Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Atçylyk sporty we saglyk

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde atly gezelençleri gurnamak üçin taryhy ýadygärlikler, özboluşly ajaýyp türkmen tebigaty, aýratyn-da, köpsanly gamyşgulak bedewlerimiz bardyr. Sportuň bir görnüşi hökmünde ykrar edilen at münmek boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Milli mirasymyzyň meşhur lukmany Abu Aly ibn Sina at münmegiň tutuş bedeni işjeňleşdirýändigi barada belläp geçipdir. Alym Selsiý bolsa, aşgazan-içege ýollarynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir. ХХI asyrda alymlar ýokary derejede duş gelýän emosional dartgynlyklary we stres ýagdaýlary at münmek bilen aýryp bolýandygyny subut etdiler. Atçylyk sportunyň saglyk üçin peýdaly taraplary:

Çekeleşikli ýaryşlar

Bäherden etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan etrabyň türgenleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli ýakynda etrabyň sport mekdebinde geçirilen ýaryşlar hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilen bilelikde guralan ýaryşa ýaş türgenlerden ybarat bolan toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýeňil atletika ýaryşyna «Berkarar», «Bagtyýarlyk», «Gala» toparlary has-da işjeň gatnaşdylar. Uly gyzyklanma döreden ýaryşyň netijesinde «Bagtyýarlyk» topary üstün çykdy. Toparyň üstünliginde Ýusup Sapardurdyýewiň, Nurgeldi Nurgeldiýewiň goşandy uly boldy.

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler, türgenlerimiziň iri halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär. Ynsan saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän milli Liderimiziň bimöçber aladasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän tutumly maksatlar berk bedenli nesilleriň kemala gelmegini, raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Milli Liderimiziň adam hakdaky aladalaryndan gözbaş alýan beýik başlangyçlary ýurdumyzda sport ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegine, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha giňden ornaşmagyna itergi berýär. «Döwlet adam üçindir!» diýýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almagyny, saglygyny berkitmegini ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde aýratyn üns berýär. Munuň özi Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden rowaçlanmagynyň esasy sebäbi bolup durýar.

Sport — rowaçlygyň sakasy

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyna hem-de türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende göterilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň berk binýatly ösen ulgamy döredilýär we dünýä derejesinde kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda her bir adamyň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döwrebap sport toplumlary we sport mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bu günki gün milli Liderimiziň nusgalyk göreldesine eýerýän watandaşlarymyz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga işjeň gatnaşýarlar. Sport ulgamynyň uly depginler bilen ösüşi, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda görkezýän netijeleri sportuň görnüşleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny tassyklaýar. Bu alnyp barylýan beýik işler bolsa eziz Watanymyzyň sport äleminde abraýyny barha belende galdyrýar.

Etrap birinjiligi

Ýakynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis hem-de ýeňil atletika görnüşleri boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen etrabyň sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ýaryşa ýaş türgenler gatnaşdy. Ýaş oglan-gyzlaryň sportda barha kämillige ýetmegi babatynda örän ähmiýetli bolan bu ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Ýaş türgenlere sportuň degişli görnüşleri boýunça ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezmäge giň mümkinçilikler üpjün edildi. Bu bolsa, ýaryşyň guramaçylykly geçmeginde ähmiýetli boldy.

Sagdyn durmuşyň ygtybarly ýörelgesi

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna barýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021—2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Kuwwatly döwletiň mizemez binýady

Durmuş hakykatyndan we uzak ýyllaryň tälim-tejribesinden göz ýetirişimiz ýaly, kuwwatly döwletiň mizemez binýady ilatyň sagdyn ýaşaýşyna daýanýar. Saglyga sport bilen, bagtyýar ýaşaýşa bolsa saglyk bilen ýetilýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu ajaýyp sazlaşyk Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň baş baýlygy bolan il saglygy, ýaş nesliň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakynda ýadawsyz alada edilip, häzirkizaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hut şonuň netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, parahatçylygy we dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde baý tejribe toplanyldy. Köptaraplaýyn we durnukly ösüşlerimiz eziz Watanymyzy halkara sport hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, şol sanda örän iri sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşmaga täze mümkinçilikleri açdy.

Geljegi umytly türgenler

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşip, sportda has-da taplanmagy, kämilleşmegi we ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýär. Gökdepe etrabynyň çäginde döwrebap sport mekdepleriniň birnäçesi hereket edýär. Şeýle mekdepleriň biri-de Gökdepe şäherindäki sport mekdebidir. Bu sport mekdebe ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaýar. Tälimçi-mugallymlaryň 16-sy 37 toparda ýaşlar bilen sportuň 8 görnüşi boýunça türgenleşik sapaklaryny geçýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän ýaşlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşine höwes edýänler hem az däl. Bu ýerde sportuň agzalan görnüşi boýunça türgenleşik sapaklarynyň ýola goýulmagy bilen ýaş türgenleriň uly topary oňa uly hyjuw we höweslenme bilen ýazyldylar.

Türk­me­nis­tan — Sagdynlygyň ýur­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz ösü­şi­ň tä­ze, röw­şen ýo­lu­na ga­dam goý­dy. Hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­mak, sag­ly­gy­ny go­ra­mak, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň düýp öze­ni­ni düz­ýär. Şeý­le be­lent mak­sat­la­ra ýet­mek üçin bol­sa ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li sport we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti giň­den ös­dü­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sport bi­len meş­gul­lan­mak­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek­de nus­ga­lyk gö­rel­de gör­kez­ýär. Ýur­du­myz­da ömür­le­re ömür go­şup, ýaşaý­şy gö­zel­li­ge bes­le­ýän sag­dyn­lyk he­re­ke­ti­ne eýer­ýän­le­riň sa­ny­nyň ýyl-ýyl­dan art­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň ara­syn­da ýaş­la­ryň ag­dyk­lyk et­me­gi aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Sport — sag­lyk, sport — ru­hu­be­lent­lik, sport — aba­dan ýa­şa­ýyş. Yn­sa­nyň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny ga­zan­mak üçin mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da uly möç­ber­li mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de, şä­her­çe­le­rin­de we oba­la­ryn­da sport mek­dep­le­ri­niň­dir des­ga­la­ry­nyň köpsan­ly­sy gu­rul­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yg­lan eden Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­d

Ta­ny­mal tür­gen­ — Ma­rat Ny­ýa­zow

Şu ýy­lyň 10-njy mar­tyn­da sport muş­dak­la­ry­nyň gö­wün­le­ri­ni gal­kyn­dy­ryp, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny bir gez be­len­de gö­te­ren ta­ry­hy wa­ka bo­lup geç­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de 2018-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ge­çen dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýe­ňi­ji bo­lan türk­men tür­ge­ni Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa my­na­syp bo­lan al­tyn me­dal­la­ry­nyň iki­si­ni da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da sport äle­min­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan meş­hur türk­men tür­gen­le­ri­niň ha­ta­ryn­da Ma­rat Ny­ýa­zo­wyň ady­ny hem buý­sanç bi­len ag­za­dy. Bi­ziň aşak­da­ky ýaz­gy­la­ry­myz hem sport äle­min­de öçmejek yz go­ýan, 1960-njy ýyl­da Rim­de ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň kü­müş me­da­ly­na eýe bo­lan, ny­şa­na ok at­mak­da köp ge­zek dün­ýä­niň we Ýew­ropa­nyň çem­pio­ny we re­kord­çy­sy meş­hur türk­men mer­ge­ni­ne ba­gyş­lan­ýar. Ma­rat Ny­ýa­zow 1933-nji ýy­lyň 28-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Ol Mosk­wa­nyň I.Gub­kin adyn­da­ky Ne­bit we gaz ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by döw­rün­de spor­tuň ny­şa­na ok at­mak gör­nü­şi bi­len çyn­la­kaý meş­gul­la­nyp ug­ra­ýar. Ol tu­tan­ýer­li­li­gi, mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy, te­bi­gy ze­hin­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Onuň ny­şa­na ok at­mak­da haý

Maşk edeliň, ruhubelent bolalyň!

Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak üçin tutumly işler alnyp barylýar. Sagdyn iýmitlenmek, ýörite beden maşklaryny ýerine ýetirmek, wagtly-wagtynda ukyňy almak bularyň ählisi sagdyn durmuşa eýermekdir. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hormatly Prezidentimiziň hut özi bize nusgalykdyr. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanylanda onuň kadalaryny bilmek we berjaý etmek sagdyn bedeni terbiýelemegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu barada Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň lukmany Narsoltan Tursunbaýewa şeýle gürrüň berýär.

