Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Zehinli türgen

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň ýaşlary özlerini bagtly ynsan hasaplamaga haklydyr. Çünki Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek Berkarar döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, sport we sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň ähli mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam edýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz ählimiz üçin görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiz: «Mähriban ýaşlar! Watana wepaly bolmakda, zähmetsöýerlikde, ynsanperwerlikde, halallykda siz beýlekilere nusga bolmalysyňyz!» diýip sargyt etmek bilen, ýaşlara uly ynam bildirýär. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt-pentlerine eýerip, öz üstünlikleri bilen Watanymyzyň ýaşyl Tuguny birnäçe döwletlerde parlatmagy başaran ýaşlaryň biri-de hazarly ýaş türgen Ýakub Meredowdyr. Ol 8 ýaşyndan Hazar şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebinde Batyr Aşyrowyň elinde boks boýunça tälim alyp başlaýar. Ýakup çagalykdan maksadaokgunly we zähmetsöýer bolup, şäherara we welaýat derejede geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başarýar. Ol 2013-nji ýylda 56 kg agramda Türkmenistanyň çempionatynda 1-nji orna mynasyp bolýar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda öňe saýlanýar. Şol ýyl Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen boks boýunça dünýä çempionatyna hem-de Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan Uniwersia

Ýaş tälimçi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 3-nji ýyl talyby hem-de Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň tälimçisi Ýazberdi Paýanow öz ugrundan ussatlyga ýeten türgenleriň biridir. Biz golaýda Ýazberdi bilen söhbetdeş bolup, onuň sport ýolunda gazanan üstünlikleri hakynda beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. – Kikboksing bilen 2008-nji ýyldan bäri meşgullanyp gelýärin. Meniň halypam Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi A.N.Snagowskiý. Kakam Çarymyrat Paýanow hem bu hünärmenden tälim alyp, Türkmenistanyň ençeme gezek çempiony bolmagy başarypdy. Tejribeli tälimçi indi birnäçe ýyl bäri maňa kikboksingiň inçe tilsimlerini öwredip gelýär. Bu bolsa birnäçe ýaryşlarda üstünlik gazanmagyma getirdi.

Welaýatyň birinjiligi

Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň TMÝG-niň welaýat geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen bilelikde guramaklarynda Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebinde oglan-gyzlaryň arasynda agyr atletika boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşda oglanlaryň arasynda 45 kg agramda Ysmaýyl Hajymämmedow, 49 kg agramda Rüstem Mämmiýew, 55 kg-de Yslam Musaýew, 61 kg-de Şamämmet Täçmämmedow, 67 kg agramda Salyh Nurmammedow, 73 kg-de Musa Jumagulyýew, +73 kg-de Remezan Töräýew dagy ýeňiji boldy. Gyzlaryň arasynda 41 kg-de Gülruh Japarawa, 45 kg-de Maýagözel Kürmenowa, 49 kg-de Keýki Aganazarowa, 55 kg-de Aýläle Sähedowa, 59 kg-de Artykgül Kadyrowa dagy öňdeligi eýeledi.

Welaýatlardan habarlar

«Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport parahatlykdyr, dostlukdyr, sagdynlykdyr we gözellikdir!» atly şygar bilen guralan wagyz-nesihat ähmiýetli çäre örän täsirli boldy. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Mary welaýatynyň Baş bilim müdirligi, Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Oguzhan etrap birleşmesi bilelikde guradylar. Meýlis YLÝASOW,

Bagtly çagalygyň ýurdy

Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy. Ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, boş wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýär. Şu günler bagtyýar çagalar wagtlaryny bilim ojaklarynyň dynç alyş meýdançalarynda, Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şeýle-de, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň seýilgählerinde şatlyk-şagalaňda geçirýärler. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden taýdan sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň guramagynda «Aşgabat» seýilgähinde çagalaryň arasynda şahsy arassaçylyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada söhbetdeşlikler guralýar. Şeýle-de, çagalar ýapyk toplumlarda «kim çalasyn?», «bir aýakda towusmak», «haltada bökmek», «ýüpde bökmek» bäsleşiklerinde we küşt, düzzüm ýaly oýunlarda öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarýarlar. Goý, il-günüň bagtly durmuşy, çagalaryň eşretli gelejegi ugrunda irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Türkmeniň gadymy sungaty

Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmen milli göreşi toýlaryň bezegi hasaplanypdyr. Uly-uly toýlara alysdan we ýakyndan pälwanlar çagyrylypdyr. Türkmen halkynyň köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli göreşi halkyň durmuşynda biçak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Muňa edebi mirasymyza ser salanymyzda hem göz ýetirýäris. Ençeme asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçip gelýän «Görogly» şadessanyny okanymyzda, Göroglynyň, Bezirgeniň, gelin-gyzlaryň arasynda Harmandäliniň, Aýsoltanyň keşpleri arkaly halkymyzyň durmuşynda göreşiň nähili orna eýe bolýandygyny, pälwanlara nähili hormat-sarpanyň goýlandygyny görýäris. Türkmen milli göreşine taryhyň ähli döwürlerinde aýratyn ähmiýet berlipdir. Şu sebäpli hem, göreş tutýan pälwanlara il içinde uly hormat goýlupdyr.

