"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Änew — ähli döwürler üçin täsin bir älem

Türkmen halkynyň örän gadymy we baý taryhy-medeni mirasa eýe bolandygynyň köp sanly subutnamalary ýüze çykarylan Änew şäheriniň üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi beýik taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň halkara jemgyýetçiligiň üns merkezindedigini görkezýär. Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Gorgan-gorgan depeleriň, belentli-pesli baýyrlaryň astynda taryhyň müňlerçe ýyllary henizem basyrylyp ýatyr. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň watany hökmünde dünýä tanatdy. Şundan ugur alsak, adamzat ýaşaýşy üçin iň zerur iýmit şu toprakda ýetişdirilen bolsa, diýmek, ilkinji oturymly ýaşaýyşlar, ilkinji suwarymly ekerançylyklar, ilkinji hojalyklar we jemgyýetler, ilkinji medeniýetler şu ýerde kemala gelip başlapdyr diýip, arkaýyn aýtsa bolar.

Magtymguly — many ummany

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary biziň her birimiz üçin ýol-ýörelge mekdebidir. Onuň goşgularyny ýat bekläp, dürdäne setirlerinden her bir ädimimizde sapak almak, ussat şahyryň öwüt-ündewlerine uýup, pentlerini görelde edinmek biz — ýaş nesilleriň borjudyr. Şahyryň goşgularynyň many-mazmunyna akyl ýetirmek üçin onuň her bir sözüne düşünmek, aňladýan manysyny, gelip çykyşyny öwrenmek gerek. «Güneş» žurnalynyň «Söz manysy» atly sahypasynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda duş gelýän sözler barada maglumat berseňiz, has-da täsirli bolar. Käbe TAGANOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň okuwçysy.

PARYZDEPÄNIŇ KÄRIZLERI

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 12-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde arheologik gözlegleriň netijesinde, ýadygärligiň dag eteklerindäki böleginde üýtgeşik käriziň üstünden barlandygy baradaky habary diňläp, degişli ýolbaşçylara gadymy Kärizek obasyny suw bilen üpjün eden kärizler toplumyny geljekde ylmy taýdan öwrenmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda gadymy suw desgasy bolan kärizler barada gymmatly maglumatlary beýan edýär. Ýurdumyzda Merkezi Aziýadaky ilkinji käriz ulgamynyň döredilendigini ylmy maglumatlar tassyklaýar. Kärizgenler gadymy döwürlerde käriz gazmagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele almagy başarypdyrlar. Paryzdepäniň çäklerinden käriz ulgamynyň taryhy yzlarynyň tapylmagy bu ýerde suwaryşyň çylşyrymly ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Kärizler arkaly suwaryş ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzda ösen ekerançylyk medeniýetiniň bolandygynyň aýdyň güwäsidir.

MAGTYMGULY WE IBN SINA

Türkmenistanda ylym ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmäge, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetini, nusgawy şahyrlarydyr beýik akyldarlarynyň eserlerini, pelsepewi garaýyşlaryny ylmy esasda düýpli öwrenmäge we gorap saklamaga aýratyn üns berilýär. Türkmeni dünýä tanatmakda meşhur lukman Abu Aly ibn Sinanyň we beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň miras galdyran gymmatly eserleriniň hem uly paýy bardyr. Lukman Hekim X-XI asyrlarda ýaşap geçse-de, akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda onuň adyna ýygy-ýygydan duşmak bolýar. Bu bolsa şahyryň özünde tebigaty öwreniji alymyň, lukmanyň, filosofyň, söz ussadynyň zehinini bir ýere jemlän Awisennanyň şahsyýetinden hem-de onuň lukmançylyga degişli eserlerinden habarly bolandygyna şaýatlyk edýär. Lukmançylyk ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Abu Aly ibn Sina dünýä halklary çäksiz hormat goýýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogarda «Alymlaryň baştutany», Günbatarda «Akyldarlaryň serdary» diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr» diýip belleýär. Geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Gündogaryň meşhur

Magtymguly

Dana atam Magtymguly, Arzuwlaryň hasyl boldy.Arşa galyp şöhratymyz, Abraýymyz has ulaldy. Göterildi ykbalymyz, Diýarymyz berkarardyr.Dünýä dolup kuwwatymyz,Günbe-günden berkeýändir.

Sag­ry ädik

Saw­çy­lyk bi­len bag­ly hal­ky­myz­da şeý­le bir des­sur bar. Saw­çy­lar ba­ran ýer­le­rin­de söz­le­ri alyn­ma­sa: «Sag­ry ädik­lim sag bol­sa, sal­la­nyp ge­ler sa­ry gyz» di­ýip gaý­dyp­dyr­lar. Bu jüm­le­dä­ki «sag­ry ädik­lim» sö­zi öý­len­jek ýi­git ma­ny­syn­da aý­dyl­ýar. Sag­ry ädi­giň nä­me­li­gi­ne göz ýe­ti­ren ha­la­ty­myz­da, öý­len­jek ýi­gi­diň mer­te­be­li ýi­git­di­gi­ni aň­mak bol­ýar. Sag­ry ädik onuň hi­li­ni aň­lad­ýar. Adat­ça, ädik 4-5 ýa­şan er­ke­jiň, iki ýa­şan ökü­ziň ha­myn­dan oňat iş­le­ni­len gön­den ti­kil­ýär. Aýak­gap us­sa­la­ry bir er­ke­jiň, ökü­ziň de­ri­sin­den bir­nä­çe ädik, ço­kaý çy­kar­ýar­lar. Mal­la­ryň de­ri­si­niň ga­lyň-ýu­ka­ly­gy bir te­kiz bol­ma­ýar. Ma­lyň ger­şi­niň ha­my ar­ka­sy­nyň ha­my­na gö­rä has ga­lyň gel­ýär. Şo­nuň üçi­nem aýak­gap us­sa­la­ry gö­ni ke­sen­le­rin­de, her jü­büt aýak­ga­byň ga­lyň-ýu­ka­lyk de­re­je­si­ni sak­la­ýar­lar. Şon­da ma­lyň sag­ry­syn­dan ke­si­lip ti­ki­len ädik ýe­ňil­li­gi, ýum­şak­ly­gy, geý­len­de aýa­ga ýa­kym­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şonuň üçinem ma­lyň sag­ry de­ri­sin­den ti­ki­len ädi­k ar­zy­ly bo­lup­dyr. Sag­ry ädi­giň ba­ha­sy beý­le­ki ädikler­den has ga­la bo­lup­dyr. Ony, köp­lenç, gurp­ly adam­lar ge­ýip­dir.

Watansöýüjiligiň ruhy doktrinasy

Ýurdumyz Milli Liderimiziň parasaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl syýasaty, ahalteke bedewiniň bady hem-de Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň beýik söz ussadynyň döredijiligini dürli jähtden, çuňňur we köptaraplaýyn esasda öwrenmek, ony wagyz etmek ýurdumyzda zähmet çekýän ähli kärdäki adamlaryň, ylym-bilim we sungat işgärleriniň, şol sanda Watan goragçylarynyň kalplaryna beslän maksatlarynyň birine öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik häsiýetli goşgulary merdana ata-babalarymyzyň mertlik, batyrgaýlyk duýgularyna ýugrulandyr. Bu duýgular bolsa watansöýüji adamyň ruhunda ýaşaýar. Muny şahyryň şu setiri açyp görkezýär:

