Sport — ýaşaýşyň gözelligi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň mekanyna öwrülýär, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sportda hem uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň sport ulgamyny ösen häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport ulgamynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek hem-de milli sport görnüşlerini dünýäde has-da dabaralandyrmagyň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem maksatnama laýyklykda, bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy hem-de raýatlarymyz üçin elýeterli bolmagynyň üpjün edilmegi bilen ilatyň beden