"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Pyragynyň adyny dünýä ýaýyp gelen ýyl

Dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanjak 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, bu şygaryň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan gözbaş almagy halkymyzyň söze, şygryýete, edebiýata goýýan belent hormatyndan nyşan. Heniz sallançagynda uklap ýatan perzendini söz bilen hüwdüläp, ýagty geljek hakdaky arzuw-dilegleri bilen terbiýeleýän pederlerimiz sözüň, kitabyň güýjüne pugta ynanypdyrlar. Halkymyz ýaşaýyş-durmuşynda gabat gelýän ownukly-irili meseleleriň çözgüdine ýetmek üçin hemişe akyldar şahyryň şygyrlaryna ýüzlenip gelipdir. «Berkarar döwlet istärin» diýip köňül isleglerini beýan eýlän dana Pyragynyň arzuwlary bu gün berkarar döwletimizde myradyna gowuşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen halkynyň ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we berkarar döwlet baradaky arzuwlarydyr gymmatly ündewleri biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Biz dünýä halklarynyň edebiýatymyz, medeniýetimiz, sungatymyz, milli ýörelgelerimiz bilen içgin tanyşmaklary, döwletleriň we halklaryň arasynda ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip belleýär. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramas

Sungata baglanan ömür

Sungat — jadyly dünýä. Onuň ynsan ruhuna edýän täsiri-de üýtgeşik. Sungata bolan söýgi ynsan ogluna berlen ylahy peşgeş hasaplanýar. Özüne ýapylan zehin serpaýyny yhlas bilen kämilleşdirip, halka ýetirmegi başaran adam bolsa bagtdan paýlydyr. Ömrüni saz sungatyna bagyşlan şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Berdinyýaz Rejepmedowdyr. Berdinyýaz Rejepmedow 1943-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde dogulýar.

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň esa­sy al­tyn çeş­me­si

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Be­ýik Ýü­pek ýo­ly di­ňe bir söw­da ýo­ly bol­man, dün­ýä ta­ry­hyn­da Gün­do­gar we Gün­ba­tar me­de­ni­ýet­le­ri­ni öza­ra bag­la­nyş­dyr­ýan wa­jyp bag­la­ny­şyk­la­ryň bi­ri­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ker­wen ýol­la­ry ar­ka­ly di­ňe se­na­gat önüm­le­ri däl, eý­sem alym­la­ryň yl­my mi­ras­la­ry, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, açyş­la­ry, ho­ja­lyk üs­tün­lik­le­ri we aý­dyň hü­när ösü­şi­niň syr­la­ry ýaý­ra­dy­lyp­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da mil­li ta­ry­hy­myz­dan, ga­dy­my çeş­me­ler­den al­nan par­ça­lar, bo­lup ge­çen wa­ka­lar, döw­le­ti­mi­ziň hä­zir­ki za­man dur­mu­şy be­ýan edil­ýär.

Sungata siňen ömür

«Halypa mugallymyň okadyp goýberen şägirtleri häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýärler we kämilleşýärler. Halypa mugallym Türkmenistanyň halk artisti, aýdymçy Atajan Berdiýew, zehinli kompozitor, pianinoçy Maral Ýagşyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, kompozitor Jemal Reýimowa ýaly şägirtleri ýetişdirdi». Men synp otagymda oturyp, okuwçylaryň özüme bakýan ünsli we bilesigeliji nazarlaryny synlaýaryn. Ol göreçlerde meniň bilen özleri üçin gaýtalanmajak saz dünýäsiniň gapysyny açjakdyklaryna bolan ynam bar.

Köýnekçesin etsem zerden

Ussat zergär Aýjemal Çaryýewa bedew bilen bagly tema yzygiderli ýüzlenýän zenanlaryň biri. Onuň ussahanasyna baranymda, ilki bilen, ony bahar günleriniň öňüsyrasynda gyzjagazy Mähribanyň dünýä inmegi bilen gutladym. Ol şägirdi Altynjemal bilen Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görüp, täze «Wepaly bedew» diýen işe gerek galyňlykda düýplük ýasap oturan eken. Altynjemal halypasynyň diýýän işlerini ýerine ýetirýärdi. Ol gerekli kümşi eredip, gaba guýdy, soňra ýasylap ýörite zergärçilik byçgysy bilen oýma-kesme işlerini etdi. Men:

«Sumbar» owazlananda

Meger, onuň sesi başgaça, has üýtgeşik çyksa gerek. Çünki baryp, geçen asyryň segseninji ýyllarynda türkmen halk döredijiligini, milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýan «Sumbar» halk folklor topary ruhy atamyzyň göbek gany daman mukaddes toprakda ýerleşýär. Türkmen topragynyň iň gözel ýerinde, Sumbar jülgesiniň asman boýlaýan dag-düzleriniň, owadan baýyrlarynyň, läle-reýhan sähralarynyň goýnunda ösüp-ulalan şahyr, tebigatyň jadyly dünýäsinden ylham alyp, ajaýyp eserleri döredipdir. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri asyrlaryň dowamynda elden-ele, dilden-dile geçip, bagtyýarlyk döwrümize gelip ýetipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly atamyzyň ylahy zehininden dörän şygyrlar şirin mukam bolup, dünýä dillerinde has belentden ýaňlanýar. Bu günki gün:

77-nji Kann film fes­ti­wa­lyn­da «Al­tyn pal­ma» baý­ra­gy­na da­laş­gär film­ler mä­lim edil­di

Ki­no sun­ga­ty­nyň iň esa­sy film fes­ti­wal­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýän Kann ki­no fes­ti­wa­lyn­da baş baý­ra­gyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Şu ýy­lyň 14–25-nji ma­ýy ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek 77-nji Kann film fes­ti­wa­lyn­da baş baý­rak bo­lan «Al­tyn pal­ma» 19 film da­laş­gär gör­ke­zil­di. Fran­si­ýa­ly re­žiss­ýor Ken­ten Dýup­ýo­nyň «Ikin­ji akt» (Le deuxième acte) fil­mi bi­len açyl­jak fes­ti­wal­da baş baý­ra­ga da­laş­gär gör­ke­zi­len e­kran eser­le­ri­niň ara­syn­da us­sat re­žiss­ýor Fran­sis Ford Kop­po­la, Ýor­gos Lan­ti­mos, And­rea Ar­nold, De­wid Kro­nen­berg, Žak Odiar, Ali Ab­ba­si, Pol Şra­der, Ki­rill Se­reb­ren­ni­kow, Pao­lo Sorrentino hem-de Szýa Çžan­ke ýa­ly bel­li re­žiss­ýor­la­ryň su­ra­ta dü­şü­ren soň­ky ki­no­la­ry hem bar.

«Akylly» şäherde ýaşajyk zehinleriň joşguny

Düýn Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde her ýyl guralýan bu gözden geçiriliş şu ýyl ýurdumyzyň «akylly» şäherinde ilkinji gezek geçirilýär. Bäsleşigiň baş maksady umumybilim berýän we sazçylyk mekdeplerinde, döredijilik merkezlerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän zehinli çagalary ýüze çykarmakdan, olaryň zehinine goldaw bermekden, milli aýdym-saz sungatynyň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmekden, ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Täze şäherde ilkinji gezek geçirilýän aýdym-saz bäsleşigi bolsa joşgunly konserte öwrüldi. Onda ýaşajyk zehinler ajaýyp sahnada çykyş edip, arzyly arzuwlaryna tarap gadam urmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle döredijilik bäsleşikleri synaglardyr başlangyçlar, täze gözlegler üçin meýdança bolup, ýaşlary öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ruhlandyrýar.

Körpeleriň kämilligi – baş maksadymyz

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynda geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň biri hem daşary ýurt dillerini öwrenmekdir. Biziň ýurdumyzda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda iňlis dili düýpli öwrenilýär. Ýurdumyzyň çagalar baglarynda körpeler iňlis dilini 4-5 ýaşlarynda öwrenip başlaýarlar. Iňlis dilini degişli maksatnama laýyklykda özleşdirseler, onda çagalaryň sözleýiş endikleri ösýär, söz baýlygy artýar. Şonuň üçin körpelere iňlis dili boýunça okuw maksatnamasynyň talabyna laýyk bilim bermek mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Çagalar baglarynda okatmagyň öz usuly aýratynlyklary bar. Ol aýratynlyklar sapagy usuly taýdan dogry guramak, çagalaryň ünsüni özüňe çekmek, sapaklary oýun esasynda alyp barmak, çagalaryň özbaşdak işläp bilmeklerini gazanmak, okuw görkezme esbaplaryndan, okuw serişdelerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelerden ybaratdyr. Şonuň üçin mugallym sapakda çagalaryň ünsüni çekjek dürli görnüşli oýunlary, didaktiki serişdeleri, ýumuşlary ulanmalydyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini öwretmekde oýunlaryň peýdasy uludyr. Dil öwretmekde oýunlaryň uly ähmiýetiniň bardygy pedagogikada subut edilendir.

«Kompozitor» medeni ojaklarda

8 — 14-nji aprel aralygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda, «Watan», «Türkmenistan» kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap Medeniýet öýlerinde «Kompozitor» filminiň görkezilişi boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren «Kompozitor» atly täze filmi gysga wagtyň içinde halkyň söýgüsini gazandy. Filmde ýaş nesliň terbiýesi we ösüşi üçin möhüm ruhy-ahlak gymmatlyklary beýan edilýär. Aýratyn-da, maşgala agzybirligi, jebisligi açylyp görkezilýär. Şonuň üçinem oňa ilkinjiler bolup, okuwçylar we talyp ýaşlar tomaşa etdiler. Filmde baş gahryman öz dogduk mekanynyň tebigatyndan, maşgala däp-dessurlaryndan we türkmen kompozitorlyk mekdebiniň baý mirasyndan ylham alyp, täze saz döredýär, okuwçylara bilim berýär. Filmde ähli wakany saz gürrüň berýär.

Şöhratly geçmişden röwşen geljege uzaýan ýol

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby şanly taryhymyza, maddy we ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa bolup, halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. Bu eseriň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylda çapdan çykmagy onuň ähmiýetini, many-mazmuny has-da artdyrdy. Kitaby okanyňda, gadymy Änewiň umumadamzat medeniýetiniň ösüşinde möhüm orny eýeländigi baradaky gymmatly maglumatlar hem-de gülläp ösýän şäheriň şu güni bilen tanyş bolýarsyň. Ajaýyp eseriň  «Gadymy Änewiň täsinligi» atly babynda şäheriň binagärlik ýadygärlikleri, «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bolsa TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä boýunça dabaraly bellenilmeginiň taryhy wakalar bolup, nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýändigi barada gürrüň edilýär. Şundanam görnüşi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň ýaşlarda şöhratly taryhymyza söýgi döretmekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.  Bu kitap muzeý işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr. Sebäbi gadymy medeniýete şaýatlyk edýän milli mirasymyz muzeýlerde aýawly saklanýar. Suwarymly ekerançylygyň gadymy ojagynyň ýerleşýän ýerinde Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň açylmagy,

Ösüşleriň ruhy güýji

Döwletimiz ähli ugurlarda taryhy üstünliklere eýe bolýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanyp, ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Munuň gözbaşynda durýan hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda gurmaga hem-de döretmäge esaslanýan döwlet syýasatymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Täze taryhy eýýamda medeniýetimiz we sungatymyz hem ajaýyp döwrümize mynasyp derejede kämilleşýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimiziň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy üçin ähli şertleri döredýändigine ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup ulanmaga berilýän medeni maksatly desgalaryň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda gurlan, ähli şert-mümkinçilikleri özünde jemleýän teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, aýdym-saz, döredijilik merkezleri ajaýyp zamanada ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýeten derejesiniň aýdyň nyşanydyr. Döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklarda dürli çäreler geçirilýär. Diýarymyzyň bagtyýar raýatlary ol ýerlere baryp, medeniýetli dynç alýarlar.

