Dumly-duşdan dürli-dümen
Sungat, senetçilik we däp-dessurlar Her ýylyň maýynda dünýäniň müňlerçe syýahatçylarynyň nazary Italiýanyň Noto şäherine gönügýär. Şol günlerde şäher güllere beslenýär: köçelerde, meýdançalarda, jaýlarda gülýapraklar arkaly sungatyň, senetçiligiň we däp-dessurlaryň utgaşmagynda täsin kompozisiýaly mozaika eserleri döredilýär. Meýdançalarda ajaýyp güllerden haly düşelen ýaly görnüş emele gelýär. Gülden sungat eserleriniň käbiriniň uzynlygy 7 metre, ini 4 metre ýetýär. Olar taýýarlananda, reňkleri, nagyşlary we şekilleri döretmek üçin liliýa, çopantelpek, bägül, çigildem, kösükli ösümlikler, ýapraklar, şahajyklar we tüwi ulanylýar. Bu festiwal öz gözbaşyny XVII asyrdan alyp gaýdýar. Festiwal munuň bilen çäklenmeýär. Aýdym-saz ýerine ýetirilip, ýerli aşhananyň tagamlary hödür edilýär.