"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly sebitiň üns merkezinde

Düýn Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl sammiti geçirildi. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda sammitiň GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmak we geljegi uly meseleleri kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik döredýändigini aýtdy. Bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

Aşgabat — Sankt-Peterburg — Aşgabat, 26-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — ösüşleriň, rowaçlyklaryň gözbaşy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabryndaky 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bilşimiz ýaly, dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününiň bellenmeginiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyň geçirilendigi-de aýratyn bellärliklidir. Hemişelik Bitaraplygyň 27 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guralan bu möhüm forumyň mowzuklaýyn mejlisleriniň işiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen dostluk hem-de ynanyşmak syýasatyny alyp barýar. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyny belledik. Türkmenistan, taryhy nukdaýnazardan alnanda, juda gysga wagtyň dowamynda diňe bir ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek bilen çäklenmän, bütin adamzadyň bähbidini nazarlaýan uly möçberli taslamalary amala aşyryp, dünýäde durnukly ösüşiň gazanylmagyna mynasyp goşandyny goşmagy başardy. Elbetde, Watanymyzyň ýeten şeýle beýik sepgitleriniň aňyrsynda diňe bir Garaşsyzlyk däl, eýsem, juda dogry we şowly saýlanylan oňyn Bitaraplyk syýasaty hem ýatyr.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

Durmuşyň ähli ugurlary babatda gazanýan ýokary ösüşleri bilen dünýä ösüşine mynasyp goşant goşýan Garaşsyz döwletimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny uly üstünlikler bilen jemläp, 2023-nji ýyla ynamly gadam urýar. Döwletimiz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek wajyp meseleleriň biridir. Ýurdumyzda döwrebap ulag-üstaşyr logistika düzüminiň kemala gelmegi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikelmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Türkmenistan Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň mejlisine gatnaşdy

Russiýa Federasiýasynyň Transport ministrligi Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň adatdan daşary iş mejlisini geçirdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi. Geňeşiň mejlisi raýat awiasiýasy we howa giňişligini ulanmak baradaky şertnama gatnaşyjy döwletleriň (Türkmenistan, Ermenistan, Belarusiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan) wekilleriniň gatnaşmagynda gibrid görnüşde geçirildi.

Birža söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan we BAE-den gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we awiakerosini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan, žakkard sütükli önümler hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portland sementi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 988 müň 850 dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň ajaýyp seneleri dünýä metbugatynyň sahypalarynda

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň köp sanly habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirildi, Diýarymyzyň gazanýan üstünliklerini beýan edýän neşirler çap edildi. Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde neşir edilýän “The Diplomatiс Insight” žurnalynyň hem-de Hindistanda çap edilýän “EnGlobal” işewürlik žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan iňlis dilindäki ýörite sanlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu žurnallaryň sahypalarynda ata Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri baradaky maglumatlar Aziýa sebitiniň we beýleki ýurtlaryň okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistana tutuş dünýäde gyzyklanma artýar. Şol mümkinçilikler diňe bir tebigy çig mal serişdeleri bilen däl, eýsem, medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlaryndaky ägirt uly kuwwaty bilen şertlendirilendir. Bu ulgamlar bolsa ykdysadyýet biliminde, maýa goýum gatnaşyklarynda, intellektual alyşmalarda möhüm orun eýeleýär. Meşhur daşary ýurt neşirleriniň ýörite sanlarynyň çap edilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Beýik Ýüpek ýoly — dostlugyň ýoly

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýurdumyzyň ähli ulgamlarda sazlaşykly ösüşleri gazanan ýyllarynyň biridir. Ol halkara gatnaşyklaryň aýratyn işjeň häsiýete eýe bolan ýyly hökmünde hem taryha altyn harplar bilen ýazylmaga mynasyp. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit hem aýdanlarymyzyň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilen bu taryhy duşuşyga ýokary baha berip, şeýle diýdi: «Üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, bilelikdäki serişdeleriň, geografik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagy bütin Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun we häsiýet berer». Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasaty barha rowaçlanýar. Diýarymyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Azerbaýjan hem Türkiýe döwletleri bolsa ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýär. Awaza sammiti bu doganlyk döwletler bilen öňden gelýän köpugurly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, ähli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, energetika, ulag ýaly möhüm ugurlarda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu barada gol çekilen möhüm üçtaraplaýyn resminamalarda hem nygtalýar.

Awaza sammiti: üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan soňky ýyllarda ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde çykyş edýär. Bu duşuşyklar we gepleşikler uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna has oňaýly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda munuň üçin ähli şertler, şol sanda zerur infrastruktura döredildi. Şeýle amatly mümkinçilikler 14-nji dekabrda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammitiň hem üstünlikli geçmegini şertlendirdi. Üç döwlet. Bir maksat. Umumy geljek

Türkmenistan — Katar: asylly ýörelgelere ygrarlylyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji dekabrda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ýokary derejeli gepleşikleri geçirmegi, Dohadaky Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany bolmagy häzirki döwürde strategik ýörelgelerde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň dürli ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ganem bin Abdullah Al Romaýhi bilen gürrüňdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz doganlyk ýurdumyz bolan Katar Döwletine amala aşyrylýan saparyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Türkmen-azerbaýjan parlamentara gatnaşyklary ilerledilýär

7-nji dekabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde dürli derejelerde geçirilen netijeli gepleşiklerdir gazanylan ylalaşyklar strategik häsiýete eýe bolan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ösüşine täze itergi bermekde möhüm ädime öwrüldi. 7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi. Duşuşykda azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen gepleşikleriň hemişe netijeli we dostlukly häsiýeti, aýratyn mähirliligi bilen tapawutlanýandygy, olara çuň many-mazmunyň, özara düşünişmegiň, doly ynanyşmak ýagdaýynyň, şeýle-de belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyň mahsusdygy bellenildi.

Oňyn tejribeler, täze gözýetimler

Ýurtlaryň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde zenanlar möhüm orny eýeleýär. 10-njy dekabrda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty hem bu ugurda uly tejribäniň gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Sebitiň ýurtlarynyň wekilleriniň hem-de BMG-niň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle-de dialogy giňeltmegiň mümkinçilikleri hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl dialogda türkmen tarapyndan başlyklyk ediji hökmünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy maslahaty açyp, döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň dialoga başlyklyk etmeginiň çäklerinde alyp barýan işlerini goldandygyny hem-de aýratyn üns berendigini belledi. Şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş edip, Türkmenistanyň 2022-nji ýylda dialoga başlyklyk etmeginde ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berdiler.

Sepsiz ýol: "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugrunda umumy töleg ýeňilligi girizilýär

Rus demirýollary holdingi (RŽD) Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demirýollary bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň gündogar ugry boýunça konteýnerleri daşamak üçin peseldilen ýeke-täk bahalary girizýärler diýip, duşenbe güni TASS RŽD-niň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. ““RŽD” AGPJ-i Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demirýollary bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin “Demirgazyk-Günorta” HUG-niň gündogar ugurlarynyň infrastrukturasynyň ulanylmagyna konteýner-kilometr babatda peseldilen ýeke-täk bahalaryny  girizmek boýunça çözgüt kanbul etdi” diýip, neşir holdingiň habaryny getirýär.

Deňhukuklylyk ýörelgeleri

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriň uly toplumy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Şol wakalaryň biri hem golaýda goja Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammitiň geçirilmegidir. Bu ýerde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýurt we sebit ähmiýetli möhüm Ylalaşyklaryň ençemesine gol çekilmegi aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumyň öňüsyrasynda azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy. Giňişleýin düzümde dowam eden üçtaraplaýyn sammitde taraplar ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda söwda, energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň, Azerbaýjany

Ählumumy abadançylyga goşant

Türkmenistan geçmişde adamzadyň taryhynyň şöhratly sahypalaryny düzen Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldip, gaýtadan hem şol ýoluň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär, sebitde we dünýäde iň gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge öz saldamly goşandyny goşýar. Ýurdumyzda köpugurly energetika düzümini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar milli, sebit we halkara energetika howpsuzlygyny berkitmäge, Ýewraziýa giňişliginde ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Bu barada golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammitiň mysalynda hem aýdara zat kän. Bu taryhy sammit syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmaga, sebit we ählumumy derejelerde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça sazlaşykly we utgaşykly hereketler üçin esaslary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem sammit Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda ulag geçelgeleri we energetika geçirijiler ulgamyny emele getirmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmäge ýardam bermäge niýetlenendir.

Türkmenistan Moskwadan Pars aýlagyna ýükleri 15 günde eltýän taslamanyň jümmüşinde

Russiýanyň demir ýollary Demirgazyk ― Günorta halkara üstaşyr geçiriş ulgamy boýunça yzygiderli ýük daşamak hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Dmitriý Murew «Made in Russia-2022» halkara eksport forumynda eden çykyşynda «Rus eksportçylary üçin yzygiderli jemgyýetçilik hyzmaty açylýar, täze taslama isleg bildirýänlere bäsdeşlik şertlerinde hyzmat eder» diýip tassyklady. Täze taslama gatnaşyjy ähli döwletleriň ― Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň birleşen tagallalary netijesinde 2 million, 2025-nji ýyla çenli bolsa her ýyl 5 million tonna ýüki daşamaga mümkinçilik berer. Aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda «RDÝ Logistika» halkara taslamanyň bokdençsiz işlemegi üçin bitewi tehnologiýany döretmegiň üstünde işleýär. Taslama ýükleri Moskwa şäherinden Pars aýlagynyň portlaryna 15 günüň dowamynda eltmäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde, taslama diňe bir Hindistana täze söwda ýollaryny açman, eýsem, Pars aýlagy, Afrika we Aziýa ýurtlaryna hem haryt ibermäge mümkinçilik berer. Murew, şeýle hem, ulag geçelgesiniň üstünlikli işlemegi üçin eksportçylara ykdysady taýdan bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berjek ykdysady ugurlar boýunça şuňa meňzeş ugurlara uýgunlaşdyrylan nyrhlaryň zerurdygyny aýtdy. 

Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän eziz Watanymyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly geljegi bar. Türkmen topragynyň tebigy baýlyklarynyň ummasyzdygyny tassyklaýan, ägirt uly gaz gorlaryna eýe bolan «Galkynyş» käni, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hem-de Amyderýanyň sag kenaryndaky iri nebitdir gaz ýataklary, beýleki tebigy baýlyklar halk hojalygyny üstünlikli ösdürmegiň, ýurdumyzyň dünýä bazarynda iri energiýa serişdelerini çykaryjylaryň biri hökmünde çykyş etmegini kepillendirýär. Köpugurly turbageçirijiler ulgamy türkmeniň tebigy gazyny dünýäniň çar tarapyna ugratmaga mümkinçilik döredýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde amala aşyrylan «Türkmenistan — Hytaý», «Döwletabat — Sarahs — Hangeran» gaz geçirijilerini hem-de gurluşygy alnyp barylýan «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisi iri taslamalar hökmünde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen energetika strategiýasy täze üstünliklere beslenýär. Ine, 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sammit hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi. Türkmenistan, Az

Üýtgeşik döwür üçin üýtgeşik reňk

2023 — «Viva Ma­gen­ta» Reňkleriň duýgy-dünýämize täsiri hakda köp eşidendiris. Bu hakda okalan, tomaşa edilen, eşidilen zatlaram az däldir. Reňkler we olaryň ruhy dünýämize, duýgularymyza, durmuşymyza täsiri gadymy döwürlerden bäri ynsanlary gyzyklandyryp gelen ugurlaryň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 19-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň üsti bilen halkara ýük otlulary Ýewropa bazaryna çykýar

Özbegistan Orta üstaşyr geçelgesi (Hazar deňziniň üsti bilen halkara ulag ugry) arkaly Ýewropa ilkinji ýükli konteýnerlerini ugratdy. Bu barada duşenbe güni Podborno.uz saýty habar berdi. «16-njy dekabrda bloklanan ilkinji konteýner otlusy Almalyk magdan we metallurgiýa zawodyndan Burgas (Bolgariýa) portuna ugradyldy. Bu ýük otlusy 46 wagondan we her birine mis konsentraty ýüklenene 20 futluk konteýnerleriň 91-sinden Konteýner otlusy Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Bolgarianyň üsti bilen Ýewropa döwletlerine aralaşar» diýip, Özbegistan Respublikasynyň ulgamynyň wekilleri habar berýärler.