Halypa pälwan

Geçen asyryň 70 – 80-nji ýyllarynda ýokary derejede çykyş eden grek-rim göreşiniň ussatlary Gennadiý Nazarowyň, Boris Kramorenkonyň, Ramis Kagramanowyň, Aleksandr Litwinowyň atlary tanyş bolsa gerek. Çykyş eden döwürleri diňe bir ýerli bäsleşiklerde däl, eýsem-de, halkara ýaryşlarynda hem ussatlyklaryny görkezen bu pälwanlar ýurdumyzyň göreş mekdebiniň öň hatarlardadygyny ýyllarboýy görkezmegi başarypdylar. Biz hem şeýle halypalaryň biri, öz döwründe ýurdumyzyň birnäçe gezek ýeňijisi, öňki soýuzyň çäginde geçirilen halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan Aleksandr Litwinow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Tüweleme, göreş bilen bagly hünär ýoluňyz ýarym asyra dagy uzaberipdir.

Üstünliklerimiziň açary

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Serdar etrap geňeşi etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi we etrap hassahanasy bilen bilelikde ýaş türgenleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Sporty hemra edinip, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän ýaş nesiller ýaramaz endiklerden daşda durýarlar. Sport bilen meşgullanmak, bu babatda tebigy ukyp-başarjaňlygyňy ýüze çykarmak, kämilleşmek üçin ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen giň mümkinçilikler döredilen. Ine, şular dogrusynda duşuşykda çykyş edenler buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Küşt meseleleri

Bölümi Türkmenistanyň milli oýunlarynyň merkeziniň baş tälimçisi B.Atabaýew alyp barýar. 19-njy mesele

Taryhda şu gün

1971-nji ýylyň 10-njy iýulynda kaliforniýaly telekeçiler Geri Dewidson bilen Dennis Merfiniň tagallalary netijesinde Bütindünýä hokkeý assosiasiýasy döredilýär. Hokkeý janköýerleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan Milli hokkeý ligasynyň (NHL) esasy bäsdeşi hökmünde döredilen WHA guramasy ilkibaşdan iri ýaryşlary guramagy ýola goýýar. Bu gurama, ilkinji nobatda, Fil Espozito, Gordi Hou, Bobbi Hall... ýaly NHL-iň «ýyldyz» hokkeýçilerini öz tarapyna çekýär. 1971-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Nýu-Ýorkda WHA-nyň guramagyndaky ýaryşyň ilkinji duşuşygy geçirilýär. WHA tarapyndan geçirilen iň soňky çempionat 1978/79 möwsüme gabat gelýär. Bu ýaryşyň yzysüresi NHL-iň hem-de WHA-nyň ýolbaşçylary ýaryşlary bir guramanyň astynda geçirmek baradaky ylalaşyga gelýärler. Şondan soň professional hokkeýdäki duşuşyklar täze döredilen Milli hokkeý assosiasiýasynyň guramagynda geçirilip ugralýar.

Futzal çempionaty başlandy

Ýakynda Türkmenistanyň nobatdaky futzal çempionatyna (Naýbaşy ligasy) badalga berildi. Toparlaryň sekizisiniň gatnaşmagynda geçirilýän futzal çempionatynda dört tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Olar paýtagtymyzda geçirilip, netijede «Köpetdag» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Naýbaşy liganyň 5 – 8-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary 27 – 31-nji iýul aralygynda Mary şäherinde geçiriler.

Kopa Amerikada finalyň ady: Argentina–Braziliýa

Braziliýada geçirilýän Kopa Amerikada ikinji finalçy Argentinanyň ýygyndysy boldy. Tangoçylar bu ugurda ýarym finalda Kolumbiýanyň ýygyndysyny penaltilerden soň ýeňlişe sezewar etdi. 7-nji minutda Lautara Martines argentinleri öňe saýlady. 61-nji minutda-da Luis Diaz hasaby deňledi. Şeýlelikde, esasy we goşmaça wagty 1-1 deňlikde gutaran oýunda penaltilerde 3-2 öňe saýlanan Argentinanyň ýygyndysy 29-njy gezek finala çykmagy başardy. Argentinler mundan öňki 28 finalyň 14-sinde çempion bolupdylar. Argentinanyň ýygyndysy finalda köne bäsdeşi Braziliýa bilen duşuşar. “Marakanada” oýnaljak Argentina-Braziliýa finaly 11-nji iýulda Aşgabat wagty bilen 06:00-da başlanar. Bu olaryň özara Kopa Amerikadaky 4-nji finaly bolar. Mundan öňki 3 finalyň 2-sinde Braziliýa ýeňiş gazanypdy.

