"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Parasatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we olary yzygiderli ösdürmek hem-de kämilleşdirmek arkaly giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bu ugurda kabul edilen Konsepsiýalarda we maksatnamada hem milli ykdysadyýetimize sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň, maksady, wezipeleri we olary amala aşyrmagyň ugurlary, şeýle-de ösen maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň häzirki ýagdaýy aýdyň beýan edilýär. Döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, edara-kärhanalaryny we guramalaryny sanlylaşdyrmagyň baş maksady täze döwrebap sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly sanlylaşdyrylmagy gazanmakdan, obalary we şäherleri sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda hem sanly ulgamy ösdürmek babatynda täze döwrebap ugurlaryň birnäçesi açyldy. Olar «Sanly ykdysadyýet», «Sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy», «Ykdysady kibernetika» hem-de «Söwda we logistikada sanly tehnologiýalar» ýaly ugurlardyr. Ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy hem-de geljekde öz işlerine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Institutymyzyň çäginde sanly bilim portalynyň döredilmegi we oňa professor-mugallymlaryň okadýan okuw dersleriniň maglumatlarynyň ýüklenilmeg

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Şeýle-de bu Maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ulag ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklarynda ulag boýunça hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Öňde aýdyň wezipeler

Türkmenistan ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar, tebigy baýlyklaryny diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda nebitgaz toplumyny döwrebap ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde onuň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak bilen bagly giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Elbetde, bu işleriň rowaçlanmagy pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine-de baglydyr. Hormatly Prezidentimiz 2-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek bilen bagly birnäçe wezipeleri öňde goýdy. Nebitgaz toplumyna önümçiligi dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy pudagy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem topluma degişli kärhanalar gurlanda, işgärleri tejribe we okuw-usulyýet taýdan taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr.

Bank ulgamyndaky ösüşler

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ilat üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzda bank kartlary arkaly hödürlenilýän bank amallarynyň sany yzygiderli artdyrylýar, geçirilýän tölegleriň goraglylygy we howpsuzlygy üpjün edilýär. Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alyp barýan işleriniň netijesinde bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde, kiçi we orta telekeçiligi goldamakda, täze bank hyzmatlaryny hödürlemekde, nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmakda gazanýan netijeleriniň ähmiýeti uludyr. Bu barada bankyň Daşoguz şäher şahamçasynyň hünärmeni Nurmyrat Garlyýew bilen söhbetdeş bolduk. — Nurmyrat, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Halkymyza bank tarapyndan döredilen mümkinçilikler, töleg terminallary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň ýola goýlan görnüşleri hakynda gürrüň beräýseňiz!

Durnukly ösüşiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda guwandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy babatda bimöçber aladalar edilip, bu wezipeler döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça strategik başlangyçlary Türkmenistanyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmaga, olary taýýar önüme öwürmek boýunça sazlaşykly senagat ulgamyny kemala getirmäge esaslanýar. Şol maksat bilen ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň işine iri maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, hususy telekeçiler we daşary ýurtly maýadarlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine ýetilýär.

Bank ulgamy kämilleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem uly ösüşler, özgerişler gazanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda oňaýly pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmeklikde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda bank işiniň ösdürilmegi we onda täze innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, depginli ösüşi üpjün etmeklige hem-de dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmaga ýardam edýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşli goýumlara çekmek arkaly goýum hasaplaryndaky serişdeleriň möçberini artdyrmak, olar boýunça tölenýän göterimlerini maliýe bazarynda hereket edýän nyrhlara laýyklykda bellemek, müşderileriň isleglerini öwrenmek arkaly goýumlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

«Halkbank»: döwrebap özgertmeleriň miwesi

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bank hyzmatlary barha döwrebaplaşýar. Ýurdumyzyň banklarynyň işiniň tapgyrlaýyn sanly ulgama geçirilmegi müşderiler üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem döwrebap bank hyzmatlary bilen gazanylýan üstünliklere özüniň saldamly goşandyny goşup gelýär. 2020-nji ýyl bankymyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek baradaky Karara gol çekdi.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň döwrebap kämilleşdirilmegi, ylmyň iň täze gazananlaryna daýanýan sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hili we elýeterliligi ýokarlanýar. Daşary ýurtly alymlaryň bellemegine görä, sanly ykdysadyýetde bazarlaryň netijeli ösmegi ýokary tehnologiýalaryň bolmagy bilen esaslandyrylýar. Şunda ilki bilen sanly ykdysadyýeti ösdürmekde amatly gurşawy döretmek üçin guramalaryň üýtgedilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy (sanly bazarlaryň we sanly önümçiligiň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy, sanly ulgamda degişli ukyp-başarnyklara eýe bolan hünärmenleriň taýýarlanmagy we beýlekiler) hem-de degişli tehniki infrastrukturanyň döredilmegi (maglumat geçiriji ulgamlar, maglumat işleýji merkezler, programma hyzmatlary we beýlekiler) zerur bolup durýar.

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýär

Hormatly Prezidentimiz öz belent wezipesini ýerine ýetirmäge girişen ilkinji günlerinden döwleti dolandyrmakda ata-baba ýörelgelerinden pugta goldanyp, ösüşleriň, öňe gitmegiň milli ýolunyň nusgasyny işläp düzdi. Bu bolsa tutuş ykdysadyýetiň hem ösüşlerini kesgitledi. Döwletimiziň syýasatynda Oguz ýörelgeleriniň — döwletlilik ýörelgesiniň berk binýadynyň goýulmagy il-ýurduň ykbalynyň barha ýokary göterilmegine getirdi. Döwletimiziň geljek döwürdäki syýasatynda hem bu ugurlara berilýän ünsi güýçlendirmek möhüm wezipe hasap edilýär. Munuň özi döwletiň uzakmöhletli strategiýasy hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini tassyklaýar. Türkmenistan ösüşiň özüni ödän, ata-baba ýörelgelerinden ugur alýan döwletlilik ýörelgesi bilen ynamly öňe gidip, halkyny ýaşaýşyň has kämil hem-de eşretli derejelerine ýetirmäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň döwleti dolandyryp başlan gününden Oguz ýörelgelerini dowam etdirmegi, halka daýanyp, halk bilen düýpli özgertmeleri durmuşa geçirip başlamagy il-ýurduň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyny buşlady.

Eksport — telekeçiligiň möhüm ugry

Ýakynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz degişli düzümleriň öňünde ýerine ýetirilmeli anyk wezipeleri goýdy we haryt bolçulygyny döretmekde, ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde hususy kärhanalaryň, telekeçileriň ornunyň uludygyny nygtady. Häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýy 70 göterime barabardyr we bu görkeziji ýubileý ýylynda ýene-de artdyrylmalydyr. Şeýle guwandyryjy görkezijileriň aňyrsynda milli Liderimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrundaky yzygiderli aladalarynyň durandygyny biz gowy bilýäris. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri üçin döredilýän giň mümkinçilikler olaryň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli işlemekleri üçin oňyn şertleri döredýär. Muny oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ugrunda edilýän aladalarda hem aýdyň görýäris. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary we üzümi ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny, ýyladyşhanalary, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak hem-de beýleki önümçilik işlerini alyp barmak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleri yzygiderli bölünip berilýär. Bu bolsa daş

Hormatly Prezidentimiziň geçiren iş maslahatlary

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideo- aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Milli Liderimiz iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Müşşikowyň we E.Orazgeldiýewiň hem çagyrylandygyny aýtdy. E.Orazgeldiýewiň gözegçilik edýän oba hojalyk toplumy Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Söwda toplumy: döwrebap özgertmeler, anyk netijeler

Hormatly Prezidentimiz söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi 5-nji fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Milli Liderimiz ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi 6-njy fewralda döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Söwda toplumyny ösdürmek ugrunda

Söwda toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ugurda ýetilen sepgitler, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek köp babatda bu pudagyň netijeli ösdürilmegine hem baglydyr. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen bu möhüm toplumy ösdürmek üçin uly möçberdäki maýa serişdeleri goýberildi, onuň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidildi, bu ulgamda halkara gatnaşyklary giňeldildi.

Ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşini üpjün etmek häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Milli Liderimiz şu günki iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Müşşikowyň we E.Orazgeldiýewiň hem çagyrylandygyny aýtdy. E.Orazgeldiýewiň gözegçilik edýän oba hojalyk toplumy Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

«Mekanyň» agyz suwy

Etrapdaky «Mekan» agyz suw desgasy öňümizdäki martda 6 ýaşyny doldurýar. Desganyň işläp gelýän alty ýyly ýerli ýaşaýjylara, belki, altmyş ýyllyk höziri bagyşlady. Çünki ýerasty çeşmelerden suwy göni alyp içäýmek hem ýaramly welin, ony ýörite ulgam arkaly arassalap içmegiň nepi gas güýçli. Bir gije-gündizde 1500 kub metr suwy arassalamaga mümkinçiligi bolan desga daýhan birleşigiň üç obasynda 620-ä golaý hojalygy arassa agyz suwy bilen üpjün edýär. Desga gözbaşyny 2 kilometre golaý uzaklykda ýerleşýän dik guýularyň bäşisinden alýar. Her biriniň çuňlugy 35 metr bolan guýularyň suwy ýörite turbalar bilen desga çenli getirilýär. Bu ýerde suwy birinji we ikinji süzgüçler «kabul edýärler». Olaryň ikisi hem şol bir wezipäni ýerine ýetirýär. Olar sagatda 100 kub metre çenli suwy arassalamaga ukyplydyr.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Kiprden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we awtobenzini satyn aldylar. Şweýsariýanyň we Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny, Beýik Britaniýanyň işewürler toparynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Özgerişlere beslenýän ulgam

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmekde düýpli işler durmuşa geçirilýär. Kommunikasiýa giň manysynda ulag, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň geçirilmegini, aragatnaşygy: telefon, teleradio alyp eşitdirişleri, häzirki ösen täze tehnologiýalar zamanasynda interneti, sanly ulgamy we beýlekileri öz içine alýar. Şeýlelikde, ol ulag infrastrukturasyny, aragatnaşygyň iň täze serişdelerini hem özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň awtoulag we demir ýollaryny, deňiz, derýa hem-de howa ýollaryny zamanabap kämilleşdirmek, olary infrastrukturalaýyn ösdürmek babatda edýän tagallalary, durmuşa geçirilýän taslamalar ýurdumyzda multimodal ulag geçelgelerini döretmäge, şonuň netijesinde Türkmenistany sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmäge mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Milli Liderimiz şu günki iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Müşşikowyň we E.Orazgeldiýewiň hem çagyrylandygyny aýtdy. E.Orazgeldiýewiň gözegçilik edýän oba hojalyk toplumy Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.