Ýurdumyzdan üstaşyr geçirilýän ýükleriň ösüş depgini ýokarlanýar
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak we halkara logistika ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem ýurdumyzyň gümrük serhedinden ulaglaryň we ýükleriň geçirilmegini çaltlandyrmaga ýardam berýän şertleri döretmek boýunça döwrebap işler alyp barýar. Munuň aýdyň subutnamasyny döwletimizden üstaşyr geçirilýän ýükleriň günsaýyn ýokarlanmagynda hem görmek bolýar. Geçen 2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17 göterim artdy. Üstaşyr geçirilýän ýükleriň ösüş depgini şu ýylyň ilkinji 2 aýynda ýokary görkezijä eýe boldy. Has dogrusy, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny, söwda-haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär.