"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Halk hazynasyndan ylym hazynasyna (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly talyp il arasyndan halk döredijilik eserlerini ýygnap, olary ylmy taýdan öwrenmäge goşant goşdy Ýaş alym barada maglumat: Gunça Gurbanowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby. Ylmy işi: «Hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde milli medeniýet hadysasynyň ylmy-çeper teswiri».

Türkmen ylmynyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekýär. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Almany uzak wagtlap ter saklamagyň ylmy usuly

Biziň «Demirgazyk Türkmenistanyň şertlerinde miweleri we gök-bakja ekinlerini saklamak we gaýtadan işlemek» atly tema boýunça alyp barýan ylmy-barlag işimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasaba alnyp, onuň maksady ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän almanyň giçki möhletlerde bişip ýetişýän sortlaryny öý şertlerinde we sowadyjylary ulanyp, önümiň harytlyk çykymyny ýokary derejede saklamakdan, ahyrynda önümçilige ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Biz, esasan, alma miweleri uzak saklananda, onuň biohimiki görkezijilerine täsirini anyklamak boýunça ylmy işleri geçirýäris. Geçirilen biohimiki barlaglaryň netijelerine görä, tejribelerde ulanylan almalaryň himiki görkezijileri özara ep-esli derejede tapawutlanýarlar. Almanyň «Renet Simirenko» we «Starkrimson» sortlarynda gury maddalaryň mukdary, takmynan, bir derejede saklandy. «Golden delişesde» bolsa bu görkeziji beýleki sortlara görä, 2 göterime çenli ýokary boldy. Miweleriň şireleriniň düzümindäki gantlaryň mukdary babatynda «Golden delişes» sorty düzüminde 15,9 göterim gant saklap, ol barlanan nusgalaryň arasyndan iň hoşboý tagamy bilen tapawutlandy. Bu bolsa önümiň harytlyk gymmaty üçin ähmiýetli görkezijidir.

Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň maksatnamasy durmuşa geçirilip başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar. Dogrudan-da, durmuşyň häzirki şertlerinde himiýa senagatynyň eýeleýän ornuna baha bermek kyndyr. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, agyr we ýeňil maşyn gurluşygy, durmuş himiýasy, mebel önümçiligi, azyk senagaty we iň täze ylmy pudaklaryň ählisi ol ýa-da beýleki derejede himiýa önümleriniň önümçiligine bagly bolup durýar.

Ýurdumyzyň himiýaçy alymlarynyň derman önümçiligine goşandy

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmyň önümçilige işjeň goşulmagy babatynda öňde goýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň işleriniň netijesinde öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag instituty Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde öz işlerini amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň lukmançylyk senagatyna uly goşant goşýar. Himiýa instituty ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň arasynda ilkinji bolup, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan doly hojalyk hasaplaşygyna geçdi. Degişlilikde, onuň ähli bölümleri buýurmalary we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna öz-özüni üpjün etmäge geçirildi.

Döwrüň täze hünäri

Arkadag Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, adamzat paýhasynyň gazanan ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri ylymdyr. Häzirki döwürde ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şu jähtden ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, hilini ýokarlandyrmak, döwrebaplaşdyrmak we dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek ugrunda bimöçber işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň gözýetimli, sagdyn pikirlenmegi başarýan we özleriniň saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmaklary üçin gönükdirilendir. Häzirki wagtda döwür bilen aýakdaş gitmek, döwrüň talabyny ödemek üçin tehnologiýalar dünýäsine aralaşmak we onuň soňky gazananlaryndan baş çykaryp bilmeklik hem-de dünýä dilleri bolan, iňlis we ýapon dillerinde öz pikiriňi erkin beýan edip bilmeklik esasy meseleleriň biri bolup durýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda şeýle ýokary taýýarlykly hünärmene bolan isleg häzirki döwürde has hem artýar. Bu bolsa mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň aglaba böleginiň inženerçilik hünärine ýykgyn etmeklerine getirýär we bu hünäre bolan isleg has-da artýar.

Ýaşlar syýasatynda ýaş alymlaryň orny

Düýn mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmakda ýaş alymlaryň orny» ady bilen wideoaragatnaşyk arkaly hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ylym-bilim edaralarynyň Ýaş alymlar geňeşleriniň ýolbaşçylary, Ylymlar akademiýasynyň halypa alymlary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýolbaşçylary onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň geljek bäş ýyl üçin Döwlet maksatnamasynda hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda görkezilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Ýaş alymlar merkezi we ylym-bilim edaralarynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşleri tarapyndan alnyp barylmaly işler dogrusynda pikir alşyldy. Şu maksat bilen, Ýaş alymlar merkezi tarapyndan ylym we bilim edaralaryndaky Ýaş alymlar geňeşleriniň arasynda ýörite düzgünnamalar esasynda «Ýaş alym», «Ýaş alymlar geňeşleriniň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik», «Öňdebaryjy Ýaş alymlar geňeşi» atly bäsleşikleri guramak meýilleşdirilýär. Maslahata gatnaşyjylar ýaşlaryň ylmy ku