Sportuň täsin görnüşleri

Jaý-alaý — sportuň bu görnüşi dünýäde iň tizlikli oýun hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onda oýunçy susaga meňzeş ýörite elligi geýip, pökgini diwara zyňýar. Bäsdeşi bolsa şol topy gapyp, ýene-de diwara zyňýar. Jaý-alaý üçin niýetlenilen pökgi örän gaty görnüşli bolup, ol sagatda 300 kilometre çenli tizlikde hereket edýär. Oýnuň dowamynda pökgini araçäkden çykarmaly däl, ýere-de gaçyrmaly däl. Oýunçylaryň aýtmaklaryna görä, pökginiň tiz ýyrtylýandygy sebäpli ony her 15 minutdan çalşyp durmaly bolýar. Suw astyndaky hokkeý — dünýäniň dürli ýurtlarynda, ýagny, Ýaponiýada, Belgiýada, Fransiýada, ABŞ-da hem-de Gollandiýada köp oýnalýan oýunlaryň biri. Her topardan alty türgeniň gatnaşmagynda suwdan doly howuzlarda pökgi sürülýän kelteräk, ujy egri (klýuşka) gural bilen oýnalýar. Şeýle ýagdaýda-da türgenler derwezä şaýba urmagyň hötdesinden gelýärler.

Gadymy oýnuň meşhurlygy artýar

Tennis meşhurlygy boýunça dünýäde futbol bilen basketboldan soňra üçünji orunda durup, onuň bilen 90 milliona golaý adam meşgullanýar. Ýurdumyzda-da bu görnüş soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe boldy. Paýtagtymyzda, şol sanda ähli welaýatlarda-da köpsanly tennis meýdançalary döredilip, ulanylmaga berildi. Welaýatymyzda Türkmenabat şäherindäki 6-njy, 9-njy hem-de Dänew, Köýtendag, Döwletli etraplaryndaky sport mekdeplerinde tennis bilen meşgullanýarlar. Olarda 9 tälimçi bu ugurdan 25 toparda türgenleşik geçýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan oglanlaryň we gyzlaryň sany bolsa 300-den geçýär. Olar dürli ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu sportuň şu güni we geljegi barada Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň birinji derejeli tälimçisi, Türkmenistanyň üç gezek çempiony Babamyrat Mamatrasulow bilen söhbetdeş bolduk: — Babamyrat aga ilki tennisiň taryhy bilen içgin tanyşdyraýsaňyz?

Sport syýasatynyň gadamlary

Üstünlige ýetilýär Arkadag Prezidentimiz ilatyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýe we sporty ösdürmegiň möhüm ähmiýetine uly üns berýär. Sebäbi, sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolup durýar. Şonuň üçinem milli Liderimiz ilaty, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek bilen bähbitli tagalla badalga berdi. Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda sporty ösdürmekde ýetilen sepgitler, gazanylýan ýeňişler milli Liderimiziň öňe süren türkmen sportuny ösdürmegiň syýasatynyň gadamlarynyň batlanýandygyny äşgär edýär. Şol bir wagtda bu syýasatyň rowaçlanmagynyň ilatyň saglygyny goramakda, sagdyn durmuşyň dabaralanmagynda aýgytly ädimdigini bellemelidiris.

Woleýbol ýaryşy geçirildi

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa ýaş türgenlerden düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýaryş diýseň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Onda «Bathyz», «Ahal», «Berkarar» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar dartgynlylygy bilen tapawutlandy. Gyzykly geçen ýaryşda «Ahal» toparynyň woleýbolçylary garşydaşlaryndan üstün çykyp, baýrakly birinji ornuň eýesi boldy. Ýaryşyň 2-nji, 3-nji baýrakly orunlaryna degişlilikde «Bathyz» we «Berkarar» toparlary eýe boldy.

Ekoulag: saglyk bilen tükeniksiz lezzet

Ekologiýa hiç-hili zyýan ýetirmeýän iki tigirli ulagyň — welosipediň üstünde oturan ýeriňden ýetişibildigiňden onuň çarhlaryna bat berýärsiň. Tizligiň bolsa barha artyp barýar. Özüňi aýna ýaly tekiz ýoldan ýüzüp barýan mysaly duýýarsyň. Badyň gowşanok. Ümzügiň bolsa öňe, gollaryň berdaşlanyp, üznüksiz hereketlenýän aýaklaryň gujurlanyp, süňňüňe güýç-kuwwat inen ýaly has-da hyjuwlanýarsyň. Şol pursat özüňi ýelgamak deý ýeňil duýup, dem alyş ýollaryň giňäp, tükeniksiz lezzete berleniňi duýman galýarsyň. Şeýle başdan geçirmelere geçen hepdäniň çarşenbe güni, ýagny, Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanymyzda eýe bolduk. Yzygider meşgullanmasamam, şol günki welosipedli ýöriş göwnümi galkyndyryp, ruhumy belende göterip, döredijilik äleminde täzeçilliklere ataryp, durmuş ýodasynda ýaşaýşa bolan höwesimi artdyrdy. Bedenimiň berkemegine has-da itergi berdi. Megerem, bu ýöriş oňa gatnaşan beýleki ençeme ildeşlerimizde-de şeýle täsirleri galdyran bolsa gerek. Ömrüni sportuň welosipedli görnüşine baglanlar hakda-ha gürrüň ýok.

Lukmanlaryň bäsleşigi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşy welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilelikde guradylar. Sportuň ähli görnüşleriniň ynsan saglygyna peýdasynyň uludygy hemmä mälim. Şol sanda stoluň üstünde oýnalýan tennis hem beden myşsalaryny herekete getirip, ýürek, dem alyş ýollarynyň işleýşini sazlaşdyrýar. Şeýle-de diňe bedeniň içki agzalarynyň işini kadalaşdyrman, eýsem, adamyň daş keşbini hem gözelleşdirýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlar syrdam, görmegeý bolýarlar.

Sport baýramçylygynyň joşguny

ÖŇŇIN Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giňden bellenip geçirildi. Etraplarda we Tejen şäherinde bu sene mynasybetli medeni, sport-sagaldyş çäreleri, dabaraly maslahatlar ýaýbaňlandyryldy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler bolsa, baýramçylyk dabaralaryna baý many öwüşginini goşdy. Welaýat derejesindäki esasy baýramçylyk dabaralary köpçülikleýin welosipedli ýörişden başlandy. Şonuň bilen baglanyşykly, ýörişe gatnaşyjylar ir säher bilen Ak bugdaý etrabynyň çägindäki dag tebigatynyň gözel künjegi bolan Bagabat jülgesine ýygnandylar. Dag jülgesinden welaýat merkezine alyp barýan ýoluň ugrunda gurnalan «Badalga» diýen ýazgyly arkanyň ýanyna ýygnanan ildeşlerimiz üçin daş-töwerekdäki gözellikleri synlamak, baharyň hoştap howasyndan dem almak has-da ýakymlydy. Welaýatymyzyň aýdym-saz, birleşen dutarçylar toparlarynyň joşup ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň owazy bolsa, ýaz säheriniň jana ýakymly şemalyna sazlaşyp, has uzaklara ýaň saldy hem-de welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Şeýle göwün göteriji pursatlarda welosipedli ýörişe badalga berildi.

Sport — dostlugyň ýoly

Eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Dostlugyň we ynanyşmagyň başlangyjy bolan sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýje öwrüldi. Eziz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Halkymyzyň saglygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýäni hem-de sporty jemgyýetimizi, halklary jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdügini belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrundaky işler giň gerim bilen alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport saglygyň, gözelligiň, ruhy baýlygyň girewi bolup durýar. Şoňa baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli sporty ösdürmek, sport ulgamynda halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara tejribe alyşmak babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Halklaryň arasynda dost-d

Sagdynlygyň gözbaşy

Halkara abraýy gün-günden Arşa galýan ata Watanymyz häzirki wagtda Ýer ýüzünde sagdynlygyň we ruhubelentligiň Diýary hökmünde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň, aýratyn hem, ata Watanymyzyň geljegi, bolan ýaş nesilleriň sagdynlygy babatda amala aşyrylýan beýik işleriň ähmiýeti örän uludyr. Düýn ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda Bütindünýä saglyk gününiň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatda geçen sanlyja ýylyň içinde ýaşlaryň sport bilen işjeň meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Sport ulgamynda bitirilen beýik işler hakynda gürrüň edilende paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ýerde 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň taryhynda hem möhüm wakalaryň biri bolupdy. Halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýeri, sebitiň iri sport merkezi bolan Olimpiýa şäherçesinde şu ýyl hem Welotrek boýunça dünýä çempionaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. Şeýle hem, paýtagtymyzda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşlaryň saýlama tapgyrynyň geçirilmegine uludan taýýarlyk görülýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk