Sungat baýramyndan ýaýraýan ýalkym
Toýdur baýram bir gowulygyň alamaty. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşaýan islendik halk bagtyýarlykdan ýaňa toý toýlamaga höwesekdir. Ýylyň-ýylyna geçirilýän nobatdaky Medeniýet hepdeligi hem nowjuwan Arkadag şäherinde turuwbaşdan ykbalyny sungat ýoluna bagyşlan döredijilik işgärlerini bir supranyň başyna jemledi. 22-nji iýunda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyşynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň buýsançly sözlerinden kalplary joşa gelen ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri yzysüre özleriniň baýramçylyk konsertine başladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzyň goýnunda ýaşaýan türkmen halky üçin durmuşa geçirýän beýik tutumlarynyň waspy, ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda belentden ýaňlandy. Hususan-da, pederlerimizden bize miras galan milli däp-dessurlarymyz sahna çykyşlarynda ýaýbaňlandyryldy. Megerem, halkymyzyň: «Toýuň toý şekilli bolsun!» diýen aýtgysy, ýönelige aýdylan däl bolsa gerek. Esasan, hepdeligiň dowamynda muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty we amaly-haşam sungatynyň sergisi, ýurdumyzyň şahyrlarynyň şygryýet agşamy, žurnalistleriň we döredijilik işgärleriniň dabaraly maslahaty, ylmy-usulyýet okuwy, teleradio žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Magtymguly — umumadamzat şahyr