Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.

Durmuşyň şatlygy daglarda

Daňdanyň ümüş-tamşynda daglar bilen didarlaşyp, Günüň dogşuny şol ýerden synlap görüpmidiňiz?! Tämiz oý-pikirlere, ýagşy dileglere berlipmidiňiz şeýle pursatlarda?! Dag belentligine çykyp, asmandyr Zemini özüňizde birleşdiren deý täsin duýgulary başdan geçirip görüpmidiňiz goýazy güýzüň sergin säherinde?! Arzuw deý ak, ynsap kibi päkize Aşgabady şol belentlikden synlap, onuň gözelligine gözüňizi, göwnüňizi dokundyrypmydyňyz, heý?! Olar beýanyna söz ýetmeýän, diňe başdan geçirilýän pursatlardyr. Ine, şeýle... Başga zady agzaw etmäniňde-de, 6 müňden gowrak adama şeýle pursatlary serpaý edendigi hem öňňin Saglyk ýoluna guralan ýörişiň gymmatyny, ähmiýetini aňladara-aňdyrara şeksiz-şübhesiz delildir, elbetde. Türkmen döwletiniň döwletli başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly täze Kararnamanyň kabul edilmeginiň şanyna guralan bu ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy oňa aýratyn dereje, aýratyn öwüşgin berdi.

Asgyrmagyň medeniýeti

Burnuň nemli bardasynyň gyjynmagy netijesinde adam asgyrýar. Her bir zadyň, şol sanda asgyrmagyň hem medeniýeti, düzgün-tertibi bar. Şol kadalaryň dogry ýerine ýetirilmegi özüňiziň we daş-töweregiňizdäki adamlaryň saglygyny gorap saklamakda möhümdir. • Asgyrmak edebiniň ilkinji düzgüni ony mümkin boldugyndan bildirmän, ýuwaşrak asgyrmalydyr, ýöne burnuň üstüni ýapyp, asla sessiz asgyrmak hem zyýanlydyr.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

— Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli. — Kadaly iýmitlenmeli, D, С we beýleki witaminlere baý miwe önümleri iýmeli.

Be­lent ga­dam bi­len Sag­lyk ýo­lu­na

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 2024-nji ýy­lyň 2-nji no­ýab­ryn­da Sag­lyk ýo­lu­na köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş ge­çi­ril­di. Bu ýö­riş Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi my­na­sy­bet­li hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut öz tek­li­bi bi­len ama­la aşy­ryl­dy. Bu çä­re jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gin­de, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ryn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.

Syrdamlyk — sagdynlyk

Ynsanyň saglygy köp zatlara bagly. Ýöne şolaryň ilkinjileriniň biriniň dogry iýmitlenmek we ýeterlik hereket etmekdigini lukmanlar nygtaýarlar. Köplenç, ýönekeýje talaplary ýerine ýetirmezligimiz biziň bedenimiziň gereginden artyk ýag ýygnamagyna, şeýlelikde, olara artykmaç agram düşmegine getirýär. Şeýle ýagdaýda lukmanlar bedeni sagdyn saklamaklygyň ýollaryny salgy berýärler. Ine, şolaryň käbirleri: Çendenaşa ajykýançaňyz garaşmaň. Sebäbi näçe aç boldugymyzça, şonça-da köp iýýäris. Şonuň üçin çala ajyganyňyzdan garbanmagyň ugruna çykyň. Çünki ýene ýarym sagat garaşsaňyz, siz has köp iýersiňiz.

Saglyga sarpa — bagtyýarlyga barýan çelgi

Halk üçin gurmak, döretmek, elbetde, iň bir sogaply işleriň biri. Haçan-da şol binalar halkyň saglygyna gönükdirilende bolsa onuň sogabynyň müňlerçe esse artjakdygy öz-özünden hem düşnükli bolsa gerek. «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenilip taýýarlanylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerýär, ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde uly ösüşler gazanylýar, belent-belent sepgitlere ýetilýär. Diýarymyzda uludan bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, paýtagtymyzda, şeýle-de ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda açylyp ulanmaga berlen saglyk maksatly binalar hem bu aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr. Şol günki säher bilen şaýat bolan wakalarymyz kalbyňy şatlykdan pürepürleýär. Sebäbi şol gün gözel paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň dabara bilen açylmagy tutuş halkymyza egsilmez şatlyk paýlady. Täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy b

Sagdyn ene — bagtly ene

Ene bolmak zenan maşgala üçin uly bagt hem belent borçdur. Şol sebäpli-de, maşgala ojagyny abat hem-de abadan saklamakda, perzentlerini dogry terbiýeläp ýetişdirmekde enelere aýratyn uly paý düşýär. Öý-ojagyň bagtdan pürepür bolmagy gönüden-göni enäniň yhlasyna baglydyr. Birek-birege bolan mähir-söýgi, düşünişmek, sazlaşykly gatnaşyk maşgalanyň, şol sanda çaganyň bagtyýar bolmagyna ýardam edýär. Durmuşymyzda «çaga» bilen «ene» sözüniň hemişe diýen ýaly bile getirilmeginde hem uly many bar. Hamyla zenan heniz çaga göwresindekä özüni ene hökmünde duýup başlaýar. Onuň her bir hereketinden, her bir sözünden täze durmuşyň alamatlary duýulýar. Şeýle döwürde geljekki enäniň sagdyn perzendi dünýä indermegi üçin onuň dogry iýmitlenmeginiň zerurdygyny bilmegi, özüne-de, perzendine-de peýdalydyr. Daşary ýurtly perinatal lukmanlaryň dowamly geçirýän barlaglarynyň netijesinde çaganyň entek ene garnynda wagtynda öz ejesiniň duýýan zatlaryny duýýandygyny subut etdi. Şundan ugur alyp, geljekki ene özüne doly erk etmelidir. Bu babatda, esasy orun pikir we duýga degişli bolup durýar. Ene garnynda ýatan çaganyň görmäge, eşitmäge, gynanmaga, hatda käbir zatlary öwrenmäge-de ukyplydygyny nazara alsak, onda geljekki ene özüne hemmetaraplaýyn esewan bolup, içki we daşky dünýäsini berk gözegçilikde saklamalydyr. Dünýä meşhur kompozitorlaryň terjimehalynda olaryň öň notasy bilen bir geze

EGRIM ARPA / Ячмень коленчатый

Häsiýeti. Dagetek derman ösümligi. Egrim arpa — däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20 — 40 sm birýyllyk otjumak wekili. Ösümlik çal ýaşyl reňkli, topbak bolup ösýär. Köki gotazjymak. Baldagy köp sanly, egrim-galyp duran, tüýsüz, ýylmanak. Ýapraklarynyň gyny tüýsüz ýa-da ownuk tüýlüje, ýokarkysy sähelçe çişijek, köplenç, başyna ýetýär. Ýapraklary inçe çyzykly, tüýsüz ýa-da birneme tüýlüje. Diljagazy örän gysga, kütek.

Beýi

Beýi ýokumly maddalara baýdyr. Onuň düzüminde birnäçe witaminler we minerallar bar. Ol belokdan, uglewodlardan, süýümlerden ybarat. Beýide C witamini, az mukdarda B witamini, demir, kaliý we magniý bar. Beýiden edilýän şerbet göwreliligiň başky aýlarynda ýüze çykýan ýürek bulanma, gusma ýaly alamatlary azaltmaga ýardam edýär. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, beýi şerbediniň ýokumlylygy B6 witaminden hem has ýokarydyr.

Ýaşaýşyň sakasy saglyk

Ýaňy-ýakynda TKA-nyň Tagtabazar etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň hassahanasynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХVI jildi bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Işjeň ýagdaýda geçen dabara etrabyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, lukmanlar we şepagat uýalary we etrap häkimliginiň jogäpkär işgärleri gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler ozaly bilen beden we ruhy taýdan ösüşiň gözbaşynda saglygyň durandygyny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur mana ýugrulan «Saglygyň gadryn bilgil, hassa bolmazdan burun» diýen pähiminden ugur almalydygyny, galyberse-de, hassany bejereniňden keseliň öňüni almagyň amatly bolýandygyny tekrarladylar. Işjeň geçen maslahatda alym hem lukman Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitaplaryndan yerlikli peýdalanylýandygy, dermanlyk ösümlikleriniň köpüsiniň Pendi ýaýlasynda ösýändigi buýsanç bilen nygtaldy.