Medeniýetimiz — altyn hazynamyz

Durmuşymyzda wajyp orun eýeleýän medeniýet we sungat taryhy döwürde kämilligiň belentliklerini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiz pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu medeni baýramçylyk milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze eýýamda ösüşlere beslenýändiginiň subutnamasy bolmak bilen, pederlerimizden miras galyp, asyrlaryň kämillik mekdebinde sünnälenen ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň häzirki döwürde barha baýlaşýandygyny görkezýär.

Medeni mirasymyz — milli mertebämiz

Umumadamzat medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly hem-de gaýtalanmajak maddy-ruhy gymmatlyklary egsilmez hazynadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, “Türkmen halky beýik sungaty, ägirt uly edebi, medeni mirasy döredip bilen halkdyr”. Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimizdir asylly däp-dessurlarymyz döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez gymmatlykdyr. Şeýle-de halkymyzyň çäksiz we düýpsüz döredijilik ummany ata Watanymyza, merdana halkymyza wepaly, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde hem gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak görelde mekdebidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda asyrlar aşyp gelen milli gymmatlyklarymyzy we nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijilik mirasyny dünýä ýaýmak, wagyz etmek, olary geljekki nesillere ýetirmek boýunça tutumly işler geçirilýär. Muňa doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede dabaralanýan dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy buýsançly subutnama bolup dünýä dolýar. Bu işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, taryhy

Bagşyly halk — bagtly halk

Aýdym-saz diýlende, aslyny alyslardan alyp gaýdýan, halypadan şägirde, nesilden-nesle geçip, şu günlerimize gelip ýeten jadyly sungat göz öňüňde janlanýar. Şol sungat hem irginsiz zähmeti, yhlas-başarnygy, çäksiz söýgini talap edýär. «Bagşyly halk — bagtly halk» diýen aýtgyny ýörelge edinýän halkymyzda milli aýdym-saz sungatynyň taryhy ösüşiň şöhratly ýoluny geçdi. Halk bagşylarynyň we sazandalarynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan sungaty kämilligiň ýokary derejesine ýetdi. Munuň üçin aýdym-saz ägirtleri ýaşlaryň bu ugurda orunlaryny tapmaklary üçin yhlas etdiler, mynasyp goşantlaryny goşdular. Ajaýyp zamanada aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde çagalar sungat mekdepleri, ýörite sungat mekdepleri açyldy. Şol mekdeplerde hem ýaş nesiller aýdym-saz sungatynyň ilkinji basgançaklaryny geçýärler, bilim alýarlar, hünär öwrenýärler. Biziň welaýat ýörite sungat mekdebimizde okaýan talyp ýaşlarymyz hem bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Olar aýdym-sazyň inçe tilsimlerini ökdelik bilen ele alýarlar. Häzirki wagtda talyplarymyz özbaşdak aýdym aýdyp, saz çalyp, baýramçylyk çärelerinde yzygiderli çykyş edýärler. Halypa-şägirtlik ýoluna eýerýän bagtyýar talyplarymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine bildirýän ynamyny ödemäge çalyşýarlar. Elbetde, şeýle ýaşlaryň hatarynyň artmagy biziň hem ç

