"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmen-rus gatnaşyklarynyň şanly sepgitleri

Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklaryň resmi taýdan ýola goýlan senesinden bäri, dostluk, açyklyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklary yzygiderli ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykaryldy. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyna möhüm sahypalar hökmünde ýazylan wakalara baý boldy. Bular barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan WOLYNKIN türkmen we rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin düýn geçiren metbugat maslahatynda giňişleýin gürrüň berdi. Syýasy dialog hereketde

Malaý medeniýetiniň merjeni

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu gatnaşyklar diňe söwda-ykdysady ýa-da ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda däl, eýsem, medeni-ynsanperwer ulgamda hem giň gerim bilen ösdürilýär. Köpetdagyň serçemenli, tämiz howaly künjeginde bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda malaý edebiýatynyň we ylmynyň ösmegine saldamly goşant goşan meşhur şahyr hem görnükli alym Raja Ali Hajiniň heýkeliniň oturdylmagy hem iki dostlukly ýurduň medeni gatnaşyklarynda aýratyn möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda seýil edip, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkellerini synlap ýörkäň, dünýä edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döreden, malaý halkynyň milli guwanjy Raja Ali Hajiniň döredijilik mirasynyň hormatyna dikilen belent heýkelde ünsüň biygtyýar eglenýär. Heýkeli synladygyňça, malaý halkynyň beýik söz ussadynyň döredijiliginiň çuňluklaryna aralaşmak höwesiň barha artýar. Çünki Raja Ali özüniň ajaýyp eserleri bilen nusgawy malaý dilini we edebiýatyny täze belentliklere göteren hem-de gadymy ösen medeniýetli halkyň milli edebiýatyny dünýä ýaýan ussat şahyr hem ezber alymlaryň biri hasaplanýar.

Ýöriteleşdirilen sergi — ykdysady üstünlikleriň güwäsi

16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Onuň çäklerinde nobatdaky Türkmen-eýran işewürlik maslahaty-da geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Şunda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna möhüm orun degişlidir. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge itergi berjek, özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän sergi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 60-a golaýynyň wekilleri bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

Aşgabat, 17-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Netijeli hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Paýtagtymyzda 16-njy dekabrda öz işine başlan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi şu gün tamamlanýar. Biz sergä gatnaşýan eýran kompaniýalarynyň iş ugurlary, Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalar we türkmen işewürleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geljekki maksatlary barada gyzyklandyk. Dostlukly ýurduň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan telekeçileriniň beren gürrüňlerini gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik. Amangeldi ZAMIR,«Ashuradeh Dairy» kompaniýasynyň iş dolandyryjysy:

Çagalaryň dostluk döwresinde

Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň dostluk hepdeligi dowam edýär. Onuň Türkmen döwlet gurjak teatrynda geçirilen açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, doganlyk ýurtdan gelen mugallymlar, terbiýeçiler hem-de paýtagtymyzda bilim alýan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Türkmen – eýran hyzmatdaşlygynyň täze basgançagy

Häzirki wagtda Türkmenistan goňşy döwletlerimiz bilen özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu babatda Goňşy Eýran Yslam Respublikasyna möhüm orun degişlidir. 16-njy dekabrda merjen paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi, şonuň ýaly-da, onuň çäklerinde türkmen-eýran işewürlik maslahaty munuň aýdyň güwäsidir. Bu sergide Eýranyň döwlet azyk önümlerini oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň önümleri görkezildi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen gatnaşyklar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolmak bilen, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar täze ösüşlere itergi

Düýn 16-njy dekabrda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.  18-nji dekabra çenli dowam edýän «Iran Agrofood» sergisine Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Eýran ýurdumyzyň ýakyn goňşusy we ykdysady hyzmatdaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iki halkyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän bu sergi munuň aýdyň güwäsidir. Biz hem «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşýan Eýran Ysla

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, maliýe-maýa goýum gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iki tarapdan hem işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.

Türkmenistan — ABŞ: Işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi. Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara ýurdumyzda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler.

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna möhüm orun degişlidir. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän sergi munuň aýdyň güwäsidir. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri bar.

Özbegistan Türkmenistanyň çägi arkaly Braziliýa konteýner otlusyny iberdi

Özbegistandan Brzailiýa tarap konteýner otlusy iberildi. Ol Türkmenistanyň hem çäginden geçer. Bu barada «Daryo.uz» habar berdi. Çeşmäniň bellemegine görä, Daşkentden ugran konteýner otlusy 20 günde Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň üsti bilen Gruziýanyň Poti deňiz portuna barar. Ol ýerden bolsa konteýnerler deňiz ýoly arkaly 35-45 günde Braziliýanyň Paranagua portuna eltiler. Konteýner otlusynyň umumylykda 60-70 günde ahyrky menzile barmagyna garaşylýar.

Türkmenistan — ABŞ: Işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

Düýn paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi. Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara ýurdumyzda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, maliýe-maýa goýum gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iki tarapdan hem işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.

Türkmenistan — ABŞ: Işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi. Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara ýurdumyzda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler.

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna möhüm orun degişlidir. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän sergi munuň aýdyň güwäsidir. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri bar.

Hoşniýetli goňşuçylyk — giň mümkinçilikler

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahaty dostlukly ýurduň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek bilen, işewürlik ugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu barada bilelikdäki işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar şeýle gürrüň berýärler: Abbas ALIABADI,Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri:

Türkmenistan — Eýran: möhüm pudakdaky hyzmatdaşlyk

Düýn — 16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi we Türkmen-eýran işewürlik maslahaty öz işine başlady. 18-nji dekabra çenli dowam edýän forumda dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynda we azyk senagatynda gazanylan üstünlikler we tejribeler tanyşdyrylýar. Däp bolşy ýaly, forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle-de işewürler gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bu giň möçberli çäreleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly itergi berjekdigine berk ynam bildirilýär.

Döwletara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Sebit we dünýä döwletleri bilen strategik, uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyz özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, netijeli hyzmatdaşlygy okgunly işjeňleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji dekabrdaky kabul edişlikleri munuň nobatdaky aýdyň mysallarydyr. Türkmenistan — Özbegistan: Deňhukuklylyk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak