"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Miras

Ýaglyk daňdy Halk arasynda ýaglyk daňdy däbi gadymdan gelýän milli däplerimiziň biridir. Gyza sawçylyga gelnende, oglan tarapyň sözi alnyp, saçak açylýar. Şondan soňra oglanyň ejesi durmuşa çykjak gyza ýaglyk daňýar. Bu däp gyzy adaglamak ýaly däplerimiz bilen hem meňzeşräkdir. Ýöne ondan tapawutlylykda, ýaglyk daňmak däbi saçak açylandan soň ýerine ýetirilýär. Adaglamak bolsa çagalykdan eline ýa-da boýnuna monjuk, bilezik dakmak bilen bellenilýär.

Monjuk — zenan zynaty

Zergärçiligiň iň gadymy we giň ýaýran görnüşleriniň biri hem monjuklardyr. Monjuklar irki döwürlerden bäri gymmatbahaly daşlardan, süňklerden, jandarlaryň dişlerinden, balykgulaklardan, altyn, kümüş we beýleki önümlerden ýasalypdyr. Monjuklaryň, öz gezeginde, saça, boýna, eliň goşaryna, gulaga dakylýan görnüşleri bardyr. Ýaşajyk gyzjagazlaryň gulagy deşilende, sapaga düzülen monjukly ýa-da uly bolmadyk hünjüli gulakhalka dakypdyrlar. Hünji bilen monjuklardan gezekleşdirilip düzülen sep ýaş gyz-gelinleriň goşarlaryny, gartaşan aýallaryň bolsa boýnuny bezäpdir. Monjuklar, öz gezeginde, düzülişi we dakylyş görnüşleri hem-de atlandyrylyşy boýunça tapawutlandyrylýar. Lebap sebitlerinde ýaşaýan gelin-gyzlar arassa merjen-hünjülerden sapaga düzülen, dürli reňkler bilen nagyşlanylan monjuklary dakynypdyrlar. Olar gelin-gyzlary asylly, edepli görkezipdir. Zenanlar monjuklaryň arasyna ýantar daşyndan ýasalan monjuklary goşup dakmak bilen, olaryň dürli dertleri bejerijilik häsiýetiniň bardygyny bilipdirler. Şeýle-de olar käbir keselleriň öňüni almakda we bakteriýalary ýok etmekde örän haýyrlydygy üçin monjuklara kümüş teňňeleri hem dakypdyrlar.

Ähli döwürleriň şahyry hakda

Türkmen halky ençeme şahyrlary döretdi, emma şolaryň arasynda söz ussady, deňi-taýy bolmadyk beýik Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymguly türkmeniň şygryýetinde gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.

Beýik söz ussady we erteki ýordumlary

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň, pederlerimizden miras galan gadymy edebi-ruhy gymmatlyklarynyň, baý halk döredijilik eserleriniň ylmy esasda öwrenilmegine, halkymyza ýetirilmegine we dünýä derejesinde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň, halk döredijiligimiziň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir» diýip, nygtamak bilen alymlary, ylym adamlaryny döredijilikli gözleglere ruhlandyrýar. Türkmen ruhunyň synmaz sütüni bolan Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine düşünmek, şahyryň baý edebi mirasyny öwrenmek, şygyrlarynyň manysyny tirmek babatynda alymlardyr magtymgulyşynaslar ençeme ýyllardan bäri ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de halkyň kalbynyň töründe orun alan Magtymguly ussadyň guýmagursak zehininden, şahyrana kalbyndan syzylyp çykan şygyrlarynyň manysy giň gerimde öwrenilýär. Bu meselä beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymy döwürlerden bäri her bir halkyň edebiýatynda halk döredijiligi bilen ýazuw edebiýatyň

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Şirin heňli, hoş owazly Türkmen aýdym-saz sungatynda görnükli yz galdyran sungat ussatlary sanardan köp. Şeýle ussatlaryň biri-de türkmen opera hem-de kino sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan halypa aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewadyr. Ol bütin ömrüni opera we kino sungatyna bagyş edip, hoş owazly aýdymlary ýerine ýetirip, ençeme gahrymanlaryň keşbini döretmegi başaran ussatdyr.

Mirasymyz — buýsanjymyz

Halkymyzyň baý hem-de gadymy mirasy, bahasyna ýetip bolmajak medeni gymmatlyklary bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny gadymyýetden alyp gelýän şol gymmatlyklarymyzyň, ynsanperwer däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň, adatlarymyzyň ylmy taýdan öwrenilmegi we kämilleşdirilmegi, goralyp saklanmagy, geljekki nesillere ýetirilmegi üçin uly aladalar edilýär. Bu meselede muzeýleriň orny hem uludyr. Türkmen halky dünýäniň genji-hazynalarynyň hataryna giren milli gymmatlyklary döretmegi başarypdyr. Şol gymmatlyklar hem döwrebap muzeýlerimizde goralyp saklanýar, muzeýleriň ylmy işgärleri tarapyndan ylmy taýdan öwrenilýär. Biziň muzeýimize gelýän adamlar hem halkymyzyň gadymy taryhy, baý medeniýeti, däp-dessurlary barada giň düşünje alýarlar. Guraýan baý many-mazmunly sergilerimiz olarda uly täsirleri galdyrýar. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni mirasy, gadymdan galan gymmatlyklar sergileri synlamaga gelýän bagtyýar raýatlarymyzda olara bolan buýsanjy, söýgini artdyrýar.

Azadynyň gurduran geçelgesi

Beýik söz ussady, aryf akyldar Döwletmämmet Azady ömrüniň bütin dowamynda il-günüň agzybir, parahat, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda aladalanypdyr. 6000-e golaý setirden, 2314 beýtden, dört bapdan ybarat bolan «Wagzy-azat» eserinde beýik akyldar döwlet gurmagyň zerurlygy, adyl şa, baýlaryň ýoksullara ýardam bermekleri, durmuşda özüňi alyp barmagyň meseleleri, ylym-bilim, alymlaryň jemgyýetdäki orny we häsiýetleri, derwüşler hakynda düýpli meseleleri gozgaýar.

Pederleriň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi

Pederlerimiziň ruhy siňen edebi mirasymyza, baý milli gymmatlyklarymyza, asylly däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza daýanmak esasynda, ýaşlarda gymmatly ahlak häsiýetleriniň berk binýady kemala gelýär. Ömrüni, ykbalyny Watana bagyşlap, mübärek nesilleri terbiýelän ynsanlaryň ady taryhda galýar, halkyň hakydasynda ýaşaýar. Olaryň durmuş ýoly nesilleri watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusga bolup, ýörelge mekdebi bolup galýar. Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy, ilhalar ynsan, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşy, ömür ýoly, çeper döredijiliginde öňe süren pikirleri hem nesiller üçin görelde mekdebidir. Peder göreldesiniň, ata terbiýesiniň ähmiýetine, nesilleriniň ykbalyna edýän mukaddes täsiriniň nähili uludygyny Gahryman Arkadagymyzyň öz kyblasyna bagyşlap ýazan setirlerinde örän çeper beýan edilýär. Onuň kyblasynyň ýagty ýadygärligine bagyşlap ýazan «Atamyň» atly şygrynda şeýle setirler bar: Mätäje uzatdy kömek goluny, Mukaddeslik saýdy ene dilini, Il içinde alkyş boldy alany, Ýollary alkyşdan doly atamyň.

Halkymyzyň milli buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň şan-şöhraty, meşhurlygy barha artýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň ýyndam bedewlere bolan garaýşy, ahalteke atlaryna goýýan sarpasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Täze taryhy döwrümizde gözelligiň we kämilligiň nusgasy bolan ahalteke bedewleri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny ahalteke bedewiniň şekiliniň bezemegi halkymyzyň gymmatly mirasy bolan ahalteke bedewlerine goýulýan belent sarpanyň dabaralanmasydyr. Bu gün ahalteke atlarynyň iň naýbaşy ugurlarynyň birine degişli bolan Akhan atly bedew Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alýar. Bu meşhur bedew 2018-nji ýylda çarpaýa galyp, yzky aýaklarynda 10 metr aralygy ýöremek boýunça agzalan rekordlar kitabyna giripdi. Paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Edebi miras — ebedi miras

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy taryhy, edebiýaty, sungaty düýpli öwrenilýär. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna deňelen, medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan milli mirasymyzyň beýanyny, müňýyllyklaryň wakasyny özünde jemleýän golýazmalary, danyşment alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň edebi mirasyny abat saklamak üçin olara aýawly çemeleşilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawynda orun almagy, şeýle-de TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi-de dünýäde türkmeniň edebi mirasyna goýulýan hormatyň uludygyny äşgär edýär. Halkymyzda döwletimiziň şanly taryhyny, edebi hem-de medeni gymmatlyklaryny, alym-ulamalarymyzyň pähimlerini özünde jemlän golýazmalar nesilden nesle geçirilip, ýazuw ýadygärlikleri hökmünde aýawly saklanylýar. Geçmiş taryhymyzda alymlarymyz, şahyrlarymyz, bagşy-sazandalarymyz uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar öz döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşi

Gözelligiň we kämilligiň baýdagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, halkymyzyň baý mirasynyň giňden wagyz edilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär. Bu tagallalar netijesinde dünýä jemgyýetçiligini türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklary bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam berýär. Halkymyz gadymy döwürden bäri halyçylyk işi bilen meşgullanyp gelipdir. Nepis halylarda milletimiziň tämiz kalby, arassa ýoly, halal asly açyk-aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmeniň öýi haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen çuňňur pähim-paýhasa eýlenen altyn jümlesinde umman ýaly many bar. Öý galdyrmak, ýurt tutunmak, mekan edinmek, döwlet gurmak ýaly jümlelerde Watan düşünjesini zer däneleri ýaly ykbal kerwenine sapan türkmen, özüniň tämiz milli gymmatlyklarynyň kämillik derejesinde ýaşaýşa bolan gatnaşygyny beýan edipdir. Türkmen döwlet gurmak hem döwletli döwran sürmek pelsepesini ynsanyýete bagyşlan halkdyr. Her nagşynda ummasyz manyny jemleýän halylarymyzyň at-owazasy dünýä dolýar.

Änew — «Beýik öý»

Türkmenistan — gadymy medeniýetiň ojagy. Bu toprakda dörän şäherdir obalar, galadyr kentler halkyň medeniýetiniň geçmişden gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär. Şol medeni ojaklaryň biri hem gadymy Änew şäheridir. Änew sözüniň aňladýan manysy hakynda alymlar dürli pikirleri aýdýarlar. Dilçi alym Soltanşa Atanyýazow «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda bu sözüň abu-now (täze suw) diýen sözlerden emele gelendigini belläpdir. Alym A.Maruşenko «Туркменоведение» žurnalynyň 1930-njy ýylyň 12-nji sanynda çap edilen «Wajyp düzedişler» atly makalasynda Änew şäheriniň «Bagabat» diýlip atlandyrylandygy hakyndaky maglumaty getiripdir. Bagabat sözi bagly, bagy-bossanlyga bürenen şäher diýen manyny aňladýar.

Watansöýüjiligiň belent göreldesi

«Watan öz gerçekleri bilen beýikdir!» diýlen sözlerde uly many bar. Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň içeri işler edaralarynyň düzüminde geçen asylly we göreldeli gulluk ýoly Watan goragçylarynyň her biri üçin merdanalyk mekdebidir. Mälikguly halypa öz ömrüni ösüp gelýän ýaş nesle edep-ekram öwretmäge, olara il-ulsa hormat goýmak, harby borç, halallyk, watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk, döredijilikli işlemek, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly häsiýetleri öwretmäge bagyş etdi. Käri boýunça mugallym, harby işgär, usulyýetçi, adamkärçiligiň beýik nusgasyny görkezen, mekdep mugallymçylygyndan uly serkerdelige çenli gulluk ýoluny geçen Mälikguly halypanyň röwşen şöhratly ýoly baradaky maglumatlary, nusgalyk ömri ösüp gelýän ýaş nesillerimizi, Watan goragçylarymyzy döwrebap terbiýelemekde mertebe mekdebi bolup durýar. Mälikguly aga 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda eneden dogulýar. 1958-nji ýyla çenli dürli wezipelerde zähmet çekýär. 1958 — 1982-nji ýyllar aralygynda Mälikguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň goşunlarynda we edaralarynda dürli wezipelerde gulluk edýär. Ol öz gullugyny halal, harby kasama wepaly alyp barýar. 1982-nji ýylda içerki gullugyň podpolkownigi de

Şöhrata beslenen ömür

Taryhda bolup geçen wakalar, olara dahylly ynsan ömürleri barada pikir ýöretmek, hakydalarda galar ýaly, geljek nesillere ýetirmek üçin beýik şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek ynsan ogluna mahsus zatdyr. Ýyllar geçip, heňňamlar aýlanyp dursa-da, döwri döwür eden şahsyýetler hakyndaky ýatlamalar ýyllar geçdigiçe nesilleriň hakydasynda berkäp, ruhlandyryjy çeşme bolup hyzmat edýär. Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow barada söz açylanda, ilkinji nobatda, bu eziz ynsanyň nesiller üçin nusgalyk ömür ýoly barada oýlanýarsyň. Bütin ömrüni halkyna hyzmat etmäge bagyş eden bu sahawatly ynsan baradaky ýatlamalary okanyňda, onuň parasatlylygyna, zähmetsöýerligine, adalatlylygyna, dogruçyllygyna, merdi-merdanalygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. 

Türkmen keçesi

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr. Ylmy tassyklamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr hem-de gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr» diýip, keçe sungatynyň gözbaşynyň has çuňluklara uzaýandygyny, türkmen maşgalasynda uly orun tutandygyny aýratyn belleýär. Munuň şeýledigine gazuw-barlag işleri geçirilende tapylan gadymy keçe bölekleri, gadymy Merwde tapylan heýkeljiklerdäki we teňňelerdäki keçe başgaplaryň şekilleri, gadymy çeşmelerdäki maglumatlar doly şaýatlyk edýär.

Seleňligiň söhbedi

Ak sähralaryň owazy Çarwadarlaryň arasynda şeýle gürrüň bar: «Sähra torgaýyň saba-säher saýraýan hem-de düýäň könege inýän süýdüniň sesinden oýanýar».

Sungatym bar, hormatym bar

«Ylym» neşirýaty Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly makalalar ýygyndysyny çap edip, giň okyjylar köpçüligine ýetirdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan çapa taýýarlanylan bu ýygyndyda ýurdumyzyň görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň, sungaty öwrenijilerdir taryhçylaryň, edebiýatçylaryň hem-de ylmyň beýleki ugurlary boýunça hünärmenleriň ylmy makalalarynyň birnäçesi ýerleşdirilipdir.

Nepis sungatymyza sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasyna, milli ruhy gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berlip, milli halyçylyk sungatynyň täze many-mazmunda baýlaşmagy we nepis sungatymyzyň dünýä ýaýylmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde döwrebap halyçylyk kärhanalarynyň gurulmagy gadymy senedimiziň dünýädäki meşhurlygynyň has-da artmagyna özboluşly şert döredýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde hem döwrebap Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljakdygy diýseň buýsandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Arkadag şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda täze «akylly» şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşlygynyň barşynda Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy ählimizde gyzgyn goldaw tapdy.

«Malym bar — halym bar»

Mal owal-ahyr ynsan üçin rysgal çeşmesi hasap edilipdir. Şonuň üçin ata-babalarymyz «Malym bar — halym bar» kimin paýhasly sözleri döredipdirler. Goýun, geçi, düýe, umuman, mal, maldarçylyk bilen baglanyşykly düşünjeler meniň üçin ýat däl. Sebäbi oglanlyk döwrümiz mallaryň arasynda geçipdi. Kakam ömrüniň 50 ýylyny mal yzynda geçirdi.

Gülli keçe — ak öýüň görk-zynaty

Biz nepis sungatyň ussady mugallym zenan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 93-nji orta mekdebiniň mugallymy Bazargül Annaýewa bilen söhbetdeş bolup, onuň keçe sungaty we onuň döreýiş aýratynlyklary baradaky gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegii makul bildik. — Keçe taýýarlamak üçin saýgyç, ýüňdarak hem keçe gamşy ýaly gurallar ulanylýar. Keçe senetçiliginde ulanylýan her bir guralyň özüne görä ýerine ýetirýän işi bar. Keçe senetçiliginde gaýratly we başarnykly zähmeti talap edýän esasy işleriň biri hem ýüň saýmak. Ýüňi saýmak üçin saýgyç guraly ulanylýar. Saýgyç tebigatymyzda ösýän gyzyl ýylgynyň çybygyndan taýýarlanylýar. Onuň üçin gyzyl ýylgynyň iň uzyn we göni ösen çybygy saýlanyp alynýar. Çybygyň daşky gyzyl gabygy gyrlyp arassalanýar we ýüň ilişmez ýaly, ýanyp sönen oduň goruna gorsalýar. Saýgyç inçe we ýogyn görnüşde taýýarlanylýar. Inçe saýgyç gytyk ýüňleri hem-de kiçi saýymlary saýmak üçin, ýogyn saýgyç bolsa, ösgün ýüňleri hem-de uly saýymlary saýmak üçin ulanylýar. Keçe üçin, esasan, güýz ýüňi saýlanyp alynýar. Olaryň arasyndan ösgün, gytyk, guzy hem-de baýzy ýüňleriň hersi aýratynlykda saýylýar. Toklynyň güýz gyrkymyndan alnan ýüňe «baýzy» diýilýär. Saýanyňda ösgün ýüňleriň uçlary tiz ýazylýar, gytyk ýüňlere bolsa saýgyjy köpräk urmaly bolýar. Bir saýym ýüňi gowy saýmak üçin azyndan ýüz, ýüz elli saýgyç urmaly bolýar. Ýüň saýyp oturan zenana: «Elleriňe g