Sungata höwesli ýaşlar

Ýaşlara Watanyň daýanjy hökmünde mynasyp baha berýän hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesindäki aladalary netijesinde  ýaş nesliň döredijilik babatdaky zehin-ukybyny ýüze çykarmakda, ösdürmekde ýetilýän sepgitler bellenilmäge mynasypdyr. Medeniýete, sungata höwesi bilen tapawutlanýan ýaşlarymyzyň hatarynyň yzygiderli artmagy aýratyn guwandyryjydyr. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, kämilleşdirmekde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan tutumlary üstünlikli dowam etdirýändigini tassyklaýar. Milli Liderimiz medeniýeti halkyň kalbyna deňeýär. Sebäbi medeniýetimizde we sungatymyzda ajaýyp zamanamyzyň ösüşi aýdyň şöhlelenýär. Onda halkymyzyň ähli üstünliklerimize bolan egsilmez söýgüsi, çäksiz buýsanjy mynasyp beýanyny tapýar. Şol söýgi-buýsançda zehinli ýaşlarymyzyň joşgunly sesleriniň belentden ýaňlanmagy täze taryhy eýýamyň gazanan uly üstünlikleriniň biridir. Geljege nusgalyk şeýle üstünlikleriň sakasynda duran Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Edepli ile ýarar

Şeýle at bilen Gyzylarbat etrap häkimliginiň, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň kämil bilim almaklary, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde edep-terbiýeli, Watana wepaly, zähmetsöýer, sagdyn ýaş nesliň kemala gelýändigi hasam buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly kitaplary nesil terbiýesinde gymmatly gollanmadyr. Çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, ýaş nesliň ýagty geljegi ugrunda uly aladalaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Akyldar şahyryň belent hormaty

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň ajaýyp tebigatyny, sähralaryny, watansöýüjiligi, birek-birege hormat-sarpany, söýgini, durmuş gözelligini , türkmen halkynyň sazlaşykly, parahat, abadan durmuşyny, özygtyýarlylygy ajaýyp goşgularynda çeper beýan edipdir. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň ady dünýä doldy. Dana Pyragynyň ajap eserleri dünýä halklarynyň dürli dillerinde neşir edilýär. Akyldar şahyryň şygyrlary Firdöwsi, Dehlewi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy ýaly dünýä belli beýik alymlaryň we akyldarlaryň eserleriniň arasynda aýratyn orna mynasypdyr. Olaryň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyny döretdi. Dana Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler, mugallymlar, ýaş nesiller, mahlasy, hemmeler üçin nusgalyk mekdepdir.

«Magtymguly» diýip adym tutsalar

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde beýik akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns gönükdirildi. Şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk, bir döwletlilik, bir başa gulluk etmek ýaly ýörelgeleri türkmen halky üçin şu gün hem örän gymmatly bolmagynda galýar. Magtymguly atamyzyň halky agzybirlige çagyrýan şygyrlarynda diňe bir ykdysady birligiň, güýç-kuwwatyň däl, eýsem köňülleriň, ýürekleriň bir bolmagyna üns çekilýär. Şahyryň: Göwünler, ýürekler, bir bolup başlar,Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,Göteriler, ol ykbaly türkmeniň.

Änew sardobasy

2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheri köp müňýyllyk taryhly medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Gadymy şäher tutuş sebitde ekerançylyk, gadymy suw desgalary, maldarçylyk, binagärçilik medeniýetiniň dörän, tutuş sebitiň siwilizasiýa merkezi hökmünde şöhratlanýar. Watanymyzyň çar ýanyny gurşap alýan taryhy-medeni ýadygärlikleriň goýnunda şöhratly taryhymyzyň täsin wakalary, olaryň binagärliginde bolsa pederlerimiziň yhlas-zehininiň, döredijilik gözlegleriniň netijesi bolan baý tejribeleri jemlenýär. Şu jähtden, beýik pikir-garaýyşlar siňdirilen her bir taryhy ähmiýetli binagärlik ýa-da gadymy desga biziň şanly geçmişimize, watansöýüji ata-babalarymyza bolan hormat-sarpamyzy has-da belende göterýär.