Türkmenistan — Özbegistan: sebitara gatnaşyklary pugtalandyryp
20-21-nji noýabrda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi geçirildi. Bu çäreleriň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, şu gezekki forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändiginiň güwäsidir. Häzirki wagtda iki goňşy ýurt durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Şeýle hem bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýdyldy.