Üstünlige ýetmek aňsatmy?
«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Durmuş gowşaklary halamaýar, edil gowşak bolmasa-da, juda akýürekli, «polady ýumşak» diýilýän adamlary hem käte ýowuz synaga sezewar edýär. Şeýle ýagdaýa, köplenç, adamlaryň eden etmişi ýada günäsi hem sebäp bolup duranok. Adatça, şeýle synaglar haçan-da ynsan juda jogapkärli işe baş goşjak bolanda döreýär. Bu — durmuşyň synagy. Eger adam ogly aň we beden taýdan agyr ýüki egne almaga taýýar bolmasa, durmuş ony taplamak üçin sebäbi näbelli bolan külpetleri başyndan inderip ugraýar. Şonda özüniň nämede ýalňyşlyk goýberendigini tapman, elewräp ugran adamzat halys kelebiň ujuny ýitirýär. Köplenç, takdyrdan närazy bolmak, hatda ýaşaýyş umydynyň söneňkirlemegi ýaly ýagdaýlara hem eltýän bu ýowuz synaglar, aslynda, adamy taplamak üçin döreýär. Durmuşyň kanuny öýüň düzgüni ýaly seniň islegiňe bagly bolmaýar. Bu ýaşaýyş kanunlarynyň käte-käte yzgytsyz daraýandygy üçin oňa «durmuşyň demir kanuny» diýilýär.