"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Arkadaga alkyşnama

Gije-gündiz halkyň arasynda Siz,Halkyň aladasy — hereketiňiz.Yhlasyňyz hem-de paýhasyňyz bilen,Artýar pursat saýyn berekedimiz. Nazaryňyz düşse gülzardyr ýerler,Bahar gelen ýaly owadan bolýar.Toýlarmyzda şatlyk bilen joşulyp,Aýdym-saz, küştdepdi, gazaldan dolýar.

Ene sargydy

(Bolan waka) Bir gün  Hally dostum bilen tomsuň ahyrragynda çölüň jümmüşine düýelerimizi  gözlemäge gitmekçi bolduk. Goş-golamlarymyzy taýýarlap ýörkäk, garry enem ýanymyza gelip:

Durmuş we biz

Duýgudaşlyk Ynsanyň ruhy dünýäsi hoşmeýilli duýgulara baý. Olaryň hemmesi birigip, adamzadyň ahlak sypatlaryny, ynsanperwerlik häsiýetlerini kemala getirýär. Hoş gylykly, ajap häsiýetli, şirin zybanly ynsanlar bada-bat ünsüňi çekýär, özüne maýyl edýär.

Hikmetli sözler

Niýet nirä öwrülse, aýaklar hem şol tarapa ädilýär. * * *

Esger sowgady (Hekaýa)

Daşarda garadam ýasap ýören agtyklary şadyýan sesler bilen: ― Ene, buşluk, kakam size sowgat getirýär! ― diýişip, içerik kürsäp girdiler. Onuň yz ýany bilen ýylgyrjaklap gapydan ätlän harby eşikli ogluny gören ene dessine ýerinden galdy:

Ýaşlaryň döredijiliginden

Arkadagyň paýhasy Bu gözel Diýaryň çar ýany rahat,Bagta beslenip dur ýyllar hem aýlar.Döwletli döwranda illerimiz şat,Bizde hatar-hatar tutumly toýlar.

Howsala

(hekaýa)Bu gün hem adatdaky ýaly, Gün ýaşansoň esli wagt oýna güýmendik. Ala-garaňkylykda mallary öňümize salyp, oba sary ýola düşdük. Birden wagtyň bir çene barandygy, mallaryň sanynyň tükelligi ýa däldigi baradaky howsala ýüregimi gysdyryp ugrady. Hawa, ýüregiň gysyp ugradymy, diýmek, bir ýakymsyzlyk bardyr. Ýa mallaryň sany tükel däldir ýa-da öýüňe baraňda, giç geleniň üçin igenç eşidersiň. Kelläme gelen pikirden hiç saplanyp bilmedim. Ýüregim bir zady syzan ýaly boldy. Süriniň gapdaly bilen ylgap, ýabyň raýşyna çykyp, mallary gaýta-gaýta sanadym. Hemmesi ýerbe-ýer, toklularyň sany tükel, işşekler hemişekileri ýaly biri-birine gysylyşyp barýarlar, öweçler hem süriniň öňünde. Birden üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Hemişe süriniň ortasynda ýöreýän maň goýun ýokdy. Yzyma dolanjak bolsam, eýýäm oba golaý gelipdik, garaňky hem mazaly düşüpdi. Näme bolsa-da, kakama aýdyp, onuň bilen bile gözlemäge gitmekden başga alajym ýokdy. Şonuň üçin tizräk öýe ýetmek üçin mallary haýdaberdim.

Danalardan dürdäneler

Kitap — islendik bilimiň jany we ýüregi, islendik ylmyň başydyr. S.SWEÝE.

Ylham gorum — Watanym

Şygyrlar şadilli,  suratlar ajap,Watan waspy güberçekläp galyp dur.«Döret!» diýip, borçly edenok hiç kimÝene şygyr döredesim gelip dur. Gursagymda gözel-gözel niýet bar,Ak daňlary arzuw bilen atanym.Maksadym bir çemen bogmak şygyrdan,Ylham gorum sen — mähriban Watanym!

«Ýunus, seniň sözleriň manydyr bilenlere...»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köp asyrlyk milli medeniýetimiziň gaýtadan dikeldilýändigi, ata-babalarymyzyň nesillere goýan edebi mirasynyň täzeden öwrenilip, dünýä ýaýylýandygy halkymyzyň dünýäsine nur saçýar. Türkmen halkynyň köp asyrlyk geçmiş edebiýatynda göýä bilbil bolup saýrap, owazyny çeper sözüň üsti bilen jümle-jahana ýaýanlaryň biri-de beýik söz ussady Ýunus Emredir. Ýunus Emräniň edebiýat äleminde baky ýaňlanyp duran sesi kalplara dolanda, ruhy medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda ylmy we çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdy» diýen parasatly sözleri kalplara dolýar.

Tapmaçalar

Oň balyk ýalyJany suw bilen.«Türkmen kölünde»Ýüzýär guw bilen. Suwda arkaýyn,Ýaýnap gezýär ol.Kölüň hezilin,Boýlap görýär ol.

Säher synlap, bu owadan jahany (Oýlanma)

Ýylyň her bir pasly özüniň owadanlygy, aýratynlygy, özboluşlylygy bilen türkmen sährasyny bezeýär. Altyn Güneş gyzgyn çogy bilen pasyllara hemdem bolýar, enäniň ýürek töründen gözbaş alýan mähremlik akabasy kimin, Güneşiň hem öz howrundan yssylyk mährini topraga siňdirmegi tebigaty gül-gülzarlyga öwürýär. Dünýämiz owadanlyga beslenýär. Ol owadanlyga bütin durkuň bilen teşne bolmazlyk mümkin däl. Belent-belent kemerli daglaryň howalanyp oturşy, gözbaşyny şo-ol goja daglardan alyp gaýdýan çeşmäniň Gurbannazar Ezizow bilen Nury Halmämmedowyň yhlasyndan dörän «Türkmen sährasy» aýdymynyň mylaýym sazyna meňzeş owaz bilen şildiräp akýan jana melhem suwy, ýaşyl baýyrlyklarda erkana gezip ýören jerenler... Onsoň, şu gözellikleri synlap, olara haýran galyp, neneň türkmen topragyna behişdi Diýar diýmejek. Hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik kitabyndaky ösümlikleri dogry ulanyp bilseň, olaryň melhemlik peýdasynyň uludygyny görmek bolýar. Diýmek, ene topragyň üstünde bitýän ösümlikleriň, daragtlaryň hiç biriniň yrýasy ýok. Müň bir derdiň dermany üzärligi diýsene! Lukman Hekimiň öz döwründe bu melhemlik oty dertlilere derman hökmünde ulanyp başlamagy asyrlaryň dowamynda janlara melhem bolup gelýär. Taryhymyza ser salanymyzda-da, akar suwly ýaplaryň boýlaryna, köçeleriň gyralaryna, howlulara, seýil baglaryna daragtlary, gülleri ekme

Bulaşyk saçly gyzjagaz (Hekaýa)

Il arasynda «Köp çagaly öýde ýürek gysmaga wagtyň bolmaz» diýilýänem bolsa, ýalňyzlyk duýgusy meni çagalygymdan gurşap alypdy. Ýogsam, ýaş aýratynlygymyz üýtgeşik tapawutlanyp durmaýan çülpe çagalardyk. Maňa gyz jigi alyp berseler, ýalňyzlyk duýgusy çaga kalbymdan gider öýderdim. Ýöne bu niýetimem başa barmady. Bäbekhanadan getirilen gyz jigimiň hyrydary köp bolup çykdy. Her kim ony göterjekden, her kim onuň bilen oýnajakdan. Şonuň üçinem çaga kalbym ejemden ýene bir gyz jigi getirmegini haýyş etmeli diýen karara geldi. — Eje, aý, eje!

Şygryýet

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym Her günümiz ajap, misli eşrepi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.Gahryman Arkadag berdi eşreti, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.

Täsin pursat

Geçen asyryň altmyşynjy-ýetmişinji ýyllarynyň sepgitleridi. Ol döwürler men uniwersitetiň talybydym. Düýnki ýagan gar paýtagt şäheri tutuş aklyga büräpdi. Günortanlar şäheriň öňki «8-nji mart» diýilýän töwereklerinde ýaşaýan, bile okaýan ýigitlerimiziň biriniň ýanyna barýardym. Dynç alyş günüdigine garamazdan, öň gelim-gidimi az bolmaýan bu töwereklerde bu gün näme üçindir adam-gara öňküleri ýaly kän däldi, belki bu ýagdaý howanyň sowuklygy ýa-da adamlar pyýada gatnalýan ýanýodalaryň sürçekliginden howatyr edýändigi sebäplidir... Ynha, birden bärligine biriniň ýöräp gelýändigine gözüm düşdi. Ol ýanýodanyň gapdalyndaky ap-ak gar bolup ýatan, öň ýörelmedik ýerden öz maýdalyna ädimläp gelýärdi. Men ony tanadym, ol Gurbannazar şahyrdy, Gurbannazar Ezizowdy.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Türkmenistan — dilde dessan, jigerimde janymsyň sen müdimi, Türkmenistan — nurly asman, dünýä dolan taryhyň bar gadymy, Türkmenistan — bir jan-u-ten, halk hem Watan, gadamlary edaly, Topragyňda güldür gülşen, bagyň-erem, bilbilleriň şeýdaýy,Daglaryň galkan — goýny melhem, öwsen ýelleriň sedaly, Çeşmeleriň durşy ylham — şahyra gazal-u şygyr meýdany, Goja Hazar, joşly Jeýhun, bakdygy tanaýyr merdi-merdany,Biziň mekan özgerişde, güni-günden, ýyly-ýyldan sapaly,Toý lybasly oba-kendiň pälwany göreş tutup, at çapany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Parahatlyk — bu Watanyň keşbinde, bardyr mukam-aýdymynda, Parahatlyk — bu Watanyň kesbinde, bardyr ýaşyl Baýdagynda, Parahatlyk — bu Watanyň yşkynda, bardyr halyň öýdüminde, Parahatlyk — bu Watanyň müşkünde, bardyr her bir ojagynda, Parahatlyk — bu Watanyň çeşminde, diýeninde, diýjeginde, Parahatlyk — bu Watanyň aslynda, barça dostluk serhedinde, Parahatlyk — bu Watanyň ykrarynda, taryh siňen Tugrasynda, Parahatlyk — bu Watanyň isminde, bardyr ymgyr ýaýlasynda, Parahatlyk — bu Watanyň ygrarynda, erkin dünýä gatany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Magtymguly Pyragy

Pukaraýam Watanymda han idim,Hanlara perman idim,Dertlere derman idim,Misgine dükan idim,Jansyzlara jan idim,Neýleý, indi biçäreýem.

Türkmeniň ruhy dünýäsi

2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi baradaky habar her birimizi häzirki wagtdan şol uly toýa ykjam taýýarlyk görmäge borçlandyrýar. Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir-birege hormat-sylaga çagyrýar.

«...Ak guş bolup ýazlaryma gaýdaryn»

Şahyr Nurmämmet Meredow 1959-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Nesimli obasynda dünýä inýär. 1979 — 1984-nji ýyllarda Moskwa şäherinde ýerleşýän M.Gorkiý adyndaky institutda ýokary bilim alyp, 1984 — 1986-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň şol wagtky Garabekewül etrabynyň «Lebap pagtaçysy» gazetinde edebi işgär bolup zähmet çekýär. 1990-njy ýyldan ömrüniň ahyryna çenli bolsa Lebap welaýatynyň «Türkmen gündogary» gazetinde işleýär. N.Meredow 2008-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ine aradan çykýar.

Şygryýet

Alkyş Hormatym peselmän, umydym synman,Ynanyp ýörenlem uzak ýaşasyn.Kyn günüm hossar deý kalbyma sygýan,Kömege gelenler uzak ýaşasyn.