Ylym bagynyň bagbany

Professor Ö.Muhammetberdiýew sosiologiýanyň, demografiýanyň, politologiýanyň, filosofiýanyň, sosial psihologiýanyň meseleleri boýunça ylmy we ylmy populýar işleriň 150-den gowragynyň, ylmy monografiýalaryň ikisiniň, sözlükleriň üçüsiniň, okuw kitaplarynyň dördüsiniň awtorydyr. Öwezdurdy Muhammetberdiýew 1992-nji ýylda Russiýanyň Dolandyryş akademiýasynyň Ýöriteleşdirilen Geňeşinde «Sosiologiýa ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejesini alýar. Ol bu ylmy ugurdan Türkmenistanda ilkinji doktorlyk derejesi bolan alymdyr.

Paýhas ösüşiniň görkezijisi

Heňňamyň gatlaryndaky baý taryhy agtarsaň, halkymyzyň kitaba, kitap okaýan sowatly, düşünjeli, bilimli, ylymly adamlara uly hormat goýandyklaryny görmek bolýar. Irki döwürlerde beýik türkmen şahsyýetleri pähim-parasata ýugrulan we özünde gymmatly maglumatlary jemleýän kitaplaryň ylmy ojaklary bolan kaşaň kitaphanalary gurdurypdyrlar. Gadymy Nusaýda, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda we Merwde iri kitaphanalar bolupdyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de dünýä ölçeglerine laýyk derejede rejelemek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär, halkymyzyň ruhy baýlygynyň medeni ojagy bolan kitaphana ulgamynda guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Eziz Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde häzirki zaman enjamlary bilen doly üpjün edilen döwrebap kitaphanalar ulanylmaga berildi. Olarda giň mümkinçilikler döredilendir.

Kitap okamagyň usuly

Adamzadyň häzirki ösen ýokary derejesi, ilkinji nobatda, kitap bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ynsanyň ýaşaýşynyň, çekýän zähmetiniň ähli ugurlary, jemgyýetiň geçmişi, şu güni we geljegi hakyndaky maglumatlar bu bahasyz baýlykda jemlenendir. Kitap bilimiň, ylmyň gözbaşydyr. Ondaky berilýän maglumatlar ösüp gelýän ýaş nesle ylym-bilim ummanyna ynamly aralaşmaga ýardam berýär. Kitaba şeýle iňňän üýtgeşik, dykgat bilen üns berilmegi bolsa onuň adamzadyň durmuşynda deňi-taýy bolmadyk uly ornunyň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu gymmatly baýlyk üçin göz dikip oturan malyndan geçmäge taýýar türkmen kitaba bolan söýgüsini asyrlardan, heňňamlardan aşyryp, häzirki döwre ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiz kitaba sarpa goýmagyň nusgalyk göreldesini görkezýär. Bu röwşen hakykat Arkadag Prezidentimiziň ajaýyp eserleri bolan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda, «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda giňden we örän inçelik bilen açylyp görkezilýär. Eždatlarymyzyň kitap, onuň peýdasy hakyndaky ýörelgeleri häzirki zamanda täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan döwletimizde Garaşsyzlyk ýyllarynda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna daýanýan kaşaň kitaphanalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň kitap gorlarynyň üsti täze neşir edilýän kitaplar bilen baýlaşdyrylyp durulýar.

Türkmen buýanynyň melhemlik gymmaty

Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda: «Parasatly ata-babalarymyzdan dertlere garşy netijeli ulanylan, şypa beriji dürli melhem otlar hem bize miras galdy. Häzirki lukmançylyk ylmy bolsa bu ösümlikleriň bir wagtlar ýönekeý usullarda anyklanan gymmatly häsiýetleriniň bardygyny tassyklaýar. Diňe tassyklamak hem däl, olary öwrenmek we netijeli ulanmak üçin giň mümkinçilikleri-de açýar» diýip belledi. Şol mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ösýän süýji buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri we ony täze dörän koronawirus ýokanjyny bejermekde ulanyp boljakdygy barada hem köp maglumatlary getirdi. Ýaşaýşyň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, ösümlikler özüniň ösüp oturan ýerlerinde ähli kesellerden, zyýan ýetirijilerden, ösümligi iýýän haýwanlardan, mör-möjeklerden, beýleki ösümliklerden goranmaly, topragyň, daşky gurşawyň, ekologiýanyň zyýanly täsirlerine uýgunlaşmaly bolýar. Ösümlikleriň uýgunlaşmak mümkinçilikleri nesilden-nesle geçýän mutasiýalaryň, tebigy seçginiň we ewolýusion üýtgeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar. Ösümligiň bedeninde döreýän tötänleýin mutasiýalar metabolik hadysalarda täze birleşmeleriň emele gelmegine sebäp bolýar. Şeýle maddalaryň içinde kesel döredijilere, ot iýýän haýwanlara we beýleki zyýanly ösümliklere garşy zäherlisi bar bolsa, olar ösümlik tarapyndan ýörite genleriň üsti bilen nesle g

