"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Halkara nebitgaz forumy: energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant

Soňky ýyllarda energetika pudagynda ählumumy derejede uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamzadyň abadan geljeginiň bähbidine energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşine — «ýaşyl» energiýa geçmek boýunça meselä aýratyn üns berilmegi bilen şertlendirilendir. Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen halkara nebitgaz forumlary bolsa energetika geçişi bilen bagly alnyp barylýan işleri giňden şöhlelendirmekde, bu ugurda özara pikir alşyp, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmegi üpjün edýän netijeli çözgütleri kabul etmekde, täzeçil strategiýalary işläp taýýarlamakda ykrar edilen meýdança öwrüldi. Şu gün — 25-nji oktýabrda hem paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar. Halkara nebitgaz forumynyň guralmagynyň esasy maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek üçin sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, dünýä energetika ulgamyndaky soňky meýillere syn bermekden we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, däp bolşy ýaly, dünýäniň onlarça ýurdundan nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň ýüzlerçesi foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza ýygnandylar. «Tü

Lukmançylyk ylmynyň baý mirasyna bagyşlap

Häzirki döwürde ýurdumyzda Abu Aly ibn Sina, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Abu Reýhan Biruny, Muhammet Hüseýin ýaly lukmançylyk ylmynda öçmejek yz galdyran alymlaryň baý mirasyna uly sarpa goýlup, onuň giňden öwrenilmegi, özleşdirilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Abu Aly ibn Sina bagyşlanan maslahatyň geçirilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Bu maslahat Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda guralan «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly giň wekilçilikli halkara maslahatyň özboluşly dowamyna öwrüldi. Dünýä döwletleri, şol sanda goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar, şol sanda ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar. Geçen ýyl Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulga

Dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Ylym-bilimiň ýokary derejede ösýän häzirki döwründe bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygy-da ösdürilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köpugurly dostlukly gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar resmi taýdan 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan başlandy. Bu iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň taryhy kökleri müňýyllyklara uzap gidýär. Bu bolsa eziz Watanymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşendigi bilen baglydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategiki häsiýete eýedir. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup, iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy ýokary derejede saklanýar. Hytaýyň iri kompaniýalary Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, hususan-da nebit-gaz, telekommunikasiýa, gurluşyk, ulag we himiýa pudaklarynda alnyp barylýan iri taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Medeniýet, sport, ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar.

Dünýäniň ykrary – «Bir guşak, bir ýol»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 17 – 19-njy oktýabry aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň barha okgunly ösdürilmegi iki dostlukly ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga giň mümkinçilik berýär. Muny döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlarynyň önjeýli netijeleri hem subut etdi.

Arkadag şäherinde Wena baly

Iki ýyl arakesmeden soňra dünýä saz sungatynyň paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşyp, ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. «Nusgawy sazyň Wena döwri» diýip atlandyrylýan zamanynda Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlar bu şäherden ylhamlanyp dünýä belli sazlaryny döretdiler. Awstriýanyň paýtagty Wena bal däpleriniň hem-de tansyň halkara paýtagty hökmünde-de meşhurdyr. Bütin dünýäde adamlar täze ýyly meşhur «Mawy Dunaý» walsy we Ştrauslar neberesiniň döreden sazlary bilen garşylaýarlar. Wenanyň gaýtalanmajak ruhy siňen ajaýyp sazlar we özboluşly dessurlar Wena balyny dünýä möçberindäki iri halkara çäresine öwürdi. Wena şäheri başga ýurtlarda geçirilýän Wena ballary arkaly durmuşy dabaralandyrýan dostluk ruhuny dünýä ýüzi bilen paýlaşýar. Aşgabatdaky myhmanlarymyz ýene-de Wena opera balynyň tans etmäge çagyryşy bolan «Alles Walser!» sazyny eşidip bilerler.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy — dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň köp­rü­si

  Merkezi Aziýanyň Aralýaka sebitinde irki döwürlerden bäri goňşy bolup ýaşap gelýän özbek, türkmen, garagalpak, gazak, gyrgyz we beýleki halklaryň etniki gelip çykyşy, sosial-medeni ösüşi, çeperçilik däpleri, durmuş ýörelgeleri, dilinde we milli gymmatlyklarynda umumylyk bar bolan halklar bu günki gün biri-biri bilen dostlukda, asudalykda we parahatçylykda ýaşaýarlar. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýar

Owganystanda demir ýol gurluşygy başlar

Owganystanyň demir ýol gullugy täzeden başlamak üçin Gazagystanyň “Integra Construction” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Demir ýol ugrunyň Rozanak bekedinden uzalýan böleginde gurluşyk işleriniň uzynlygy 43 kilometre barabar bolup, ol Rabattarian stansiýasy barar. Kabulda bu demirýol ugrunyň gurluşygy 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli tamamlanar. Demirýol ugrunyň bu bölümi birleşýän taslamanyň möhüm bölegini emele getirip, Haf (Eýran) bilen Hyrady (Owganystan) birleşdirer. Ol Owganystanyň Çah-Bahar portuna girmek mümkinçiligini açar. Bu bolsa öz gezeginde port arkaly Hindistan bilen baglanyşygy üpjün eder.

Türkmenistanyň wekilleri Astrahanda geçiriljek halkara foruma gatnaşar

25-26-njy oktýabrda Astrahan şäheri “HTK “Demirgazyk – Günorta” - täze konsepsiýa” halkara forumyna gatnaşyjylary kabul eder. Bu çäre Astrahan sebitiniň hökümetiniň, “Demirgazyk-Günorta” Hazar halkara integrasiýa klubynyň we “RusIranExpo” kompaniýalar toparynyň goldawy bilen geçiriler. Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Hindistan, Päkistan we BAE ýaly dürli ýurtlardan 150-den gowrak kompaniýalar ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri gözlär. Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar “Demirgazyk – Günorta” HTK taslamasyny durmuşa geçirmegiň amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Ählumumy meselä bagyşlandy

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilen forum howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meselä bagyşlandy. Oňa bu baýry ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary bilen birlikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Beýik Britaniýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Üç tapgyrdan ybarat bolan forumyň birinji tapgyrynda myhmanlar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýerli, sebitleýin we halkara derejede alyp barýan işleri, Aral deňziniň meselesi, ösüp gelýän ýaş nesliň ekologik bilimlerini ösdürmek hakynda birnäçe ylmy we usuly maglumatlary berdiler.

Geçmişe sarpa, milli gymmatlyklara hormat

Pekinde geçirilen üçünji ýokary derejeli halkara forumyň çäklerinde öz beýanyny tapdy Hytaý iň köp ilatly, gadymy medeniýetli ýurtlaryň biri. Taryhdan mälim bolşy ýaly, bilermenler bu ýurduň medeni taryhynyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyny aýdýarlar. Häzirki wagtda hytaýlylar öz ýurduny «Gülleýän merkez» diýip atlandyrýarlar. Bu dostlukly ýurduň barha artýan ykdysady mümkinçilikleri muny doly tassyklaýar. Islendik ugurda zähmetiň gaýnap joşýan Watany bolan Hytaý zähmetsöýerligiň hem mekany. Zähmet çekmegi söýýän halkyň Watanynyň beýik boljakdygy, elbetde, şübhesizdir. Pekiniň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uzyn köçeleri bilen barýarkaň, muňa doly göz ýetirýäň. Her kim öz işi bilen gümra. Kimsi tigirli nirädir bir ýerlere haýdap barýandyr, ýene biri ýeňil ulagda sanýetmez mähelläniň içine siňip gidendir.

Türkmenistan — Hytaý: taryhy tejribelerden täze mümkinçiliklere

Ynsanlary ykballar, halklary taryh, döwletleri umumy maksatlar ýakynlaşdyrýar. Çeşmeleriň birleşmeginden derýalaryň emele gelşi ýaly, döwletleriň milli bähbitleri uzak möhletleýin maksatlar bilen utgaşyp, halkara ähmiýetli strategik başlangyçlary, netijeli çemeleşmeleri döredýär. Şunda hyzmatdaşlygyň bitewi binýadyny esaslandyryp, gatnaşyklary işjeň ilerletmek babatda tagalla etmek, ykdysady ösüş üçin täze garaýyşlary emele getirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek möhüm syýasy talapdyr. Munuň üçin bolsa taryhy tejribeleri öwrenip, täze mümkinçilikleri açmak dünýä diplomatiýasynda iň bir netijeli usullaryň biri hasaplanýar. 18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň geçirilmegi hem hut şu maksatlardan gözbaş alýar. Bu halkara foruma türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşyp, çuňňur manyly çykyş etmegi biziň ýurdumyzyň dünýä gatnaşyklarynda jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. HYTAÝ — DÜNÝÄNIŇ «USSAHANASY»

GDA ýurtlary energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk resminamalaryny taýýarlaýarlar

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady meseleler boýunça topary golaýda Moskwada nobatdaky mejlisi geçirmek üçin ýygnandylar. Onda Arkalaşygyň çäginde 2035-nji ýyla çenli döwür üçin energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Konsepsiýanyň we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň taslamalaryna seredildi. Bu resminamalar Arkalaşygyň ýurtlarynyň energetika babatdaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny, şol sanda dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Milli gymmatlyklar — umumadamzat baýlygy

Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklary köpasyrlyk taryha eýedir. Şol döwrüň tutuş dowamynda iki halkyň arasynda özara düşünişmegiň, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, dünýägaraýyşlaryň ýakynlaşmagynyň baý tejribesi toplandy. Biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda üçin köpri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, medeni gatnaşyklar üçin hem ýol açdy. Bu täsin tejribäniň mirasdüşerleri, dowam etdirijileri bolan Türkmenistan we Hytaý häzirki şertlerde hyzmatdaşlygy ösdürmekde, gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda köpugurly tagalla edýärler. Iki ýurduň arasyndaky özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýetilen belent derejesi örän buýsandyryjydyr. Dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýlup, ygtybarly hukuk binýady yzygiderli berkidilýär. 2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama Türkmenistan bilen Hytaýyň täze taryhy döwürdäki gatnaşyklarynyň daýanç sütünini emele getirip, oňa baý many-mazmun berýär. Ynha, şu ýyl — bu taryhy resminama gol çekilmeginiň 10 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý täze taryhy döwürdäki Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyran bolsa, ýakynda, 17 — 19-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurtda iş saparyn

25 – 27-nji oktýabrda paýtagtymyzda nebit-gaz ulgamynyň halkara maslahaty we sergisi geçiriler

Bu barada 20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdyldy. Mejlisiň dowamynda wise-premýer B.Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna laýyklykda, foruma dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe edaralarynyň, şeýle hem ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri, kärhanalary we telekeçileri gatnaşarlar. Meýilleşdirilişi ýaly, maslahatyň gün tertibine meseleleriň giň toplumy giriziler. Şol sanda örän baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň maýa goýum işini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod, nebithimiýa, gazhimiýa çig malyny gaýtadan işlemek, himiýa pudagyny we elektroenergetikany ösdürmek, ekologiýa taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmek barada pikir alyşmalar bolar.

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Şu ýylyň 6 – 8-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu barada 19-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň arasyndaky bolan duşuşykda mälim edildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny yzygiderli ösdürmek hem-de köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejelere çykarmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taryhy köklere daýanýan, wagtyň synagyndan geçen iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada özara pikir alşyldy. Şeýle-de şu ýylyň 6 – 8-nji dekabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň guramaçylyk işleri barada söhbet edildi.

«Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» strategiýalary: ösüşiň hatyrasyna utgaşykly maksatlar

17-18-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz maslahatda eden taryhy çykyşynda: «Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýär. Olaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşylan önümçilik we tehnologik tapgyrlary hem-de senagat guşaklaryny kemala getirip, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we abadançylygyny artdyrmaga ýardam etmelidir» diýip belledi. Hytaý Halk Respublikasynyň «Bir guşak, bir ýol» strategik häsiýetli konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp bolýar. Bu başlangyjyň maksady köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda, maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bu başlangyjyň çäginde Hytaý dünýäniň 150-den gowrak döwleti, 30-dan gowrak halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde-de Merkezi Aziýa, Ýewropa we Afrika ýurtlarynyň onlarçasyny birleşdirýä

«Bir guşak, bir ýol»: ählumumy ykdysady hyzmatdaşlygyň beýany

Dünýä döwletleriniň arasynda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanylýar. Häzirki wagtda iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň köp derejeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Ol döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleri, türkmen we hytaý işewür toparlarynyň duşuşyklary ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaýyň Milli maslahatlar merkezinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň alyp barmagynda «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirildi. Ýokary derejeli forumda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji bolup çykyş edip, bu çäräniň geçirilmeginiň örän möhüm we talap edilýän waka hasaplanýandygyny aýtdy. Şeýle-de soňky döwrüň pandemiýa, durnuksyzlygyň ýokarlanmagy, ynamyň pese gaçmagy, wakalaryň öňünden habar berilmezligi ýaly hakykatlarynyň ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirendigini, özara baglanyşyk bilen dahylly meseleleri döredendigini, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini peseldendigini belledi. Bu ýaramaz täsirleri ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, ak ýürekli çemeleşmä, jogapkärçilige, öňdengörüjilige esaslanýan döredijilikli we netijeli gün tertibini kesgitlemekde olaryň raýda

Ot-iým, ot-iýmlik goşundylary, weterinariýa we agrosenagat toplumyna degişli enjamlaryň ýöriteleşdirilen halkara sergisi geçirilýär

2023-nji ýylyň 24 – 26-njy oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäheriniň «Krokus Ekspo» halkara sergiler merkezinde agrosenagat toplumynyň maldarçylyk, guşçulyk, balykçylyk ýaly pudaklarynyň ot-iým, ot-iýmlik goşundylary, weterinariýa we enjamlaryň «KormWet — 2023» ýöriteleşdirilen halkara sergisi geçiriler. Bu halkara serginiň guramaçylygyna Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministrligi, pudaklaýyn birleşmeler we assosiasiýalar, şeýle-de 60-dan gowrak agrosenagat ugry boýunça ýöriteleşen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri goldaw berýär. «KormWet» halkara sergisi maldarçylyk toplumlarynda işewürligi ýola goýmaga ýardam edýän iň gowy ot-iýmleriň öndürilişi, weterinariýa hyzmatlary, ot-iýmleriň senagat derejesindäki önümçiligi babatda iň öňdebaryjy enjamlar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Pekin duşuşygy: bilelikde umumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary barada söhbet Taryhyň gymmaty diňe arka atylan menzillerde däl. Eýsem-de bolsa, onuň geljek üçin çelgileri, düýp esaslary hem döredýänligindedir. Biz taryha ser salyp, şu günüň ähmiýetine göz ýetirýäris. Taryha daýanyp, geljek üçin maksat tutýarys. Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaş alan ýurdy bolan Hytaýyň paýtagtynda geçirilen «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty bu hakykatyň anyk güwäsi bolmak bilen, dünýä ýurtlarynyň 150-den, halkara guramalaryň 40-dan gowragynyň wekillerini Pekinde jemledi.

Hytaý metbugatynyň sahypalaryndan

«HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň belleýşi ýaly, şu ýyl özara baglanyşygy giňeltmek, syýasy dialogy işjeňleşdirmek, aragatnaşygy aňsatlaşdyrmak, söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegini üpjün etmek, maýalary ilerletmek, adamlary ýakynlaşdyrmak babatda Beýik Ýüpek ýolunyň gymmatyny artdyrmak maksady bilen öňe sürlen «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna 10 ýyl dolýar. Ol dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine goşmaça itergi bermäge, ählumumy ösüşiň täze gözýetimlerini açmaga we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmäge gönükdirilendir».