Hikmetli pentler
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan: — Günleriň birinde Köneürgenjiň üsti bilen Amula barýan kerwendäki jahankeşdeler Nejmeddin Kubranyň ak patasyny almak hem-de onuň öwüt-ündewini diňlemek üçin şol jelegaýda goş ýazdyrypdyrlar. «Hezreti pir, biz bir jahankeşde adamlar. Baran-gezen ýerimizden del haryt alyp, öz ilimize äkidýäris. Söwda-satyk edýäris. Ýurtlaryň ahwalyny, habaryny ýetirýäris. Kimden nähili ýagşy söz, öwüt eşitsek, hemmeler bilen paýlaşýarys. Hemişe ýolda gezýän adamlar näme bilen meşgul bolsalar gowy? Bize şeýle bir pent ber, goý, ol pentleriň hikmeti, täsiri bütin ömrümize ýeterlik bolsun» diýip, haýyş edipdirler. Pir hezretleri myhmanlarynyň haýyşyny diňlänsoň, olara şeýle nesihat edipdir: «Ömür ýeňil-ýelpaý ötülýän menzil däl, emma şu alty amaly berjaý etseňiz, ekin meýdanyna taşlan her bir dänäňiz müň bolar. Daýym ýadyňyzda bolsun, adamlar köp işlemäge meşgul bolsalar, siz her bir eden işiňizi gowy ýerine ýetirmäge çalşyň. Adamlar artykmaç ybadata meşgul bolsalar, siz ilki bilen möhüm borçlaryňyzy bitirmäge meşgul boluň. Adamlar daşky zynatyny bezemäge meşgul bolsalar, siz içki dünýäňizi bezemäge meşgul boluň. Adamlar özgäniň aýybyny gözlemäge meşgul bolsalar, siz öz aýybyňyzy düzetmäge meşgul boluň. Adamlar nebsini dikeltmäge meşgul bolsalar, siz synyk göwünleri dikeltmäge meşgul boluň. Adamlar kimdir bir