"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Azyk bolçulygyna goşant

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygy pudagynda durmuşa geçirýän özgertmelerine Mary welaýatynyň hususy önüm öndürijileri hem tutanýerli zähmeti bilen jogap berýärler. Muny Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhana toplumlarynda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň hususyýetçileri obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynda netijeli işleri ýola goýýarlar. Bu babatda ýyladyşhana hojalyklary bilen baglanyşykly gazanylýan öňegidişlikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bolan pudakda üstünlikli iş alyp barmak we dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýyladyşhana toplumlaryny döredip, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan hususyýetçileriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mähriban obam» hususy kärhanasy hem bar. Hususy kärhana halkymyzy ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýar. «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň hünärmenleri soňky bäş ýyla barabar döwürde ýyladyşhana şertlerinde gök önümleri ýetişdirmek bilen meşgullanyp, bu ugurda baý tejribe topladylar. Hususy kärhananyň işçileri işlerini şu günüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak arkaly, ekologiýa taýdan arassa gök önümleri öndürmäge ýykgyn edýärler. Olaryň bu ugur

Telekeçilik ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň daýanjydyr

Telekeçilige giň ýol! Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmekde alnyp barylýan işlerde telekeçileriň mynasyp paýy bar. Bu gün ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply telekeçilik işjeňligi, telekeçiligi guramagyň hem-de hyzmatlary etmegiň häzirki zaman usullary kemala geldi.

«Akgaýanyň» islegli önümleri

Hormatly Prezidentimiziň daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek barada öňde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde telekeçiler mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu gün ýurdumyzdaky hususy kärhanalaryň binýadynda dünýä bazarlarynda bäsleşip bilýän dürli harytlary öndürmek üstünlikli ýola goýulýar. «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän gurluşyk garyndy serişdeleri we gipsokarton  kärhanasy hem şolaryň hatarynda tanalýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň umumy meýdany 25 gektara barabar bolan gurluşyk garyndy serişdeleri we gipsokarton kärhanasy welaýatymyzda hem telekeçilik pudagynyň ynamly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Dolandyryşyň kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada  taýýarlanylýan ýokary hilli gurluşyk serişdelerine we gipsokartonlara ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda, şonuň ýaly-da daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär.

Aýna gaplara Isleg artýar

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Ynamly ojak» hususy kärhanasy ýurdumyzda senagatyň dürli pudaklarynda aýna gaplara we çüýşelere bolan islegleri kanagatlandyrmakda netijeli işleri alyp barýar. 2014-nji ýylyň aprel aýynda açylan kärhana, ilki bilen, alýumin we metal gapaklary öndürip başlaýar. Geçen ýylyň ikinji ýarymynda bolsa aýna gaplaryň önümçiligini ýola goýdy. Aýna önümleriniň daşarky bazarlara eksportynyň ýola goýulmagy işleriň barha rowaçlanýandygyndan habar berýär. Häzirki wagtda 5,67 gektar meýdany tutýan kärhanada 150 adam zähmet çekýär. «Ynamly ojagyň» hünärmeni Söhbet Annamyradow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bu ýerde alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi: — Öndürýän çüýşelerimiz hem-de aýna gaplarymyz ýurdumyzda mineral we gazlandyrylan içgilerdir duzlanan gök-bakja önümlerini, miweleri gaplamakda giňden ulanylýar. Kärhanada Türkiýäniň we Germaniýanyň tehnologiýalary ornaşdyryldy. Ýokary hilli önümlerimizi «Altyn asyr» Gündogar bazaryna, «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetine, «Berzeňňi» mineral bejeriş suwuny öndürýän kärhana ýollaýarys, şeýle hem Türkiýä we Özbegistana eksport edýäris.

Baý kakam, garyp kakam

Robert KIÝOSAKI.ALTYNJY BAP Bu kitap ene-atalara — çagalaryň iň esasy mugallymlaryna bagyşlanýar

«Belli Asman» aragatnaşyk we işewürlik üçin amatly goşundysyny tanyşdyrdy

«Belli Asman» kompaniýasy Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde anna güni «Alaja» atly köpugurly programma goşundysyny tanyşdyrdy. Bir ýyla golaý wagtda işlenilip taýýarlanylan täze önüm jemgyýetçilik torunyň, söwda meýdançanyň we işewürlik gurallaryň mümkinçiliklerini utgaşdyrýan Türkmenistandaky ilkinji sanly platformany emele getirmäge gönükdirilendir.

Türkmen telekeçileri Ýewraziýa ýeňil senagat sergisine gatnaşarlar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 12 – 15-nji marty aralygynda Moskwa şäherinde geçiriljek «LEGPROM SNG+» atly III Ýewraziýa ýeňil senagat sergi-kongresine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu çäre GDA döwletleriniň Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «Gostinyý Dwor» sergi toplumynda guralar. Ol dokma, deri we sütükli önümler pudagynda harytlary tanyşdyrmak we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly meýdança bolar. Sergide gatnaşyjy ýurtlaryň milli diwarlyklary, sebitleriň, pudaklaýyn düzümleriň aýakgap, deri önümleri, lybaslary, dokma we sütükli harytlary bilen tanyşdyrýan toplumlaýyn ekspozisiýalary ýerleşdiriler. «LEGPROM SNG+» sergisi işewürlere öz öndürýän harytlaryny görkezmek, geljegi uly alyjylar we üpjün edijiler bilen gepleşikleri geçirmek hem-de çäräniň mahabat we marketing serişdelerini ulanmak üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürleýär.

«Aýdyň gijeler» Türkmenistanda ilkinji bolup kabel önümçiligini ýola goýdy

«Aýdyň gijeler» kompaniýasy hytaýly hünärmenler hem-de Germaniýanyň «Siemens Standard Motors LTD» kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji bolup kabel önümçiligini ýola goýdy. Türkmen kompaniýasy Ýewropanyň degişli guramalary tarapyndan sertifikatlaşdyrylan, şeýle-de halkara ölçeglerine laýyk gelýän kabel önümlerini «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara serginiň çäklerinde tanyşdyrdy. «Aýdyň gijeleriň» täze önümi içerki we daşarky bazarlara niýetlenilen bolup, kompaniýanyň önümçilik zawodynyň kuwwaty ýylda 80 million metr kabel öndürmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda önümçilik zawodynda pes we orta ýygylykly alýumin, mis kabelleri öndürilip, bu ýerde ýakyn geljekde ýerli çig malyň hasabyna optiki süýümli geçirijileriň hem öndürilmegi meýilleşdirilýär.

Güýz berekedi

Altyn güýz — dürli miweleriň, üzümiň, gök-bakja önümleriniň köpçülikleýin ýygnalýan döwri. Daýhanyň maňlaý deri siňen toprak bu pasylda bereket baryny eçilýär. Türkmen işewürleri hem bu döwür ýetişdiren baglaryndan alma, beýi, nar, hurma ýaly güýz miwelerini ýygnap, söwda nokatlaryna ugradýarlar. Baldan süýji miweler

«Altyn bürgüt» gerimini giňeldýär

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen hususy pudagyň işleriniň ilerlemegine berilýän döwlet goldawlarynyň netijesinde daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişi ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu bolsa önüm bolçulygynyň emele gelmegine, şeýle-de gündelik sarp edilýän harytlaryň elýeterli bolmagyna amatly şertleri döredýär. «Altyn bürgüt» hususy kärhanasy Çärjew etrabynyň çäginde 8,5 gektar meýdanda döwrebap ýyladyşhanalar toplumyny gurup, şol ýyladyşhanalarda gündelik durmuşymyzda zerur bolan gök-bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda pomidor ýetişdirmekligi ýola goýdy. Hususy kärhananyň ýyladyşhanalar toplumynyň iş dolandyryjysy Mahmut Myradowyň aýtmagyna görä, dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan «Altyn bürgüdiň» jemi alty bölekden ybarat bolan ýyladyşhanalar toplumynda pomidorlaryň her ýylda 2 müň tonnadan gowragy öndürilýär. Olar daşary ýurt tejribeleri ulanylyp, agrotehniki kadalary doly berjaý edilip, kokos gabygynyň garyndylary ýerleşdirilen ýörite gaplarda ýetişdirilýär. Pomidorlaryň köp bölegi içerki bazarlarda satuwa çykarylýar, şeýle-de Russiýa Federasiýasy, Gazagystan ýaly döwletlere-de iberilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Akmyrat Bazarowyň ýolbaşçylyk edýän bu hususy kärhanasynda häzire çenli ýokary hilli pomidorla

Badyň egsilmesin, «Bat»!

Ýokary hilli önümleri bilen müşderileriň isleglerini kanagatlandyrýan hususy önümçilikleriň hatarynda Türkmenabat şäherindäki «Bat» haryt nyşanly jorap önümçiligini hem görkezmek bolar. Hususy kärhananyň agzybir işçi-hünärmenleri şu günler önjeýli işläp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň görkezijileri boýunça bu ýerde 527 müň 460 jübüt jorap önümleri, ýagny, 1 million 352 müň manatlyk önüm taýýarlanylyp, ýokary netije gazanyldy. Önümçilik 2017-nji ýylyň iýul aýynda telekeçi Atamyrat Jumakulyýew tarapyndan esaslandyryldy. Hususy önümçilikde ykjam, göze gelüwli milli nagyşlarymyz bilen bezelen, ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän joraplar taýýarlanylýar. Öndürilýän önümleriň düzüminiň 75 göterimini pagta, 22,5 göterimini spandeks, 2,5 göterimini hem elastan düzýär. Hususy önümçilikde, ilkinji nobatda, ilatdan gelýän teklipler, müşderileriň islegleri giňden öwrenilýär. Joraplaryň reňk sazlaşygyna, bezeg aýratynlyklaryna, dokalyş we tikiliş hiline, möwsümleýin aratapawudyna uly üns berilýär. Şeýle-de bu ýerde jorap önümleri her pasla görä taýýarlanylýar.

Hyrydarly önümler

Çärjewli hususyýetçi Narhal Haknazarowanyň konditer önümlerini öndürmäge girişenine kän wagt geçenok. Şeýle-de bolsa, işbaşarjaň zenanyň ýolbaşçylygyndaky kärhanada «Hepdelik» haryt nyşanly önümleriň görnüşi häzirki wagtda 30-dan geçdi. Esasy zat bolsa «Hepdelik» gysga wagtyň içinde gündogar sebitde iň görnükli we hyrydarly haryt nyşanlarynyň birine öwrüldi. Köke, süýji, peýnir önümlerine çagalar diýseň höwesek bolýandyr welin, «Hepdeligiň» önümlerine ulularyň hem islegi agdyk. Göwnüňe bolmasa, önümlere diňe bir yhlas däl, eýsem, mähir hem siňdirilene çalymdaş. Ýogsam, konditer önümçiliginiň giň ýaýran döwründe bäsleşikli bazarda gysga wagtda adygaýmak, köpüň islegini gazanaýmak ýeňil däl.

Alyjylaryň islegli harytlary

Diýarymyzyň ak bazarlarynda azyk önümleri ähli möwsümde-de halkymyza elýeterlidir. Şunda azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň işine uly orun degişli. Olaryň biri-de 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde işe girizilen «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetidir. Häzirki wagtda kärhanada 200-e golaý adam öndürijilikli zähmet çekýär. Bu hojalyk jemgyýetinde bolanymyzda, satyş bölüminiň hünärmeni Hijran Hekimow şeýle gürrüň berdi: — «Nur» haryt nyşanly maýonez önümi gysga wagtyň içinde ýurdumyzda islegli harytlaryň birine öwrüldi. Häzir kärhanamyzda onuň bilen birlikde, «Mylaýym», «Hazyna», «Esmo» haryt nyşanly önümler hem öndürilýär. Olar ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümlerinden taýýarlanylýar.

Ösümlik ýagy öndürilýär

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Ahal» ösümlik ýag kärhanasy ýurdumyzda ugurdaş kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Bu gün ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde ady agzalan bu kärhananyň uly orny bar.  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlan, Azyk senagaty döwlet birleşigine degişli bolan bu kärhanada halkyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň biri bolan ösümlik ýagynyň ýylda ýüzlerçe tonnasy öndürilýär. Ilatyň arasynda uly meşhurlyk gazanan «Ahal» nyşanly ösümlik ýagy bu gün dükanlarda, söwda nokatlarynda iň islegli önümleriň birine öwrüldi. Ösümlik ýagynyň uly islege eýe bolmagynyň sebäbini önümiň hiliniň ýokarydygy hem-de saglyga ýokumlylygy bilen düşündirmek bolar.

