"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmen bedewiniň milli baýramyna

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Ahalteke bedewleri behişde mynasyp görülýän, gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasydyr. Gamyşgulak bedewlerimiz halkymyzyň gymmatly hazynasydyr.

Täsin haly önümleri

Bir gezek dutaryň halydan dokalan gabyny görüp geň galypdym. Haly horjunyň, haly çuwalyň, haly eňsiniň (gapy kilim) bardygyny bilýänem bolsam, dutardaşy (ony şeýle atlandyrýan ekenler) görmändim. Ýöne soňra eşidip otursam, täsin haly önümleri başga-da kän eken.

Törleriň bezegi

Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orna eýe bolan sallançak törleriň bezegi, öýleriň ýaraşygy hasaplanýar. Sallançaklaryň şekil taýdan nämä meňzedilip ýasalandygy baradaky gyzykly maglumatlar bolsa halkymyzyň ýagşy ynam-ygtykatlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halk arasynda ýörgünli bolan gürrüňler, rowaýatlardyr tymsallar sallançagyň şekili hakyndaky pikirleri has-da baýlaşdyrýar. Sallançagyň täze dogan Aýa meňzedilendigi baradaky pikirler hem ata-babalarymyzyň maňlaýa sylyp togap edýän mukaddeslikleriniň biri bolandygyndan gözbaş alýar. Täze doglan bäbejik, täze dogan Aý ýüze sylynyp togap edilipdir. Sallançaklar hem şeýle mukaddeslik derejesinde sarpalanypdyr.

Beden maşklarynyň halk döredijiligi bilen baglanyşygy

Halk döredijiliginiň şahyrana görnüşleri bolan matallary, sanawaçlary, ýaňyltmaçlary öz içine alýan türkmen milli oýunlarynyň baş maksady nesil terbiýesine gönükdirilendir. Matallar adamda synçylygy, özbaşdak we çalt pikirlenmegi, suratlandyrylýan zadyň häsiýetini, özboluşly alamatlaryny göz öňünde janlandyrmak endigini ösdürmäge ýardam edýär. Galyberse-de, matallaryň irki wagtlarda toý-tomaşada aýdylyp, märekä şowhun bermek, köpçüligiň şadyýanlygyna şärik bolmak ýaly maksatlary bilen örän jaýdar ulanylandygyny bellemek gerek. Sanawajy bolsa ýüzugra sanap gutarmaly. Sägindigiň sanawajyň heňi, akgynlylygy, gyzygy gaçar. Owadan, akgynly, yzygider gürläp öwrenmek üçin-de sanawajyň peýdasy uly. Onuň ýumşak, şadyýan äheňi bolsa seni hoşwagt eder. Şonuň üçin hem: «Sanawaçda säginme!» diýipdirler. Ýaňyltmaç sözlän wagtyň ýalňyşmazlyk üçin döredilendir. Kynlyk bilen aýdylýan sözleriň, dilimizi ýenjip, ony aýtmasy kyn sözlere uýgunlaşdyrmagy-da ýaňyltmaçlaryň ähmiýetine degişli. Halk döredijiliginiň bu görnüşiniň üýşmeleňde, adamlaryň arasynda gülki, şowhun döretmek ukybynyň bardygyny unutmaly däldiris.

Ýyndam at ýaryşda belli

(«Halkyň hakydasyndaky dünýä» ýazgylar toplumyndan) Ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik kesbi belli-belli atşynaslar tarapyndan dowamata öwrülipdir. Halk içinde şeýle adygan seýisleriň birnäçesi welaýatymyzda hem ýaşap geçipdir. Halk şu güne çenli Meret maýury, Armyk agany, Jemer seýsi, Şyhberdi agany, Aman Gülegi, Gurbanmeňlini, Amanmämmet agany we beýlekileri «atyň dilini bilen» ussatlar hökmünde ýatlaýar.

