«Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr»
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan, şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, naz-nygmatlardan ybarat sowgatlar gowşuryldy. Kalplary bagtdan püre-pür bagtyýar çagalar ajaýyp sowgatlary uly şatlyk, hoşallyk bilen kabul etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatlylyga ýugrulan, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza esaslanýan howandarlyk, bir-birege kömek-goldaw bermek, duýgudaşlyk bildirmek, begendirmek, durmuşa höweslendirmek ýaly asylly ýörelgeleri has-da rowaçlanýar. Hut şonuň netijesinde, bagtly çagalygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda, şeýle hem goňşy döwletlerde türkmen sahawaty we howandarlygy müňlerçe çagalaryň bagtyýarlygyny, durmuş taýdan goraglylygyny, nurana, ýagty geljege bolan ynamlaryny artdyrmagyny dowam etdirýär. Çagalara sahawatlylyk bilen dürli nygmatlaryň paýlanylmagy sogap iş bolup, bu ýörelge türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan durmuş pelsepesidir.