Taryhy-medeni ýadygärlikler — milli guwanjymyz
Bedew bady bilen röwşen menzilleri nazarlap, öňe barýan berkarar döwletimiziň, nurana geljegimiziň mynasyp eýeleri boljak kämil aň-düşünjeli, bilimli, edep-ekramly ýaş nesili ösdürip ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň hemişe öňe sürýän we üns merkezinde saklaýan wajyp wezipeleriniň biri. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan Täze ýyl mynasybetli türkmen halkyna Gutlagynda hormatly Prezidentimiz bu meselä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Biz geljegimiz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin hem ähli şertleri döredýäris. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, sanly tehnologiýalary öwrenmegine döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys». Öňe sürülýän we il-halkymyz tarapyndan gyzgyn goldanylýan bilim özgertmelerini mundan beýläk-de depginli dowam etdirmek we bilim ulgamyny kämil derejelere çykarmak bilim işgärlerinden zehin hem ukyp-başarnygy talap edýär. Özümiz üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden we amatly şertlerden peýdalanyp, öňde goýlan şeýle hormatly hem jogapkärli wezipäni amala aşyrmaga bar gujur-gaýratymyzy sarp edýäris. Şunda biz etrabymyzyň çägindäki we oňa ýanaşyk ýerlerdäki gadymy geçmişden miras galan taryhy-medeni ýadygärlikler, olaryň ähmiýeti hem syrly many-mazmuny baradaky maglumatlara töwerekleýin üns berýäris. Üstünden eýýamlar öten milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi, medeni