Kak suwy

Garagumda oturymly çarwalar, şeýle hem örüde dowar bakýan çopanlar uzak ýyllaryň durmuş tejribesinden kak suwundan peýdalanmagyň özboluşly tärini oýlap tapypdyrlar. Muňa ýakynda çarwa obasyndaky döwrede bolan söhbetdeşlikde göz ýetirdim. Ýagny ýaz aýlarynda takyrlyklara ýagan ýagyş suwunyň oý, toýun ýere ýygnanan ýerine «kak» diýilýär. Kak suwy bulanyk bolýar. Emma gumlular ony durlamagyň özboluşly tärini tapypdyrlar. Garagumda köne derýalaryň we kölleriň gurap giden ýerinde — depizlerde gips görnüşli gatlak duş gelýär. Ol ýerasty suwlaryň bugarmagy netijesinde emele gelýär. Şol gipsiň bir tokgasyny oda gömüp, mazaly ýakypdyrlar. Oda ýakylan gipsiň sähelçesini bulanyk kak suwuna atyp, kak suwuny durlapdyrlar. Çünki şeýle edilende, suwuň düzüminde toprak derrew aşak çökmek bilen bolýar. Şeýle usulda alnan suwdan gara taňkada demlenen, ojar odunyň tüssesi siňen çaýy içmegiň hem özboluşly lezzeti bar.

Çypdy

Çagalykda gören-eşidenleriň ömürbaky hakydaňa möhürlenýär eken. Arada bir märekede çypdy hakynda gürrüň gozgaldy welin, çagalygym bilen baglanyşykly ýakymly ýatlamalar hakydamda janlandy. Çypdyly gürrüňlere gulak asyp oturyşyma, goňşymyz Mätkerim aganyň çypdy dokap oturşy göz öňüme geldi. Ol ýekenleri biri-biriniň arasyndan geçirip, dokap bolansoň, çypdyny agaç çekiç bilen üstünden gaýym urup tekizlärdi. Şeýlelikde, bir keçäniň göwrüminde otdan dokalan düşek taýýar bolardy. Ondan soň ýaşuly ony saýaly agajyň aşagyna düşäp, üstünden keçe ýazyp, öz zähmetiniň hözirini görýän ýaly arkaýyn oturyp çaý içerdi. Şu görnüşler meniň çagalygymdan bäri ýadymda. Men muny ilkinji gezek görenimde örän geň galyp, bu barada ejeme gürrüň beripdim: «Eje, Mätkerim aga gök otdan birgeňsi düşek ýasaýdy!». Şonda ejem: Hä, balam, ol ot däl, oňa «ýeken» diýilýär. Ol ýaplaryň, salmalaryň boýunda bitýän ösümlikdir» diýip, maňa düşündirdi. Ýekenden dokalan düşege-de «çypdy» diýilýändigini şonda bildim. Ol keçäniň aşagyndan ýazylanda, özünden ýokary çaň-tozan we çyglylyk geçirmeýär. Onuň üstüne hiç zat ýazman ulansaň hem bolýar. Şol äpet çekiç hem tut ýa-da igde agajyndan ýasalýar. Sebäbi şol agaçlaryň gaty berk bolýandygy hakynda ejemiň aýdanlary heniz-henizler ýadymda.

Milli däbim — mertebäm

Ynsanperwerlige ýugrulan oýunlar Türkmen milli oýunlarynda awçylyk, balykçylyk, maldarçylyk bilen bagly däp-dessurlar öz beýanyny tapypdyr. Suwy, ýeri aýawly saklamak, ojagy, ody goramak ýaly ýörelgeler biziň günlerimize gelip ýetipdir. Mergenligi, ylgamagy, uzakdan görüjiligi, duýgurlygy, hüşgärligi talap edýän oýunlar oguzlaryň ýaşan döwründen bäri milli aýratynlygyny saklap gelipdir. Milli oýunlar öz gözbaşyny türkmen durmuşyndan alyp gaýdýar. Halkymyz ene ýere ýyly girensoň, gije-gündiziň ýazky deňleşmesinde, ýagny Nowruz baýramyndan soň toý däp-dessurlaryna uly orun beripdir. Bahar baýramynda ýaş oglan-gyzlar hiňňildik uçupdyrlar, henek aýdyşypdyrlar. Gyzlaryň arasynda monjugatdy oýny has ýörgünli bolupdyr. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän gününde at çapyşygy guralypdyr. At çapyşygynda ýeňijä öküz, düýe, ogşuk, haly-keçe serpaý edilipdir.