Italiýa 4-nji gezek finalda

Ýewropa çempionatynda ilkinji finalçy Italiýanyň ýygyndysy boldy. Italýanlar bu ugurda ýarym finalda Ispaniýanyň ýygyndysyny penaltilerden soň ýeňmegi başardy. Ispanlaryň kontrollygynda geçen oýnuň 1-nji ýarymy golsuz tamamlandy. Oýny öz meýdançasynda kabul eden italýanlar ilkinji bolup hasaby açdylar. Duşuşygyň 60-njy minutynda Federiko Kieza owadan urgy bilen toparyny öňe çykardy. Ispanlar bu gola laýyk 20 minutdan soň, has takygy, 80-nji minutda Alwaro Moratanyň goly bilen jogap berdi. Oýnuň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda-da italýanlar goragda ýalňyşmady we ýeňijini penalti urgulary kesgitledi. Penalti urgularynda italýanlardan Lokatelli takyk urup bilmedi. Ispanlardan bolsa, hasaby deňlän goluň iki awtory Olmo bilen Moratanyň urgulary takyk bolmady. Şeýlelikde, 4-2 hasabynda öňe saýlanan Italýanlar 1968-nji, 2000-nji we 2012-nji ýyllardan soň, 4-nji gezek finalda oýnamaga hukuk gazandylar. Italiýanyň ýygyndysy Germaniýadan soň iň köp finala çykan ýygyndy boldy. Italiýa-da, Ispaniýa-da 6-njy gezek penalti urgularyny geçirip, italýanlar 3-nji gezek ýeňiş gazandy, ispanlar 2-nji gezek ýeňildi.

Serhio Ramos PSŽ-de

Ispaniýaly meşhur goragçy Serhio Ramos PSŽ kluby bilen resmi ýagdaýda şertnama baglaşdy. Parižliler 35 ýaşyndaky ýyldyz oýunçyny 2023-nji ýyla çenli degişli bolan şertnama bilen düzümlerine goşdular. Ramos täze toparynda-da 4-nji belgili formany geýer. Ramos 16 ýyllap “Real Madridde” çykyş edipdi we şertnamasy tamamlanypdy. Ol Realyň düzüminde 22 kubok gazandy. PSŽ golaýda “Interiň” marokkoly sag gyraky goragçysy Aşraf Hakimini hem 4 ýyllyk şertnama bilen transfer edipdi. PSŽ bu transfer üçin 60 million ýewrony “Intere” berer. Weýnaldumy tölegsiz düzümine goşan PSŽ italiýaly derwezeçi Janluiji Donnarummany hem transfer etdi we öňümizdäki günlerde bu transferiň hem resmi ýagdaýda mälim edilmegine garaşylýar.

Futbolyň watany 55 ýyldan soň finalda

Ýarym finalyň beýleki duşuşygy-da köpleriň garaşyşy ýaly geçdi. Wembley-de oýnalan Angliýa-Daniýa duşuşygynda ýeňiş iňlisleriň tarapynda boldy. Çekeleşikli geçen oýunda Angliýanyň ýygyndysy çempionatyň sýurpriz toparyny goşmaça wagtda 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy. Oýnuň 30-njy minutda Mikkel Damsgor jerime urgusyndan owadan gol bilen daniýalylary öňe saýlady. Iňlisleriň bu gola jogaby gijikmedi. 39-njy minutda Sakanyň sag gyradan jerime meýdançasynyň içine gönükdiren topuny Simon Kýer Rahim Sterlingden öňürti ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden girizdi. Ikinji ýarymda-da oýnuň kontrollygy iňlislerde bolup, daniýalylar wagtal-wagtal garşylyklaýyn hüjümler guradylar. Netijede, oýnuň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtyň 104-nji minutynda emin azda-kände jedelli pursatda iňlisleriň peýdasyna penalti urgusyny belledi. Harri Keýniň urgusyny derwezeçi Kasper Şmeýhel birinji gezek gezek sowsa-da, ýyldyz hüjümçi yzyna gaýdan topy derwezä gönükdirdi. Şeýlelikde, futbolyň watany Angliýa taryhynda ilkinji gezek yklym ýaryşynyň finalynda oýnamaga hukuk gazandy. Angliýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda finala çykan 13-nji topar hökmünde hasaba alyndy. Mundan öňki 12 toparyň 10-sy çempionlyk gazanypdy. Mundan öň finala çykybam diňe ozalky Ýugoslawiýa bilen Belgiýanyň ýygyndylary kubogy alyp bilmändiler. Bu olaryň uly ýaryşlardaky 2-nji finaly bolar. Angliýanyň ýygyndysy mundan

