Ýerasty muzeýe öwrülen metro
Gresiýanyň ikinji uly şäheri Salonikide gurluşygy 20 ýyla golaý dowam eden metro işe girizildi. Açylyş dabarasyna Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, Premýer-ministr Kiriakos Misotakis, hökümet agzalary we syýasatçylar gatnaşdy. Saloniki metrosy 13 stansiýany we 9,6 kilometre uzaýan ýoly öz içine alýar. Saloniki özüniň metro ulgamy bilen Afinydan soň ýurtda ikinji şäher boldy. Metronyň her ugur boýunça sagatda 18 müňe çenli ýolagçy gatnatmak mümkinçiligi bolup, her günde, takmynan 254 müň ýolagça hyzmat edip biler. Şeýle hem bu metrony 2040-njy ýyla çenli 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän halkara howa menziline çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Häkimiýetler bu metrony Ýewropada iň döwrebap metro diýip baha berýärler, sebäbi bu ýerde 18 sany otly sürüjisiz, diňe hyzmatçylaryň ýardamy bilen hereket edýär.