Sagdyn durmuş — sapaly ýaşaýyş

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öz çuňňur manyly çykyşlarynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary we bu ulgamda öňde durýan wajyp wezipeler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Halkyň saglygyny goramak bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, dünýä derejesine çykarmak döwletimiziň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň, dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň ornaşdyrylmagy örän buýsandyryjydyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri, guramalary, şol sanda BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen durmuşa geçirilýän işler hemmetaraplaýyn ykrarnama eýedir. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalary, milli we döwlet maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek uky

Pasylda peýdaly

Güýz paslynda ösdürilip ýetişdirilen gök önümler we miweler witaminlere we ýokumly maddalara baý bolýar. Bu önümleriň ynsan bedeni üçin köp sanly peýdaly häsiýetleri bar. Beýi. Bu möwsümiň esasy miwelerinden biri bolup, ol antioksidantlaryň, demir, kalsiý, kaliý, fosfor, mis, A, B, C, E we PP ýaly witaminleriň gorudyr. Düzümindäki pektin agyr metallaryň, holesteriniň, radionuklidleriň we beýleki zyýanly maddalaryň täsirine garşy göreşýär. Şeýle-de bu önüm iýmit siňdiriş bozulmalarynda, ganazlykda peýdalydyr.

Hereket — sagdyn ýaşaýşyň özeni

Döwletimiziň ykdysady ösüşini belent derejelere ýetirmek, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak wezipeleri döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Golaýda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy açylyp ulanylmaga berildi. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerimizde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleridir ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurulmagy, saglygy dikeltmek maksady bilen gurlan şypahanalaryň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň aýdyň netijeleridir. Saglygy goraýyş ulgamynda dabaralanýan özgertmeleriň netijesinde keselleriň birnäçesiniň öňi alyndy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy tarapyndan Türkmenistanda gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýokdugyny tassyklaýan resminamanyň berilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Saglyk — beglik

♦ Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýniň. ♦ Sagdyn durmuş ýörelgesine eýeriň, zyýanly endiklerden daşda duruň.

Saglygyň gadryny bilgil...

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar Paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýniň.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Armyt Ir-iýmişleriň arasynda armyt özüniň üýtgeşik tagamy we ýakymly ysy bilen tapawutlanýar. Armytda adam bedeni üçin zerur bolan witaminler, minerallar toplanandyr. Ol kaloriýasy pes ir-iýmişlere degişlidir. Bu iýmit siňdirişiň sazlaşykly bolmagyna kömek edýär, düzüminde witaminleriň we minerallaryň köp bolmagy immuniteti ýokarlandyrýar. Düzüminde efir ýagynyň bolmagy howsalany, nerw dartgynlylygy aýyrýar we sowuklamany azaldýar.

Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi: baş maksat — adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak

Gazetimiziň 23-nji oktýabrdaky sanynda paýtagtymyzda täze gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, onda ýola goýulýan işler we bu döwrebap merkeziň mümkinçilikleri barada söhbet edipdik. Bu gün bolsa 9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabatda açylyp ulanmaga berlen beýleki bir täze saglygy goraýyş desgasy — Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, onda guramaçylykly alnyp barylýan işler, şeýle hem merkeziň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklary bilen okyjylary giňişleýin tanyşdyrmagy makul bildik. Ilki bilen, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň öňüsyrasynda, 4-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň beýleki birnäçe ugurdaş resminamalar bilen bir hatarda degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu resminama «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, raýatlaryň saglygyny berkitmek we ortaça ýaşyny uzaltmak, yssy howa şertlerinde adam fiziologiýasyny öwrenmek maksady bilen kabul edildi. Agzalan mejlisde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken ýen

Üzärlik — peýdaly ösümlik

Ýurdumyzyň tebigaty ösümliklere örän baý. Olardan oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy öldürikden, ajy buýandan, dänegerçekden, şoratandan, üzärlikden, ýowşandan, ajy kekreden, sogandan, sarymsakdan biologiki serişdeleri taýýarlamak we netijeli peýdalanmak bolar. Oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy ýerli ösümliklerden taýýarlanan erginleri ulanmak ekologiýa we ykdysady taýdan ähmiýetli hasaplanýar. Alkaloidleri özünde saklaýan ösümliklerden taýýarlanan erginler zyýan berijileriň köpelen we ýaýran ýerlerinde rejeli peýdalanylsa, himiki serişdeleri ulanmagyň zerurlygyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde ýurdumyzyň çäginde ösýän ösümlikler, olaryň himiki düzümi, dermanlyk häsiýetleri barada örän gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Şol maglumatlar oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine we kesellere garşy göreşmegiň biologik usulynda ösümlikleriň dürli görnüşlerini ulanmaga mümkinçilik berýär.