Milli mirasymyza belent sarpanyň aýdyň nyşany

Etrabymyzyň «Gülüstan» daýhan birleşiginde etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Saýat etrap bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda eli çeper gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda üme çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny aýap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler yzygiderli alnyp barylýar. Bagtyýar döwrümiziň bagtly türkmen zenanlary ene-mamalarymyzyň döredijilik däplerini üstünlikli dowam etdirýärler. Şonuň netijesinde türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alýan medeni mirasy belent derejede sarpalanylýar. Ajaýyp keşdeler, owadan nagyşlar özlerinde döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny saklaýan maddy däl medeni mirasymyzyň ajaýyp nusgalarydyr.

Gymmatly hazyna

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şöhratly wakalarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun ekerançylyk medeniýeti, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmazyndan ozal, bu sebitde toplan iş tejribesi, Milli «Ak bugdaý» muzeýi, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylyşy barada gürrüň berýän täze eseri bada-bat uly seslenme we gyzyklanma döretdi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasyna gabatlanyp, halkymyza sowgat edilen täze kitap bahasyz gymmatlykdyr. Şu günler diýarymyzda giň gerim alan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralarynda hormatly Prezidentimiziň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapdan we birnäçe bölümden ybarat bolan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň baý many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti barada edilýän gürrüňler ählimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterýär.

Gadymy medeniýetiň çeper beýany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Watanymyzda dabaraly çäreler biri-biri bilen utgaşyp gidýär. Toýdur baýramlara, şanly senelere utgaşyp geçýän günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitapda gadymy Änewiň möhüm wakalary we taryhy döwürleri beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik depeleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat bolan bu kitaby çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen, gadymy şäheriň şanly geçmişini dabaralandyrýar. Kitabyň käbir baplary arheologiki tapyndylara, häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar. Kitapda Änew medeniýetini ilki açan amerikaly alym Rafael Pampelliniň, şeýle-de Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde alnan maglumatlar barada gürrüň berilýär. Kitaby

Düýeler bilen baglanyşykly esbaplar

Maldarçylyk türkmenleriň gadymdan meşgullanyp gelýän ugrudyr. Düýedarçylyk hem maldarçylyk pudagynyň biridir. Türkmeniň düýe malyna bolan yhlasy bimöçberdir. Türkmen zenanlary düýe malyny dürli esbaplar bilen bezäpdirler. Muny biziň günlerimize çenli gelip ýeten esbaplar hem tassyklaýar. Şol täsin el senetleriniň biri-de düýehalykdyr. Düýehalyk ýörite taýýarlanan keçeden we şuňa meňzeş zatlardan ýasalyp, düýäniň arkasyna atylýan onuň örküji öter ýaly, ortasy dilinen esbapdyr. Düýehalyklar dürli şekiller bilen bezelýär. Düýehalykda türkmen sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi dürli reňkler bilen şekillendirilýär. Iň esasy şekil hem düýehalygyň gyrasyna nagyş hökmünde salnan üsti kejebeli düýe kerweniniň şekilidir. Onda toý baradaky arzuwlar beýan edilipdir.

Mugallym. Müdir. Mirasgär

Söhbetdeşim: «Wah, meniň türkmen dilini içgin öwrenesim gelýär» diýende, açyk gapydan giren ýaş kärdeşim onuň ýüzüne dikanlap seretdi-de, özünden uludygyny görüp, salam berdi. Soňam: «Daşary ýurt dillerinde okadyňyzmy?» diýip, gyzyklanyp sorady. Olam: «Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty bölümini tamamladym» diýip, takyk jogap berdi. «Şeýledirem diýip pikir etdim» diýip, ýaş kärdeşim sözüni dowam etdirdi. «Şonuň üçin türkmen dilini içgin öwrenmek isleýänsiňiz». — Salyhmuhammet mugallym türkmeniň edebi gymmatlyklary bilen gyzyklanýar. Käri mugallym, orta mekdebiň müdiri bolup işleýär hem mirasgär — diýip, söhbetdeşim bilen tanyşdyrdym.

Manysy daralan sözler

Halkyň janly gepleşik dili hemişe ösüşde, özgerişde. Bu ýagdaý hemişelik dowam edýär. Şonuň netijesinde dilimize täze aňlatmalar, täze düşünjeler, täze sözler gelip goşulýar. Ýöne dilde biziň kän bir üns bermeýän ýene bir ýagdaýymyz hem duşýar. Dilde ulanylýan sözleriň manysynda üýtgeşmeler bolup geçýär, öňden bar bolan sözleriň bir manysy ulanyşdan galyp, ikinji bir manysy has işjeň ýagdaýa geçýär. Munuň has aýdyň mysallaryny aşakdaky hemmämize belli goşgy setirlerinde, has we jyns atlarda görmek bolýar. Pelle — häzirki döwürdäki manysy sepgit, uzakdaky aralyk, ýetilmeli menzil. ­Pellehana — aýlawa goýberilen atlaryň iň soňky ýetmeli ýeri. Onuň unudylan beýleki manysy aşak-ýokary çykylýan basgançak:

“Berkarar döwlet istärin”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy esasda öwrenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar ýaşlarymyzyň nurana ertiri, nesil terbiýesiniň dowamat-dowam bolmagy ugrunda netijeli işler ýola goýulýar. Nesil terbiýesi nusgawy edebiýatymyzyň eserlerinde, şol sanda baý döredijiligi bilen döwürlere we nesillere şamçyrag bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hem giňişleýin şöhlelenýär. Magtymguly Pyragy - çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir. Şonuň üçin hem bu pähimli sözleriň manysyny ýaş nesillere düşündirmekde bilim işgärleriniň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Dana şahyr Watanyň ezizligini, mukadde

Änew — türki dünýäsiniň medeni paýtagty

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň mil­li me­de­ni ul­ga­my be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­ziň, me­de­ni ojak­la­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi hem türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni dün­ýä ýaý­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu çöz­güt tür­ki dün­ýä­si­niň 2022-nji ýyl­da me­de­ni paý­tag­ty bo­lan Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len TÜRK­SOÝ-nyň me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri­niň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 39-njy mej­li­sin­de ka­bul edi­lip­di.

Şaý-sepler diňe bezeg üçinmi?

Altyndan, kümüşden, dürden (žemçug), sadapdan (perlamutr), lagldan (rubin) ýasalyp, pöwrize (birýuza), zümerret (izumrud), göwher (brilliant), ýakut (sapfir) ýaly gymmat bahaly daşlardan gaş edilen şaý-sepleriň tarypy nusgawy şahyrlarymyzyň her biriniň döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr. Şygryýet äleminiň ussatlary gyzyl, kümüş gülýakalaryň, bilezikleriň, gulakhalkalaryň, ýüzükleriň, şelpeli gupbalaryň, çapraz-çaňňalaryň kaşaňlygyny, nepisligini, owadanlygyny, reňbe-reň öwüşginini wasp edip, olara gelin-gyzlaryň görküne-görk goşýan bezeg hökmünde seredipdirler. Diňe bir şahyrana setirleri hem-de olara siňdirilen akyl-paýhasy, beýik pelsepesi bilen däl-de, eýsem, zergärçilik senediniň ussasy hökmünde-de adamzadyň taryhynda görnükli yz galdyran Magtymguly Pyragy bolsa «Näme sen?» atly şygrynda:

Hakyda ýazgylary

Muhammet pygamber hemişe öz söhbetdeşini halypa tutunar eken. Gör, neneňsi pespällik! * * *