm

Sagdyn durmuşyň binýady

Diýarymyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere, ýokary zähmet üstünliklerine beslenýär. Şol üstünliklere ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýar. Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Oňa biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly taryhy çykyşlarynda aýdyň göz ýetirdik. Halkymyzyň röwşen geljeginiň binýadyna berilýän şeýle uly üns-aladanyň ýokary derejede bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Şu ýylyň özünde saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda ençeme işler durmuşa geçirildi. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýulmagy aýratyn bellärliklidir. Sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde dünýä ýüzünde ençeme ýola ykrar edilen ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygary halkymyzy Gün kibi çoýýar. Hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýakyn wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara

DÜREK DÄLIJEMÄŞ / Вика гибридная

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Dürek dälijemäş — kösükliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 30 — 70 sm birýyllyk otjumak wekili. Ösümlik tüýsüz ýa-da ýönekeý tüýlüje, örän seýrek mäzjagazly. Baldagy gyraňly, ýa-da görnetin ýygyrt-ýygyrtly ýa-da inçe ganatlyja. Ortaky we ýokarky ýaprajyklary süýri, esasy pahna görnüşli, uzynlygy 6 — 12 mm, ini 4 — 6 mm, aşaky ýapraklary has ownuk, ters pahna görnüşli. Okarajygynyň hemme dişjagazlary (ýa-da bolmadyk halatlarda olardan 2-si) trubkadan gysga. Sütünjigi tutuşlaýyn tüýlüje. Gülüniň uzynlygy 17 — 20 mm. Tyçinka trubkasynyň bir bölegi bitişen. Sütünjigi towlanmadyk, hemme tarapy ýa-da diňe içi tüýlüje. Baýdagynyň daşy tüýlüje.

Ýüzi mahy-tabanym

Yssy howa deride kiçijik düwürtikleriň ýa-da tegmilleriň peýda bolmagyna, gözlerimiziň töwereginde ýygyrtlaryň döremegine sebäp bolýar. Şol sebäpden hem ýörite gün kreminden peýdalanmaly hem-de gara reňkli äýnekleri ulanmaly bolýar. Howanyň derimize ýetiren zyýanlaryndan halas bolmak üçin ýapgylardan peýdalanmaly. Terje bir hyýary alyp gyrgyçdan geçirmeli we ony ýüzümize ýapmaly. Üstünden çygly hasany hem goýmaly-da ýapgyny 20 minut saklamaly. Şonda ýapgynyň täsir edijiligi güýçlener. Hyýaryň galyndylaryny pamyk bilen süpürip aýyrmaly we ýüzümizi ýyly suw bilen ýuwmaly. Bu ýapgy ýüzlere tämizlik berer hem-de deriniň çekilmegine kömek eder.