Neçjarçylyk sungaty

Pederlerimiz agaç ussaçylygyna neçjarçylyk diýip at beripdir. Neçjarlyk sungaty öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Neçjarçylyk kesbi erkek adamlara mahsus kär bolupdyr. Agaç ussalary garagaç, derek, arça, hoz, çynar, tut, erik, tal ýaly ýerli agaçlary ulanypdyrlar. Agajyň saýlanylyşy, işe taýýarlanylyşy onuň çeperçilik bezeglerine-de uly täsir edipdir. Ussalar agaçlary saýlap almak bilen, onuň ýaşyny, kölegede ýa-da Günüň aşagynda ösendigini hem aýdyp bilipdirler. Agaç ussalary agaç kersenleri, çanak, susak, çemçe, elek, kejebe, käsedir ownuk zatlary salmak üçin serkeç, oklaw, ik, ikbaş ýaly önümlerden başlap, has uly zatlara çenli ýasapdyrlar.

Arheologik ýadygärlikler — şöhratly taryhymyzyň şaýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleriň sanyny artdyrmak babatda-da uly tagallalar edilip, bu ugurda oňyn netijeler gazanylýar. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýlup, halkymyzyň baý taryhynyň gymmatlyklaryny öwrenmek işi üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda hem bu ugurda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet hasabynda durýan taryhy we medeni ýadygärlikleriň 1400-den gowragy bolup, şolaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Olara Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikleri mysal getirmek bolar. Açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeý hasaplanýan bu ýadygärlikler döwlet taryhy-medeni goraghanalary derejesine eýedir. Türkmenistan gymmatly taryhy mirasa eýe bolan ýurt hökmünde dünýäde

Gadymy topragyň şöhraty

Şöhratly wakalara beslenýän taryhy günlerimizde hormatly Prezidentimiziň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny peşgeş bermegi baý mirasymyzy, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, taryhy mekanyň täze galkynyşlaryny dünýä ýaýmakda özboluşly goşant boldy. Medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş türki älem üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat bermegi bagtyýar ildeşlerimiziň, türki halklaryň buýsanjyny artdyrdy.

«Alajam — ak bagta ynamym meniň»

3-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ene-mamalarymyzyň sungat derejesine ýetirilen milli el işi bolan alajanyň döreýiş taryhyny, onuň ýaşaýyş-durmuşymyzda eýeleýän ornuny, ähmiýetini giňden açyp görkezmek, ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen yglan eden «Alajam — ak bagta ynamym meniň» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. «Alajam — ak bagta ynamym meniň» atly döredijilik bäsleşigine döredijilik bilen meşgullanýan dürli kärdäki we dürli ýaşdaky zenanlar öz döreden çeper eserleri, ýagny hekaýalary, makalalary, şahyrana oýlanmalarydyr poemalary, rowaýatlardyr tymsallary, goşgulary bilen gatnaşdylar. Bäsleşige hödürlenen eserleriň iň gowulary «Zenan kalby» žurnalynda yzygiderli çap edildi. Eserleriň döwrebaplygyna, many-mazmunyna, çeper beýan edilişine, žanr aýratynlygyna görä, emin agzalarynyň adalatly çözgüdi bilen, bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi..

Datly enäniň hünäri

Hepdäniň anna güni Gökdepäniň merkezindäki «Gökdepe» milli muzeýine bardym. Muzeýiň birinji gatyndaky türkmeniň milli ýörelgelerine bagyşlanan bölümiň tekjesinde rejelenip goýlan gelin kürtesi we namazlyk haly bada-bat ünsümi çekdi. Bu gözelliklere tarap biygtyýar ýöräp ugradym. 1930-njy ýylyň 20-nji awgustynda Ajykäriz obasynda dünýä inen Datly ene sünnäläp bejeren owadan gelin kürtesini we dokan namazlyk halysyny 2014-nji ýylda muzeýe sowgat beripdir. Muzeý işgärleri bu nusgalyk milli mirasy nähili görnüşde nesillere ýetirmek barada köp pikirlenip, ony gyzyl keteni köýnekde tara dokap oturan gelniň başyna atyp goýmagy makul görüpdirler. Namazlyk halyny hem ýaş gelniň gapdalynda goýupdyrlar. «Çaňňa», «tegbent», «golçurly goçak» we beýleki nagyşlar salnyp, inçelik bilen sünnälenip keşdelenen ýaşyl kürte nakgaşyň elinden çykan ajaýyp sungat eseri deýin, lowurdap dur. Gyrasarysyz düz keteniden tikilen kürtäniň goltugyna gyzyl keteniden sanjak edilen. Sanjagyň daşyna «atanak» nagşy edilip, alaja basylan. Onuň tutuş gyralary we ýartmajy gyzyl, sary, ak sapaklar bilen pugtalan. Ýokarylygyna şöhläni ýadyňa salýan «golçurly goçagyň» ýokary başyna dört ýaprak güljagaz edilen. Kürtäniň ýakasy «barmak», «egrije», «golçurly goçak», eltutary we syny «tegbent», «çaňňa», «golçurly goçak» nagyşlary bilen keşdelenen. Ýeňsapysy gyzyl keteniden bolup, agzyna gara ýüpekden jähek sal

Ýakany gysgaltmagyň usuly

Gerekli zatlar: — tikin maşyny;

Ýollar

Ora çopan gije ýyldyza, gündiz ota-çöpe bakyp, ýol tapýan, haýwanlaryň häsiýetini, howanyň ýagdaýyny bilýän, iliň görmeýän aýak yzyny görýän yzçy hem synçy sähra alymydy. Bir günem guşluga çökdük welin, «Ural» ulagy geldi iňläp. Olar kileň rus eken. Ýol salgy soradylar. Ora däde sag eliniň süýemi bilen çägä çyzyp: «Ynha, uly ýol. Ynha, Aly ýol. Gös-göni gitseň, gara ýol» diýdi. Myhmanlar: «Sag boluň!» diýip ugradylar. Men: «Myhmanlary azaşmaz ýaly etdiň, ýöne «Aly-Weli, uly-kiçi, ak-gara» diýýän ýollaryňa düşünmedik» diýdim. Ora çopan: «Gumlular ýola-da, ýolagça-da aýratyn gadyr goýýandyr. Ýoldaşynam ýolda synar, «Ýola ýoldaş bolduňmy?» diýip. Töwerekde seždegäh ýok bolsa, ýol gyrada çatma gurnap, Meşrep piri çagyryp, ýagşy dilegler eder» diýip, ýol barada gyzykly gürrüň aýtdy...

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» — ýaşlaryň göreldesi

Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köptaraply tagallalary netijesinde taryhyna, milliligine sarpa goýýan sagdyn, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi üçin döwlet derejesinde düýpli işler amala aşyrylýar. Ata-babalarymyz döwrüniň gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, nesiller üçin has oňaýly ýaşaýşy döretmäge ymtylypdyrlar. Halkymyzyň dünýäniň ösüşlerine saldamly goşant goşmagy başaran milli medeniýeti bardyr. Dünýäni haýrana goýan kaşaň-kaşaň köşkleridir olaryň bezegine öwrülen, lowurdap duran saryja goýnuň ýüňünden dokalan el halylarymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň nusgalyk kämildiginiň äşgär hakykatydyr.

Milli we umumadamzat paýhasynyň esaslandyryjysy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde türkmen halkynyň medeni mirasyny, geçmişini, taryhy şahsyýetlerini çuňňur öwrenmekde we olaryň esasynda ýaş nesilleri ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Şeýle döredijiligi öwrenmeli, eserlerini ýol-ýörelge edinmeli şahsyýetleriň biri-de, Gündogaryň ajaýyp şygryýetini kemsiz özleşdiren, onuň iň gowy nusgalaryny öz döwrüne laýyklykda ösdüren, adamlary akyl hem ahlak taýdan terbiýelemekde ajaýyp mekdep döreden türkmen nusgawy edebiýatynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragydyr.  Bu gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä ýaň salýar. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly halkara sanawyna goşuldy. Bu hödürnama ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen bilelikde taýýarlanyldy. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ýokarda agzalan halkara sanawa biziň ýurdumyzdan girizilen ilk

Arkadagyň şahyr hakda eseri

Sözüň gudratynyň aňrybaş çägi —Arkadagyň şahyr hakda eseri.Sözden gurlan köşgüň parlaýan tugy,Arkadagyň şahyr hakda eseri. Pyragyny öňküdenem beýgeltdi,Ýüreklerde mizemejek ýer etdi,Beýiklige baky buýsanç döretdi, Arkadagyň şahyr hakda eseri.

Şahyrana meňzetmeler

Her bir eseriň kämilliginiň, çeperçilik derejesiniň ýokary bolmagynda onuň dil baýlygyna uly orun degişlidir. Dil baýlygy bolsa, ilkinji nobatda, awtoryň öz eserlerinde çeperçilik serişdelerini kämil ulanyp bilşine bagly bolup durýar. Şeýle çeperçilik serişdeleriniň biri-de meňzetmelerdir. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» kitabynda meňzetmä şeýle düşündiriş berilýär: «Meňzetme, 1.iş ady. Meňzetmek ýagdaýy. 2.edeb. Bir zadyň ikinji bir zada deňeşdirilýändigini, meňzedilýändigini aňladýan adalga».

Amul — asyrlarda yz goýan gala

Türkmenabat şäherine golaýlaşanyňda, uzaklardan seleňläp görünýän belent galada nazaryň eglenýär. Ol mele suwly, tolkunlary möwçli Jeýhunyň üstünden geçýän möhüm geçelgäniň golaýynda ýerleşen, gojaman taryhda öçmejek yz goýan Amul şäheriniň galyndysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde bu gadymy şäher barada taryhy maglumatlar getirilýär. Hakykatdan-da, Amul geçmişde juda uly orny eýeläpdir. Ol taryhyň dürli döwürlerinde dürli döwletleriň düzüminde bolup, onda birnäçe taryhy wakalar bolup geçipdir. Galanyň örän irki döwürde, Parfiýa döwletiniň zamanasynda gurlandygy çaklanylýar. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda Hytaýdan Parfiýa gelýän kerwenler Amulda düşläp geçipdirler.

«Ýedi top» oýny

Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän medeni mirasymyz özboluşlylygy, köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Bu heňňamlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli oýunlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri-de gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzy aýawly saklamak, ony ylmy taýdan öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Muzeýiň ylmy işgäri Juma Ýazmyradow hem taryhy çeşmeler esasynda «Ýedi top» atly türkmen milli oýnunyň döreýşi, bu oýny oýnamagyň kada-düzgünleri barada ylmy işini taýýarlady. Biz onuň bilen gürrüňdeş bolduk. — Juma, söhbetdeşligimizi il içinde giň meşhurlyga eýe bolan «Ýedi top» oýnunyň gelip çykyşy, döreýiş taryhy baradaky gürrüňden başlasak, gowy bolardy.

Käriz

«Käriz» sözi «ýerasty suwaryş akabasy» diýen manyny aňladýar. Bu suwa mätäçlik çekilýän ýerlerde suw çykarmagyň bir usulydyr. Gadymy döwürlerde-de ýer astyndaky suwlary ýygnap, olary belli bir ýerde ýeriň üstüne çykarmak üçin kärizlerden peýdalanypdyrlar. Şol wagtlar häzirki ýaly ýer gazýan kuwwatly tehnikalaryň bolmandygy sebäpli kärizler el güýji bilen gazylypdyr. Şeýle suw desgalary ýurdumyzyň daglyk sebitlerinde köp duş gelýär. Ilki bilen käriziň guýusy gazylýar. Aslyýetinde, oňa «dikana» diýilýär. Bir dikana bilen beýleki dikananyň arasy, takmynan, 20-30 metre ýetýär. Belli tertipde dikanalar gazylyp bolnansoň, iki dikanany ýeriň astyndan birleşdirýän ötük gazylýar. Şol ötüge «söw» diýilýär. Söw gazýan adam gazýan ugruny gyşartmazlyk üçin wagtal-wagtal yzyna garaýar. Dikananyň depesinden düşýän ýagta görnüp duran ýüp göni ortada görünmelidir. Gözden ýiten bolsa ýa-da bir tarapy çala görünýän bolsa, diýmek söwüň ugry başga tarapa gyşarandyr. Görşümiz ýaly, käriz gazmak ussatlygy, ezberligi talap edýär.

Paýhasa ýugrulan nusgalyk gollanma

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen topragynyň baý we şöhratly taryhyny dünýä ýaýmak baradaky tagallalaryň ähmiýetini il-ulsumyza düşündirmek hem-de şu şanly ýyly has-da dabaralandyrmak asylly ýörelgämiz bolup durýar. Türkmen halkynyň özüne mahsus taryhy, medeniýeti, adamzat medeniýetine goşan goşandy - maddy we maddy däl gymmatlygy bar. Hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda halkymyzyň şöhratly taryhyny pähim-parasat bilen beýan edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam edýändiginiň güwäsi boldy.