Yhlasy myrada gowuşýan miweçiler

Müň­ler­çe gek­tar tarp ýer­le­ri öz­leş­di­rip, gök-bak­ja ekin­le­ri­ni­dir mi­we­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän hu­su­sy­ýet­çi­ler ýur­du­myz­da ýo­ka­ry hil­li we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa azyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­de dag ete­gin­dä­ki aň­ry­sy­na-bä­ri­si­ne göz ýet­me­ýän meý­dan­da ekilen ba­dam agaç­la­ry­nyň ha­tar­la­ry­ny syn­la­nyň­da hem bu ha­ky­kat se­ri­ňe dol­ýar. Mi­we­li bag­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de baý tej­ri­be top­lan «Mi­we» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri bir­nä­çe ýyl bä­ri bu ýer­de ba­dam agaç­la­ry bi­len bir­lik­de, al­ma, ar­myt, hur­ma ýa­ly yn­san sag­ly­gy üçin peý­da­ly mi­we­le­riň bol ha­sy­ly­ny ýyg­na­ýar­lar. Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ter hem-de dat­ly ta­gam­ly mi­we­le­riň gö­zü­ňi gu­wan­dyr­ýan ha­sy­ly öz işin­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de döw­le­ti­mi­ziň gol­da­wy bi­len sa­tyn al­nan döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ýan oba ho­ja­lyk­çy­la­ryň yh­la­sy­nyň my­ra­dy­na go­wuş­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. «Mi­we» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne uzak möh­let­le­ýin esas­da bö­lü­nip ber­len ýer­ler­de mi­we­le­ri we gök önüm­le­ri ýe­tiş­dir­ýän «Hem­sa­ýa», «Gök bu­lut», «Mi­we­li atyz», «Dat­ly mi­we» ho­ja­

Ilon Mask bir günde 33,5 milliard amerikan dollaryny gazandy

24-nji oktýabrda «Tesla» kompaniýasynyň paýnamalary 21,9 göterim gymmatlady. Şoň netijesinde-de ady agzalan kompaniýanyň eýesi Ilon Mask 33,5 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. «Bloomberg Billioners Index» maglumat agentliginiň aýtmagyna görä, «SpaceX» we «Tesla» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy, «X» sosial ulgamynyň eýesi Ilon Maskyň şahsy baýlygy ýokarda agzalan girdejiden soňra 270 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

Önümleriň görnüşi artdyrylýar

Telekeçiler ýurdumyzyň «altyn gaznasyna» deňelip, olar hususy pudakdaky özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda köpugurly işleri alyp barýarlar. Olaryň tagallasy bilen Diýarymyzda täze hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri işe girizilýär. Işewürleriň öndürýän egin-eşikleri we aýakgaplary ildeşlerimiziň ösen isleglerini kanagatlandyryp, daşary ýurtlardan getirilýän şunuň ýaly önümleriň ornuny tutýar. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly önümleri halka hödürleýän hususy kärhananyň işleri hem munuň aýdyň mysalydyr. — Aýakgabyň durmuşymyzda näderejede zerurdygyny aýdyp oturmak gerek däl. Baryp-ha gadymy döwürlerde-de adamlar gamyşdan örülen hem-de agajyň gabyklaryndan ýasalan dürli hili aýakgaplary geýipdirler. Adamzadyň aňy barha ösüp, aýakgaplar häzirki wagtda kämil derejä ýetdi. 2015-nji ýylda işe girizilen kärhanamyzyň önümçiliginiň hem agramly bölegi aýakgaplary öndürmäge ýöriteleşip, önümlerimiz tutuş ýurdumyzda ösen islegden peýdalanyp gelýär. Hususan-da, sport hem lukmançylyk, ýeňsesi açyk aýakgaplar ak bazarlaryň, söwda nokatlarynyň bezegi. Bulardan başga-da, mekdep okuwçylaryna niýetlenen torbalary hem öndürýäris. Täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öň ýanynda gyzgalaňly dowam eden mekdep bazary möwsüminde bu babatda önjeýli iş alyp bardyk — diýip, kärhananyň işewürligi ösdürmek boýunça hünärmeni Mekan Orazdurdyýew gürrüň berýär

«Soltan» Awazada

Awazadaky «Soltan» restorany deňziň kenarynda dynç alýanlaryň söýgüli ýerine öwrüldi. Restoran myhmanlaryň özlerini oňaýly duýmagyny göz öňünde tutup, olar üçin iň rahat dynç alyş gurşawyny hödürleýär. Bu ýer diňe bir gözel künjekde ýerleşiş aýratynlygy bilen däl-de, eýsem, ajaýyp tagamlara baý aşhanasy bilen hem meşhurdyr. «Soltanda» nusgawy Ýewropa tagamlaryndan başlap, Gündogaryň däbe öwrülen naharlary, şeýle-de dünýäniň dürli aşhanalaryna degişli tagamlar taýýarlanylýar. Bu ýere gelen her bir myhman özüniň islän tagamyny tapyp bilýär. Restoranyň aşhanasynyň esasy bölegini deňiz önümleri we balykdan taýýarlanylýan naharlar tutýar. Onda taýýarlanylýan balyk tagamlaryndan mangalda bişirilen steýk, osetrinadan kebap, gowrulan sazan, ýeralma püreli ýa-da tüwüli, kedr hozly sudak filesi, mangalda ýa-da howurpeçde taýýarlanylan kefal we beýlekileri mysal getirmek bolar. Şeýle-de bu ýerde süýjülikleriň dürli görnüşleri, şonuň ýaly-da islege görä süýji tagamlardyr desertler taýýarlanylýar.

«Soltan» Awazada

Awazadaky «Soltan» restorany deňziň kenarynda dynç alýanlaryň söýgüli ýerine öwrüldi. Restoran myhmanlaryň özlerini oňaýly duýmagyny göz öňünde tutup, olar üçin iň rahat dynç alyş gurşawyny hödürleýär. Bu ýer diňe bir gözel künjekde ýerleşiş aýratynlygy bilen däl-de, eýsem, ajaýyp tagamlara baý aşhanasy bilen hem meşhurdyr. «Soltanda» nusgawy Ýewropa tagamlaryndan başlap, Gündogaryň däbe öwrülen naharlary, şeýle-de dünýäniň dürli aşhanalaryna degişli tagamlar taýýarlanylýar. Bu ýere gelen her bir myhman özüniň islän tagamyny tapyp bilýär. Restoranyň aşhanasynyň esasy bölegini deňiz önümleri we balykdan taýýarlanylýan naharlar tutýar. Onda taýýarlanylýan balyk tagamlaryndan mangalda bişirilen steýk, osetrinadan kebap, gowrulan sazan, ýeralma püreli ýa-da tüwüli, kedr hozly sudak filesi, mangalda ýa-da howurpeçde taýýarlanylan kefal we beýlekileri mysal getirmek bolar. Şeýle-de bu ýerde süýjülikleriň dürli görnüşleri, şonuň ýaly-da islege görä süýji tagamlardyr desertler taýýarlanylýar.

Fransiýanyň lezzetleri «Dejavuda»

Gözelligiň, näzikligiň, söýginiň ýurdy hasaplanylýan Fransiýanyň sungata öwrülen aşhanasy indi paýtagtymyzda hem bar. Bu restoranyň işiniň şu ýyl ýola goýlandygyna seretmezden, Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlarynyň aglabasy «Dejavu» hakynda eşidendirler. Bu ajaýyp ýer barada diňe bir eşitmek ýeterlik bolman, eýsem, ol ýere baryp görmek, fransuz tagamlaryndan dadyp, skripkanyň şirin mukamlaryndan ganyp gaýtmak has göwnejaýdyr. Aşgabat şäheriniň 10-njy kiçi etapçasynyň «Dagbaşy» binasynda ýerleşýän «Dejavu» restorany fransuz tagamnamasy bilen çäklenmän, bu ýer müşderiler üçin ýörite taýýarlanylýan romantik agşamlary, ýokary derejeli hyzmatlary, oňaýly atmosferasy, iş naharlary, ýakynlaryňyz bilen duşuşmak üçin amatly şertleri bilen tapawutlanýar. Restoranyň ýüregi hasaplanylýan aşhanasynda bolsa ökde, tejribeli aşpezler işine uly üns we söýgi bilen çemeleşýärler. Ady agzalýan restoranyň tagamnamasynda adaty fransuz naharlary, şeýle hem möwsümleýin önümlerden taýýarlanylýan nusgawy tagamlar bar. Şeýle-de «Dejavuda» pasla görä aşhananyň tagamnamasynyň täzelenip durýanlygy onuň özboluşlylygyny alamatlandyrýar. Bulardan başga-da restoranyň tagamnamasynda çorbalar, etden we dürli ösümliklerden taýýarlanylýan tagamlar, işdäaçarlar, süýjülikler hödürlenilýär. Deňiz we balyk önümlerine uly ornuň degişlidigi hem bellärliklidir.