Wers­tap­pe­niň yz­ly-yzy­na 3-nji ýeň­şi

Formula1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 9-njy ýa­ry­şy Awst­ri­ýa «Gran P­ri­sin­de» «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş ga­zan­dy. Bas­syr 3-nji, möw­süm­dä­ki 5-nji, umu­my­lyk­da-da 15 ýeň­şi­ni ga­za­nan Wers­tap­pen 71 aý­la­wy 1 sa­gat 23 mi­nut 54,543 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. On­dan 17,973 se­kunt yza ga­lan finl­ýan­di­ýa­ly Walt­te­ri Bot­tas (Mercedes) 2-nji ýe­ri eýe­le­di. McLa­ren to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si ýe­ňi­ji­den 20,019 se­kunt az ne­ti­je gör­ke­zip, mün­be­riň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Soň­ky çem­pi­on, bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji Lýu­wis Ha­mil­ton 4-nji ýer bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy. Bu ýa­ryş­dan soň, utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny 32-ä ýe­ti­ren Maks Wers­tap­pen 182 utuk bi­len bi­rin­ji orun­da bar­ýar. Ikin­ji ýer­dä­ki Lýu­wis Ha­mil­to­nyň 150, üçün­ji bas­gan­çak­da­ky Ser­hio Pe­re­ziň 104 utu­gy bar. Möw­sü­miň 10-njy ýa­ry­şy Bri­ta­ni­ýa «Gran Pri­si» 18-nji iýun­da ge­çi­ri­ler.

Sportuň sarpalanýan eýýamy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, ähli ugurlara bolşy ýaly, sporta hem uly üns berilýär. Ýaşlarymyzyň bilim-terbiýe, dynç almaklary, sport bilen giňden meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda gurlup, ulanylmaga berlen sport mekdepleri we beýleki sport desgalary ýaşlarymyzyň sporta bolan höweslerini has-da artdyrdy. Biziň etrabymyzda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde iki sany sport mekdebi gurlup, ulanylmaga berildi. Şol döwrebap sport mekdepleriniň biri biziň Madaw obamyzda ýerleşýär. Onda türgenleşmek, ýaryşlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sportuň futbol, woleýbol, ýeňil atletika, milli göreş we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaga bu ýerde ajaýyp şertler bar.

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerinde eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilýän sepgitleriň özi bagtlylykdan nyşan. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpugurly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda sport ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň etmek has-da ýakymly. Milli Liderimiziň başda durmagynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler örän bimöçberdir. Gahryman Arkadagymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy bize görelde mekdebi bolup durýar. Sebäbi sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmeklerine, bedenleriniň berkemegine ýardam edýär. Yzygiderli bedenterbiýe maşklary adamda oňyn şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketleriniň kemala gelmegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesek watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Sport. Sport. Sport.

Yhlas edilýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ösüp gelýän ýaş nesli kämil derejede kemala getirmekde bimöçber işler amala aşyrylýar. “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň” Maksatnamasyndan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalar özüniň oňyn netijesini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, sporty ýaşaýşyň hemrasyna öwren türgenler döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň abraýyny dünýä derejesinde belende göterýärler. Türkmenistan döwletimiz sportuň we sagdynlygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar.

Körpeleriň başarnygy

Sarahs etrabyndaky “Älemgoşar” atly 1-nji çagalar bakja-bagynda sport oýunlarynyň ähmiýetini we sagdyn durmuşy açyp görkezýän bäsleşik geçirildi. Etrabyň bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň meýilnamasy esasynda geçirilen bäsleşikde ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höwesini artdyrmak maksat edinildi. Bäsleşige gatnaşýan körpeleriň ýerine ýetirmeginde sport hakynda aýdymlar aýdylyp, goşgular okaldy. Maşk tanslarynyň, gyzykly hem-de täsirli sport oýunlarynyň, şol sanda türkmen milli oýunlarynyň ýerine ýetirilmegi aýratyn täsirli bolup, körpeleriň ukyp-başarnyklaryny görkezdi.