«Hakyda göwheri» — paýhas düri
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Bu ajaýyp kitap alym Arkadagymyzyň halkymyza, giň okyjylar köpçüligine ýetirilen mundan öňki kitaplarynyň özboluşly dowamydyr. Ylmy-ensiklopedik mazmunly täze kitapda taryhy, arheologik, etnografik, şeýle-de binagärlik we şekillendiriş sungaty, halk döredijiligi, nusgawy edebiýatymyz, dil, etimologiýa ýaly möhüm ugurlar bilen bagly maglumatlar ylmy çeşmelere, gadymy golýazmalara salgylanylyp, giňişleýin beýan edilýär. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda toý şatlygymyzy artdyran «Hakyda göwheri» atly täze kitap taryhymyzy, edebi mirasymyzy, halkymyzyň şöhratly geçmişiniň arheologik ýadygärliklerinde saklanyp galan, henize çenli ylmy dolanyşyga girizilmedik syrly sahypalaryny, bürünç asyrlarynda, antik zamanda, kuwwatly Parfiýa, beýik Seljuklar, Horezmşalar, Anuşteginler — Köneürgenç nesilşalygyna degişli we orta asyrlaryň beýleki döwürlerinde gülläp ösen şäherlerimiziň taryhyny, medeniýetde, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda gazananlaryny çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär. Kitapda türkmen halkynyň gadymy hem şöhratly taryhyny, arheologik ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmekde uly hyzmatlary bitiren amerikan alymy Rafael Pampelli, rus alymlary Wadim Masson, Wiktor Sarianidi, Wiktor