Ýagşylyga barýan ýol

Edepmi ýa bilim? Alymlaryň söhbedinde ynsan üçin edep-terbiýäniň ýa-da ylym-bilimiň haýsysynyň has möhümligi hakynda jedel gidipdir. Ýaş alymlaryň biri ähli ösüşleriň ylym-bilim arkaly gazanylýandygyny nygtasa, beýlekisi, ynsanyň ähli belent mertebelere ylym-bilim arkaly ýetip, maddy we ruhy isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilikleriniň döreýändigini aýdypdyr.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiý

Täze ylmy çemeleşme

Ýyladyşhanalar üçin buýan substraty önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz parasatly ata-babalarymyz tarapyndan dertlere garşy netijeli ulanylan, şypa beriji dürli melhem otlaryň bize miras galandygyny nygtady. Milli Liderimiz, aýratyn-da, buýan köküniň dermanlyk häsiýetini belläp, häzirki döwürde bu ösümligiň 350-den gowrak derman serişdesiniň düzümine goşulýandygyny aýtdy. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaby gymmatly gollanmadyr.

Ylymly sütün

Täzelikleridir täsinlikleri bilen hemişe haýrana goýýan bir ulgam bar: ylym-bilim. Soňky ýyllarda bu ulgamdaky ösüşdir täzelikleriň tizligine ýetişer ýaly hem däl. Eýsem, siz ylmyň 2020-nji ýylda Ýer togalagyna bagyşlan baýlyklarynyň käbiri bilen tanyşmaga taýýarmy?! * * *

Talyplary ylmy işlere ugrukdyrmak

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda birnäçe kanunlar kabul edilip, şolaryň esasynda ençeme maksatnamalar herekete girizildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem bar. Milli Liderimiz: “Türkmenistanyň döwlet syýasatynda biz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge uly ähmiýet berýäris” diýip, aýratyn nygtaýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim bermegiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bilim ojaklarynyň ählisi kompýuter tehnologiýalary we multimedi enjamlary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklary bilim maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen innowasion-tehnologik gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge täze badalga aldy. Mundan başga-da, ata Watanymyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de, ýurdumyzda her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşige hödürlenilýän ylmy işler nanotehnologiýalara, himiki tehnologiýalara, täze materiallary öwrenmäge we energetika, biotehnologiýa,

Şu günki yhlas — ertirki hasyl (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly ýaş alym topragy guş dersinden taýýarlanan organomineral dökün bilen baýlaşdyrmagy teklip edýär Ýaş alym barada maglumat: Kadyr Amanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 4-nji ýyl talyby. Işiniň ady: «Ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşy».

Ylym dünýäsiniň çyragy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda köptaraply ylmy we ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy» diýip, halkymyzyň köpasyrlyk edebi mirasynyň baýlaşmagy üçin uly işleri bitiren şahsyýetlerimize bolan belent hormatyny beýan edýär. Şeýle meşhur şahsyýetleriň hatarynda dünýä ylmynyň taryhyna ebedi adyny ýazan Abu Reýhan Birunydyr.

Süýt ba­ra­da

Ýer ýüzüniň ilatynyň her gün 1,5 million litr, ýylda bolsa 580 million litr süýt sarp edýändikleri halkara bilermenleriň geçiren barlaglary netijesinde ýüze çykaryldy. Düzümi boýunça sygyr süýdi saglyga has peýdalydyr. Onda ynsan bedenine zerur bolan aminokislotalar bilen üpjün edýän üç ýüz esse çylşyrymly belok kazein bar.

Algebranyň atasy

Maglumatlardan aýan bolşy ýaly, alym 12-den gowrak ylmy eserleri döredipdir. Muhammet ibn Musa al-Horezminiň galamyndan çykan işleriň hemmesi musulman Gündogar dininiň we ylmynyň ýörgünli dili saýylan arap dilinde ýazylypdyr. Biz şu ýazgymyzda Türkmenistanyň çäginde, esasan, VIII — IX asyrlarda ýaşap geçen, ensiklopediki ylmyň düýbüni tutan Abu Japar Muhammet ibn Musa al-Horezmi (780 — 850 ý.ý.) hem-de onuň döwürdeşleri hakynda durup geçmekçi. Muhammet ibn Musa al-Horezmi tutuş musulman Gündogarynyň iň ajaýyp, iň beýik alymlarynyň biri saýylmak bilen, takyk ylymlaryň — matematikanyň, astronomiýanyň kemala gelmegine, ösmegine ägirt uly goşant goşdy. Akyldaryň döredijiligi umumadamzat medeniýetiniň we ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Dünýä ylmynyň taryhnamasynda Gündogarda IX asyryň birinji ýarymynyň «al-Horezminiň döwri» diýlip ykrar edilmegi muňa aýdyň subutnamadyr.