Halkara ýaryşlar ussatlary öňe çykarýar
Gadyrly çagalar, hemmämize mälim bolşy ýaly, parahatçylygyň ilçisi bolan sport hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimizde barha pajarlaýar, ösýär, özgerýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesinden ugur alyp, 6 müňden gowrak adam Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy. Olar agzybirlikde bu ýörişiň lezzetini alyp, beden we ruhy sazlaşygy emele getirdiler. Bu ýöriş Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly guraldy. Şeýle hem sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bilýäňizmi näme, çagalar, köpçülikleýin ýöriş başlanmazyndan ozal, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş hem guraldy. Ýaryş köpçülikleýin ýörişiň çäklerinde geçirildi. Soňra Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerine, ýurdumyzyň halkara ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýelän türgenlerine we olaryň tälimçi