"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ogulboldy ÇOPANOWA

Watan Sagyňda Köpetdag, soluňda Köýten,

Söýgi hekaýaty (Çeper kyssa)

Demir ýol menzilinden ugran otly birsydyrgyn ses edip, paýtagta tarap ugur aldy. Men küpedeşim Aýgözeliň ykbal öwrümlerini külterläp oturyşyny ýolboýy diňläp gelýärin, diňledigimsaýy onuň arassa söýgüsine, zenan wepadarlygyna haýran galyp, aňyrsyna çykyp bilemok. Onuň çirksiz duýgulary, söýgä bolan arassa garaýyşlary, mertligi, galyberse-de, Aýgözeliň söýgüsiniň taryhy meni dörediji adam hökmünde biparh goýmady. Şonuň üçin bu hekaýaty okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim. — Men: «Hak aşyklar biri-birine gowuşmaýarmyş» diýseler, asla ynanmaýardym. Bu aýdylanlar diňe dessanlarda bolýandyr diýip, pikir edýärdim. Men hakyky söýgi «Zöhre—Tahyr, «Leýli—Mejnun», «Gül—Bilbil» ýaly dessanlarda bolýandyr diýip düşünýärdim. Söýgi diýen belent duýgynyň ýaşyň islendik wagty hem döräp bilýändigine welin, asla ynanmaýardym. Men iň gowusy, özümiň durmuş ýolumda, ýagny kalbymyň eýesi bolup, ýüregimiň bir bölegine ornan söýgimiň dessanlardakydan-da has ezýetli bolandygyny gürrüň bereýin.

Hakdan, halkdan arkalysyň, Arkadag! (Buýsançnama)

Gözden, dilden gorawersin Danasyn,Pähmi pena, pendi perman, Arkadag!

Milli mirasym

Hazynaly dünýädir,Türkmen milli mirasy.Soňlanmajak senadyr,Türkmen milli mirasy. Bakyň bedew atyna,Girmiş taryh gatyna,Şan getirýär Watana,Türkmen milli mirasy.

Şahyryň sözi

Robert Frost, amerikan şahyry. Goşgy nämeden başlanýar?

Şygryýet

Söz parlak Gündür, ol ýüreklerde dogup, asyrlary ýagtyldýandyr. Soradym seni

Dünýä şeýle guralan (hekaýa)

Garry seýsiň sesi ysgynsyz eşidilse-de, düşnüklidi: — At bir adamyny ýowdan alyp çykar, kimem bolsa biri halas bolmaly. Kim?

Sapak (Gülküli kyssa)

Dükandan täzeje welosiped satyn aldym-da, her gün işden soň türgenleşip başladym. Birbada öwrenişmedigimdenmi, aýaklarym syzlap azar berdi. Soňabaka agyrylar aýrylyp, kem-kemden bedenime ýeňillik aralaşdy. Özümi sagdyn duýdum. Öň günde bäş-alty kilometr aralygy geçýän bolsam, indi bu aralygy on-on bäş kilometre çenli uzaltdym. Şeýdip, her gün hem gezelenç etdim, hem bedenimi tapladym. Bir günem göwnüm has uzaklary küýsäp, obamyzyň gaýrasyndan geçýän uly gara ýola çykdym. Gözüňe söweýin, aýna ýaly ýaldyrap duran tekiz ýol. Näçe sürseňem, uzaga gitseňem, ýadawlyk duýjak gümanyň ýok. Gaýtam, barha keýpiň göterilýär. Şeýle bolansoň, menem tigrimi aldygyna haýdatdym. Edil suw pese giden ýaly eňip barýan. Göwnüm joşup, sesimiň ýetdiginden aýdyma-da hiňlenýärin. Gezekli-gezegine ellerimi aşak-ýokaryk hereketlendirip galgadýaryn. Ýoldaky sürüjilerem deňimden ýylgyryşyp geçýärler. Olaryň arasynda kellesini ýaýkaýanlaram, ellerini galgadýanlaram bar. Bir sürüj-ä ulagynyň aýnasyndan kellesini çykaryp:

Begçer guýy (rowaýat)

Gum etegindäki küren obalaryň birinde düýe çopanyň maşgalasynda Begçer atly oglan dünýä inýär. Ol ulalyp, il-günüň derdine ýaraýan ilhalar ýigit bolup ýetişýär. Obadaşlary haýsy işiň hötdesinden gelip bilmeseler, ony Begçere ynanar ekenler. Begçer näçe agyr iş hem bolsa bitiripdir. Şonuň üçin düýe suwa batsa-da, çölde mal ýitse-de, Begçeriň boýnuna ekeni. Ol hiç kimden elinden gelen kömegini aýamandyr. Özem elinden dür dökülýän ussamyşyn. Begçer obasyndan Hesel atly bir görmegeý, akylly-başly gyza öýlenýär. Aýlar-ýyllar yzly-yzyna kerwen gurap geçýär, emma bu agzybir maşgalanyň perzende ýüzi düşmeýär. Munuň üçin Begçer aýalyna birjik-de igenmändir, gaýtam oňa bolan hormaty ýylsaýyn artypdyr. Günlerde bir gün sabyr käsesi dolan aýaly adamsyna garap:

Baldan bolsun sözleriň alym, şahyr, ýazyjy Giçgeldi Aşyrowy ýatlap

Ol iş eşiginde — ak köýnekde, boýunbagly halda ýazuw stoluna geçip, kämil eserlerini döredipdir. Elbetde, bu ýagdaý şahyrana zehiniň çeper döredijilige iň aňrybaş derejede jogapkärçilikli çemeleşendigine, özüne juda talapkär bolandygyna güwä geçýär. Döredijilik adamynyň, ylaýta-da, ýazyjy-şahyryň ene süýdüni emen ýeri, gözüni açyp gören täsin durmuşy onuň zandyna, döredijiliginiň hamyrmaýasyna siňip gidýän bolmaly. Bu hakykaty Giçgeldi Aşyrowyň kitaplaryny ele alanyňda, magat bilip bolýar.

Ot başynda

Görünip dur obamyzdan agşamlar,Çopan ody belent dagdan ýaldyrap.Çagyrýan mysaly intizaryny,Ýa-da duran ýaly dosta gol bulap, Gör, haýsy çopanka oduň başynda,Süýji-süýji arzuw edip oturan.Lakyrdadyp kerkaw oda tüňçesin,Hyýala berilip daňyn atyran.

Dürli ýyllaryň depderlerinden

Dosta wepalylyk — adamyň iň belent häsiýetleriniň biri. Dost dostunyň hatyrasyna özüni agyr jepalara sezewar edip biler. Ýöne käbir halatlarda medalyň düzüw tarapyna gyzygyp, arka tarapyny ýatdan çykarýarys. Dostuň kim? Sen nämäniň hatyrasyna agyr synaglara özüňi sezewar etmeli? Dostuň hak işiniň hatyrasynamy? Ýa-da nähak işiniň hatyrasynamy?

Ibn Sina barada

Bir gezek Ibn Sinany hökümdaryň ýanyna çagyrypdyrlar. Hökümdaryň ogly uzak wagtlap kesel ýatan eken. Köşk lukmanlary hassa hiç bir däri-dermany tapyp bilmändir. Bu çakylygy kabul eden Ibn Sinanyň hassanyň keselini bejerişi üýtgeşik bolupdyr. Alym hökümdaryň ogluny seýilgählere aýlaýar, baglaryň kölegesinde oturyp gürrüňleşýär. Oňa diňe umumy berkidiji däri-dermanlar içirýär. Oglan bilen köp gezelenç edýär, ertir ir bilen köşge gelip, hökümdaryň ogluna bedenterbiýe maşklaryny etdirýär. Ibn Sina hyzmatkärlere howzuň düýbündäki hapa-hupalary aýyrdýar. Bagyň ortasynda ýerleşen howdan uzak ýyllaryň dowamynda suwdan doldurylman eken. Şeýdip Abu Aly oglanjyga suwda ýüzmegi öwredýär. Birnäçe aý geçenden soň, oglanjyk bütinleý sagalypdyr.

Durmuş pelsepeleri

Bizde çagalyk döwri arzuwlar, ýigitlik döwri duýgular, orta ýaşdan geçenimizde bolsa, esasan, pikirler agdyklyk edýär. Ynsan söýmek arkaly söýülmek mümkinçiligine eýe bolýar.

Magtymguly pyragy — köňülleriň şahyry

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýän hem-de akyldar şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň nobatdaky Karary kalbymyzda egsilmez şatlygy döredýär. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagalla edýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi. Onuň çäginde bolsa «Magtymguly — köňülleriň küýs

Ynamdar dost

Seniň bilen gyzyklanýan, saňa goldaw berýän, durmuşyňa gatnaşýan, duýgularyňa, kynçylyklaryňa, gazanýan her bir ýeňşiňe we şowsuzlygyňa biparh garamaýan adam seniň dostuňdyr. Ynsan durmuşynda, okuwda, her bir işde maslahata mätäç. Maslahaty oňa ata-ene, dost-dogan, mugallym ýa-da ýaşuly nesil berip bilýär. Bularyň içinde ýürege, kalba iň bir ýakyn, mähirdeş, syrdaş dostdur. Hakyky dosta ýürek syryň ynanylýar. Taryhda men-men diýen gerçekler özlerine ýürekdeş, wepadar dost gazanmaga uly ähmiýet beripdirler. Sebäbi jiger içre jan bolup biljek syrdaş dost gam-gussaňy çekişýär, begenjiňe şatlanýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy ýolunda durmuşyň islendik meselesine degişli nakyllar biziň häzirki günümizde altyna barabar hazynamyzdyr. Olaryň arasynda dostluk hakynda ençeme nakyl bar. «Dost başyňa iş düşende tanalar», «Dost-dostuň aýnasy», «Dost geňeşde belli»...

Şägirt

Il sylagly ýaşuly Jumamyrat Nazarowyň howlusy bu gün diýseň köp adamlydy. Gelenler: «Jumamyrat aga, toýlar gutly-mübärek bolsun! Tüweleme, agtygyňyz Abdylla harby okuw mekdebini tamamlapdyr. Onuň indi Watan goragçysy hökmünde uly abraýyň eýesi boljak günleri daşda däl» diýip, ýaşulyny agtygynyň üstünligi bilen gutlaýardylar. Sekiniň üstünde oturan zenanlaryň biri: «Ogul diýeniň Abdylla ýaly bolaýsa. Şeýle akylly, şeýlekin pespäl, edepli, basan ýerinden ot çykýan ýigidiň söýen gyzy nähilikä?» diýip sorady welin, olaryň arasynda oturan Zybagül atly gelin: — Abdyllanyň söýýän gyzynyň Aý diýseň, agzy bar, Gün diýseň, gözi bar. Ol bu görünýän gyzlaryň ählisinden owadan, özem giň gözýetimli, ýokary okuw mekdebini, çakym çak bolsa, ýene iki ýyldan tamamlaýar. Emma onuň adyny aýtmaga hakym ýok — diýip, onuň nagt jogabyny berdi. Onda bu ýerde oturan gelinleriň ýene biri:

Bulut

Nätjegimi bilemok,Men öýümi tapamok —Diýdi bulut azaşyp,Şemal bilen söz alşyp.Şemal oňa geň galdyHem düşündiren boldy:Eger sen dursaň ýagman,Seň öýüň bolar asman.Ýagyn bolup öwrülseň —Zemin bolar öýüň seň. Gözellik

Şadyýan çagalyk edebiýatda

Çagalygyň syrly dünýäsindäki unudylmajak wakalary biz özümiziň içki dünýämizde-de ýatlap bileris, ýöne bu barada öz ýatlamalaryňa ýakyn eserleri okanyňda, onuň täsiri has-da artýar. Mysal üçin, Berdi Kerbabaýewiň «Japbaklarynda» çagalaryň özüne çekiji häsiýetleri açylyp görkezilýär. Ýazyjynyň «Goňurjanyň hekaýasy» atly ertekisinde bolsa, mynasyp dost tutunmak barada aýdylýar. Edebiýatymyzda bir aýratynlyk bar. Çagalary terbiýelemek üçin ol eserlerde gahryman edip, ýazyjy adamyň özüni saýlaýar, emma käbir ýerlerde bolsa, bu usul az-kem özgerdilýär, ýagny ynsan häsiýetleri janly-jandarlaryň, tebigy zatlaryň üstüne ýüklenilýär. Aman Kekilowyň “Küýze we tilki” atly eserinde mekir tilkiniň görýän kösençliklerinden çagalaryň daşda bolmagy ündelýär. Çagalar edebiýatyny Kaýum Taňrygulyýewsiz göz öňüne getirmek mümkinem däl bolsa gerek. “Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň” atly goşgular toplumynda çagalar aň babatdan zähmete, bag ekmäge, işeňňirlige ugrukdyrylýar.

Bulary bilmek gyzykly

Dü­ýe­guş­lar at­lar­dan hem ýo­ka­ry tiz­lik­de yl­gap bil­ýär­ler. Zem­zen 100 ýy­la çen­li ýa­şap bil­ýär.