Geňeşli ýollar — güneşli ýollar
Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymydan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Durmuşynyň iň möhüm meseleleri Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde geçirilen milli forumda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taryhy waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri orun aldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň esasy maksady gazanylan taryhy üstünliklere syn bermekden, uzakmöhletleýin wezipeleri kesgitlemekden we özygtyýarly döwletiň gazananlaryny berkitmekden ybarat boldy. Halk Maslahatynyň mejlisine ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, ha