"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bereketli tut agajy

XIII asyrda ýaşan arap syýahatçysy, alym Ýakudyň eserlerinde Horasanda, Amulda, Merwde ýüpekçiligiň ösendigi, şonuň üçin bu ýerde tut agajynyň kän ekilýändigi bellenilýär. Ata-babalarymyz: «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň!» diýen nakylyň üsti bilen tuduň bereketli daragtdygyny nygtapdyrlar. Tut suwda näçe köp ýatsa hem çüýremeýär. Wagt geçdigiçe ýalpyldap, goňur reňkli, owadan öwüşginli agaja öwrülýär. Ussalar taplanylan tut agajyndan dutar, gyjak ýaly saz gurallaryny, gamçynyň, pyçagyň, gylyjyň, hanjaryň, keseriň, haly daragynyň, tikejiň sapyny, gowanyň çiligini, okara, soky, juwaz, araba, sallançak ýaly öý goşlaryny ýasaýarlar. Senetçiler tut agajyndan heýkelleri, dürli oýnawaçlary, diwardan asyp goýmak üçin owadan nagyşly agaç çarçuwalary, sütünleri, derwezeleri, gapylary, sandyklary, amaly-haşam sungaty eserleriniň gaýtalanmajak nusgalaryny döredýärler. Gurlanyna birnäçe asyr geçen binalaryň üçegine goýlan agaçlar, eger tutdan bolsa wagtyň synagyna döz gelýär. Tut çybyklaryndan dürli görnüşli sebetleri örüp, olara günde guradylan gurtlary, kişmişleri, kaklary, igdeleri salypdyrlar. Gadymy döwürlerde halkymyz et önümlerini saklamak üçin ýahdan gurupdyrlar. Onuň ähli tarapyny gum süýşmez ýaly tut agaçlary bilen örüp çykypdyrlar. Ýahdanyň içi garaňky hem salkyn bolupdyr. Oňa tut agajyndan gapy goýupdyrlar.

Öýme ýaglyk başynda

Türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň arasynda ýaglyk aýratyn orny tutýar. Çünki zenan maşgala ömrüniň aglaba bölegini ýaglykly geçirýär. Eneler ýaglygy hem edil kümüş şaý-sepler ýaly gyzlaryna miras galdyrypdyrlar. Öýme ýaglyk ahlaklylygyň, päkligiň we agraslygyň alamaty hasaplanylýar. Ýaglyklara gülleriň we söýginiň gadymy nyşany — goşa kepderiniň suraty şekillendirilýär. Akyp duran ýüpegi ýatladýan ýaglyklaryň sapaklary inçe bolsa-da, olar juda berkdir. Öýme ýaglyklar ýumşaklygy üçinem ýüzük halkasyndan aňsat geçip gidýär.

Awçylyk ýörelgeleri

Halkymyzyň awçylyk ýörelgeleri nesilden-nesle geçip, dowam edýär. Farap etrabynyň Jendi geňeşliginiň ýaşaýjysy Azat Beşimowyň babasy Altybaý aga ökde awçy bolupdyr. Azat 12-13 ýaşlarynda babasynyň awçy durmuşy bilen has içgin tanyşýar. Şonuň üçin onuň awçylyk däpleri bilen baglanyşykly gören-eşidenlerini, diňlän pentlerini size ýetirmegi makul bildik. — Babam bize hemişe gapan gurap, aw awlanylanda, hüşgärligi elden bermezligi, ötegçilere zyýan bermez ýaly belgi etmegi sargardy. Ol hiç haçan aw haýwanlaryna we aw guşlaryna gaharlanmazdy. Bir gezek onuň Köýtendagdan elguş jüýjesini getirip, idedişine şaýat boldum. Elguşy sentýabr aýyna çenli arassa ketekde suwuny, iýmini ýetirip saklamaly. Ketegiň arassaçylygyna yzygiderli seredip durmaly. Guşy syçan, ýalman ýaly çöl haýwanlary bilen iýmitlendirmeli.

Lowurdar ýüpek keteni

Dünýäde meşhurlyk gazanan keteni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen uly şäherler bolan Merwde, Nusaýda dokalypdyr. Aýdan nur, Günden ýylylyk, älemgoşardan reňk, çeşmeden durulyk alan keteni solmaýar, süýnmeýär. Şonuň üçin gelin-gyzlaryň bezemen çabytdyr kürte, don, çyrpy, gültahýa ýaly milli lybaslary keteni matasyndan tikilip, ajaýyp nagyşlar bilen bezelipdir. Çagalygymdan maňa el işlerini öwreden ejem keteni barada şeýle rowaýaty gürrüň beripdi. Günlerde bir gün lapykeç halda barýan ýigidiň öňünden bir ýaşuly çykyp, onuň halyndan habar alýar. Ýigit ýarawsyz ejesine hiç hili em tapyp bilmeýändigini aýdýar. Şonda ýaşuly ýigide tut agajyna gurçuk goýberip, ýapraklaryndan pile saratmagy, onuň çöpboýadan alnan boýaga boýalan ýüpek süýüminden gyrmyzy reňkde mata dokadyp, köýnek geýdirmegi maslahat berýär. Ýaşulynyň maslahatyna eýeren ýigidiň ejesi gudrat bilen keselinden saplanýar.

Ik başynda ýüp oýnar

Halkymyzyň ik bilen bagly düşünjeleri matallarda, nakyllarda, çeper edebiýatlarda we halk arasynda saklanyp galypdyr. Ata-babalarymyz: «Ak galany aýlanyp, zygyr-zygyr oýun eder», «Ik agajy öýümde, egren ýüpi elimde», «Ik aýlanar her ýana, ýumak dolar bir ýana», «Ikde egren ýüplügim, el işine ýaramly» ýaly birnäçe pähimleri miras galdyrypdyrlar. Türkmen durmuşynda ik bilen bagly halallyk yörelgeleri hem dowam edip gelýär. Ýurdumyzyň käbir obalarynda ýigit bilen gyzyň durmuş toýunyň ilkinji gününde gyz-gelinlerimiziň bişirýän pişme, gatlakly, çapady, çelpek ýaly birnäçe tagamlaryň hamyry yrym edilip, ussanyň täze ýasan, entek ulanylmadyk ik agajynda ýaýylypdyr. Toýlarda pişme bişirip oturan gyz-gelinler, ik agajyna 7-8 sany pişmäni düzüp, çagalaryň ellerine beripdirler.

Milli mirasymyz — ruhy baýlygymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçmiş taryhymyzy, milli edebiýatymyzy, ene dilimizi çuňňur öwrenmäge uly üns berilýär. Bu babatda milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplar biz üçin ýol-ýörelge, mekdep bolup hyzmat edýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem halkymyzyň şöhratly geçmişi ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Kitapda Beýik Ýüpek ýoly bilen argyşa giden kerwenlerde halk döredijiliginden başy çykýan dilewar rowaýatçylaryň, edebiýat, taryh bilen gyzyklanyp, gymmatly maglumatlary toplaýan alymlaryň bolandygy aýratyn nygtalýar. «Uzak ýollary sökýän kerwene goşulyp, argyşa gitmek özboluşly terbiýeçilik we tejribe mekdebi bolupdyr. Munuň üçin kerwenbaşy argyşçylaryň toparyna dana kyssaçylaryň, alym-ulamalaryň, köpi gören syýahatçylaryň, tejribeli argyşçylaryň goşulmagyny gazanypdyr. Olar goş ýazdyrylyp, dynç alynýan pursatlarynda ýaş argyşçylara täsin wakalary gürrüň berip, dynç almaklaryna ýardam edipdirler. Esasan hem ýaş söwdagärler halal gazanç etmegiň, söwdaň şowlap, tütjar baý bolanyňda hem adamkärçilik, ynsanperwerlik, mähribanlyk duýgularyňy barha çuslaşdyrmagy gazanmagyň zerurdygyny öwrenipdirler. Şol bir wagtda argyşçylar ylym dünýäsine aralaşyp, ruhy baýlygyny artdyrypdyrlar, düşünmeýän meseleleri boýunça alymlardan maslahat alyp

Edebiniň gurbany bolsaň!

Men tomus paslyny mamamlarda geçirmegi halaýardym. Haly we keçe sungatynyň ussady bolan mamam bize arly tomus el işini öwrederdi. Ol «Ulugyz saçyny sallap, bikär, oba-arada söw-söw syryp ýörse halanylmaýar» diýerdi. Pyňkyrsaň, gatyrak gülseň hem halamazdy. «Özüni sylaýan, namysjaň, uýat-haýaly gyzyň sesi ýedi ädimden uzaga eşidilmeli däldir» diýerdi. Tomsuna mamam goýnuň güýz gyrkymynyň ýüňüni akar suwda ýuwup, soňra saýgyç bilen mazaly saýardy-da, ýüň darak bilen öňümizde goýardy. Biz ýüň darap, halta-halta edip pişge ederdik. Goňşy gyzlar hem gelip ýüň daraşmaga, saýylanda tüýdülmän galan ýüňleri tüýdüşmäge kömek ederdiler. Şol ýerde hem gyzykly gürrüňler edilerdi.

Milli mirasymyzyň gymmatlyklary

Talyplyk ýyllarymyzda Döwletmyrat Jumadurdyýew bilen tanşyp, ýegre dostlara öwrülmegimize ikimiziňem çeper edebiýata gadyr goýmagymyz sebäp bolan bolsa gerek. Ýogsam biziň okaýan ýokary okuw jaýymyz birem bolsa, hünär ugurlarymyz aýry-aýrydy. Döwletmyrat galamyny seýregräk işledýänem bolsa, onuň ýazýan zatlarynda okyjynyň nazary bada-bat eglenýär. Soňky döwürde mugallymçylyk işini gum içindäki çarwa obasynda dowam etdirmegi bolsa, çarwa durmuşyna degişli köp sanly milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny toplamaga şert döretdi. Şöhrat ABDYÝEW,Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, mirasgär.

Türkmen halysy — gözelligiň tugy

Biziň gelin-gyzlarymyz halyçylyk senediniň köp asyrlyk däp-dessurlaryny döredip, haly önümleriniň dürli görnüşlerini dokapdyrlar. Asmalyk — toý güni düýäni bezemek üçin ulanylýan haly.

«Il-günüň bir iş tutsa, sen ondan galyjy bolma!»

Geçmiş taryhymyza nazar aýlasak, häzirki wagtdaky ýaly kämil tehnikalar ýok mahaly aryklar, ýaplar, kiçijik salmalar ot-çöpden arassalanylanda, gazy işleri geçirilende oba adamlary üýşüp ýerine ýetirer ekenler. Olara «haşarçylar» diýipdirler. Olar bilen bagly halk arasynda ençeme yrymlar, däp-dessurlar häli-häzirler hem saklanyp galypdyr. Haşarçylar işläp ýörkä, golaý-goltumdan biri geçse, hökman sowlup, olara az-kem dynç bermek üçin el kömegini bermek parz hasaplanypdyr. Käbir ýagdaýlarda haşarçylar piliň üstünde çörek goýup, geçip barýan ýolagça hödürläpdirler. Ýolagçy çöregiň duzuny dadyp, piliň üstünde biraz pul goýupdyr ýa-da çörek hödürlän adam bilen göreş tutmaly bolupdyr. Göreş tutmak agyr zähmetden ýadan adamlarda biraz göwün açmak ýaly täsir döredipdir. Şeýle usul bilen ýygnalan pula haşarçylar gazy mahaly zerur azyk önümlerini satyn alypdyrlar. «Ýabyňyz akarly bolsun, ekiniňiz biterli bolsun!» diýip, geçip barýanlar alkyş sözlerini aýdyp, haşarçylaryň armasyny ýetiripdirler.

Baýram han Türkmeniň watançylyk hem ynsanperwerlik pelsepesi

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan halk bähbitli başlangyçlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly taryhyny, beýik akyldarlarynyň, meşhur şahsyýetleriniň, görnükli serkerdeleriniň ömür ýoluny, gymmatly edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň taryhy Karary esasynda geçirilýän «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara forum hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň beýik ogly, nesillere nusgalyk harby gahrymançylyk ýörelgeleri, şeýle hem çuň many-mazmunly, ajaýyp eserleri döreden Muhammet Baýram hanyň edebi mirasy möhüm ähmiýete eýedir.

Buýsanjy sen Arkadagly halkymyň!

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ata-baba buýsanjymyz bolup gelýän ajaýyp ahalteke bedewlerini seýislemek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, bedewlerimiziň hem alnyndan ak gün dogdy. Indi olar halkymyzyň buýsanjyna, toý-dabaralarymyzyň bezegine öwrülip, Döwlet Tugramyzda orun aldy» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu aýdanlaryna aýdyň mysal hökmünde, ýurdumyzda 2008-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegini, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerimizde atçylyk toplumlarynyň gurulmagyny, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesiniň Türkmen bedewiniň milli baýramy diýlip yglan edilmegini, her ýylda bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän bedewleriň gözellik bäsleşigini, uzak aralyga çapmak boýunça marafon ýaryşyny we beýlekileri ýatlap geçmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň we halkymyzyň bedewlere goýýan belent sarpasynda ata-babalarymyzyň ýurt goragy, nesil terbiýesi babatda kemala gelen beýik mekdebi aýdyň şöhlelenýär. Çünki ahalteke bedewlerimiz ýurt goran mertleriň ýakyn syrdaşy, ýow güni ýoldaşy bolupdyr. Parahatçylyk günlerinde toýlaryň, öýleriň, syrgynlaryň bezegi bolupdyr. At çapmak, at seýislemek halkymyzda sungat derejesinde gaýtalanmajak mekdebe öwrülipdir.

Kitap –ruhy baýlyk

Aýdylyşy ýaly, kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr. Türkmeniň gadymdan kitaphon halkdygy barada dürli rowaýatlar bar. Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynda Welmyrat aganyň kitaba mukaddeslik hökmünde hormat goýýandygyny aýratyn nygtasym gelýär. Şol hekaýada Welmyrat aganyň özüniň guba düýesini kitap bilen çalyşmagy onuň kitaba örän ýokary baha berýändiginiň beýik nusgasy bolup durýar. Kitap hakynda söz açanyňda, şahyr Annaberdi Agabaýewiň şu goşgy setirleri ýadyňa düşýär: Otda eremeýän, suwda akmaýan,Tupanda ýitmeýän, laýda çökmeýän,Dartaňda süýnmeýän, çapsaň synmaýanHem akyl, hem duýgy, hem baky lezzet,Başymyz aşakdyr öňüňde seniň.

Bedew ata belent sarpa

Döwlet syýasatynda milli gymmatlyklaryň aýratyn orny bar. Türkmen halky ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzy aýap gelşi ýaly, maddy, medeni gymmatlyklarymyzyň durmuşdaky ornuny hem ýitirmän gelipdir. Her bir ugur boýunça gyzyklanýan zehinli, ukyply adamlar bolup, olar milli gymmatlyklarymyzy kämilleşdirip, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda köp işleri bitiripdirler. Şeýle janköýer adamlaryň yhlasy bilen türkmeniň bedew atlary, saryja goýunlary, arwana düýeleri, alabaý itleri, elguşlary, şeýle hem waharman gawunlary, üzümleriň dürli görnüşleri, ak bugdaýymyz we beýleki köp-köp gymmatly mirasymyz häzirki günlere gelip ýetipdir. Häzirki wagtda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde atçylyk hünäriniň talyplary bolup okuw tejribeligini geçýäris, seýisçiligiň inçe syrlaryny, atlaryň iýmleniş şertlerini, täze doglan taýlaryň idedilişini, hasaba alnyşyny halypa seýislerden öwrenip, nazary okuwda alan bilimlerimizi tejribelikde berkidýäris. At boýunça geljekki ýaş hünärmenler hereket edýän döwrebap atçylyk toplumlarynda tejribeligiň dowamynda tohumçylyk işleriniň guralyşyny, möwsümleýin keselleriň bejerilişini we öňüni alyş çäreleriniň geçirilişini uly gyzyklanma bilen öwrenýärler.

Aýdymlary — ömrüniň dowamy

Durmuşyň käbir pursatlary ynsan hakydasynda baky galýar. Aýlar-ýyllar geçse-de, şeýle pursatlar mahal-mahal göz öňüňde janlanyp durýar. Üstünden tas ýarym asyra golaý wagt geçen-de bolsa, bu waka hut şu günki ýaly göz öňümde. 1974-nji ýylyň bahar aýlarynyň bir günüdi. Obamyzyň “MTS” diýilýän böleginde ýaşaýan Täç Atajanow “Žiguli” awtomobiliniň 3-nji goýberilişini satyn alyp, maşyn toýuny edýärdi. Ol obamyza şol kysymdaky ilkinji gelen maşyn bolansoň, ony synlamaga toýa goňşy obalardanam adamlar gelipdiler.

Zeminiň peşgeşi

Adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan Nowruz baýramy örän gadymydyr. Nowruz — köňülleri joşdurýan, göwünleri wysala ýetirýän, päkleýän, gözelleşdirýän, agzybirlige çagyrýan, rysgal-bolçulyk eçilýän güýje eýedir. Ol diriligiň we agzybirligiň simwolydyr. Togsan dolup, ýere ýyly girýär. Gyş pasly tamamlanyp, ýaz möwsümi başlanýar. Gije bilen gündiz deňleşýär. Bu döwür musulman ýyl çalşygyna gabat gelýär. Nowruz baýramynda halkymyz üýtgeşik datly tagamlary, ilki bilen, semenini bişiripdirler. Semeni bişirmek dessurynyň müňlerçe ýyllyk taryhy bolup, ol baýramçylyk saçagynyň bezegidir. Dessura görä, semeni gije bişirilipdir. Ol ýaňy maýsalap ugran bugdaýdan taýýarlanylypdyr. Ýagny fewral aýynyň soňky günleri naýbaşy ak bugdaýy gowy ýuwup, arassalap, soňra tagtanyň üstünde endigan serip, Gün düşýän ýerde goýmaly. Günde 3—4 wagtyna suw sepip, berk gözegçilikde saklanan bugdaý maýsalarynyň gökje başy gyrkylyp alynýar. Soňra gyrkylyp alnan başynyň akja köküni sokuda ýenjip, suwuny alyp, üstüne ak bugdaýdan edilen uny gowrup goşmaly we gaýnadyp başlamaly. Gijesi bilen gaýnadylan, uzak zähmeti talap edýän semeni taýýar bolýar.

Uz barmaklaryň hünäri

asudalygyň aýasynda barha kämilleşýär Dünýe döräli bäri munda gözelligem, nepisligem näçe diýseň bar. Zemine ýaraşyk berýän baglaram, güllerem, baýyrlardyr çeşme-çaýlaram, Asmany görke besleýän ýyldyzlaram ynsanyň sünnälige imrinýän teşneligini gandyrýar. Emma nämüçindir bu gezek men zehin-başarnygy şu täsin ýaradylyşdan gönezlikli zenan dünýäsi, olaryň uz barmaklarynyň eliniň yzy galan her bir işiň sungat derejesine ýetýändigi barada sözläsim gelýär. Bu nepis sungatyň haýsy birine üns bereniňde-de, ondan terbiýeçilik äheňini duýmak bolýar. Onda gözellik bar, ol ýerde inçelik görünýär, çeperlik duýulýar, arzuwlaryň ummany tolkun atýar, munda durmuş möwç urýar. Onsoň, näzik kalplarda pyntyk ýaryp, zehin bulagyndan gözbaş alýan işlerem dünýäniň ýaraşygy bolup, bu barlyga siňip barýar. Munuň täsinligini ýa täsirliligini taryplajakmy ýa-da muňa siňen yhlasyň näderejede agramlydygyny saldarlap görjekmi. Asyl, onuň haýsy tarapyndan baranyňda-da bu ýerde yrýalyga gözüň kaklyşmaz, hiç bir artykmaçlyk duýulmaz. Ana, şolaryň netijesinde kemala gelen sungaty dörediji zenanlar biziň öýlerimiziň ýaraşygy, göwünlerimiziň sazlaşygy, durmuşymyzyň goýazylygydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimizde eli çeper gelin-gyzlarymyz bilen söhbedimizem milli nusgasyny saklap, döwrebap keşbe eýe bolan el hünärimiz dogrusynda boldy.

Sadaja bagtyň bolsun!

Enemiň nurana keşbi, çuň mana ýugrulan mylaýym sözleri häli-häzirem göz öňümden gidenok. Agtyklaryny söýgüläp aýdan hüwdüleri, gürrüň beren gyzykly rowaýatdyr hekaýatlary ýadyma düşende kalbym aram tapýar. Çagakak eşiden sözlerimiziň manysyna indi-indiler akyl ýetirjek bolýarys. Bir gün enem ýanyna çagyryp, kemputdyr köke berdi-de, başymy sypap: «Altyndan tagtyň bolandan, sadaja bagtyň bolsun-da, balam!» diýip, ýüzüme mähirli garady. Men enemiň sözlerine düşünmän: — Ene! Ol diýdigiň näme bolýar? — diýip soradym. Enem bolsa mährem ellerini başymdan aýyrman, gözlerini uzaklara dikip, gürrüň bermäge başlady.

Çigme

Ýüpek sapakly iňňäniň hem-de örän usully el ýördümi bilen islendik ölçegde gyýa sanjymda çigip öndürilýän nepis işe çigme diýilýär. Gültahýanyň depesiniň etegine birigýän ýerine salynýan «çigme» nagşy muňa mysal bolup biler. Nagyş üçin bellenen ýeriň ortasyna goňur ýüpekli iňňäni sünjüp, çep tarapa gyýtaklap 5—6 gezek sanjym edip, sag tarapa-da 5—6 gezek gyýtaklap sanjym edilende sapak çigilýär. Şeýdip çepe, saga gezekme-gezek gyýa sanjymlar, goňur ýüpek bilen tamamlanýar. Onsoň, goňurlaryň aralary ak, sary çigimler bilen doldurylýar. Keşde, gaýma üçin işlenýän ýüpek sapaklar çigme üçin hem gowy gelişýär. Çigme sanjymda ýerine ýetirilýän nagyşlar keşde ýaly owadan görünýär.

Jähek

Ýörite niýetlenip, ýumşak tow berlip taýýarlanan gyzyl, gara reňkli ýüpekleriň barmaklarda çapraz geçirilip çalt dokalýan, şol pursatda-da sapakly iňňe bilen donlaryň, tahýalaryň, kürteleriň gyrasyna ýörmelýän nepis işe jähek diýilýär. Jähek çalmak üçin tahýany mysal alalyň. Jäheklik gara ýüpekden tahýanyň etegine deňäp, ýüpegi üzmän, deňän ýüpegiňizi üç gatlap, girintgi üçin dördünji gat goýbermeli-de, ýüpegi bek tutup, gatlary uzynlygyna açyp, ujuny jähek çaljak gyz saklamaly. Şu dört gatyň uzynlygy tahýa jäheginiň ýüpeginiň uzynlyk ölçegi bolar. Onsoň, iki bolup, şol ölçegi uzynlygyna dartyp, şoňa deňäp, ýüpekden on alty gat gatlamaly. On alty gat sekiz halkany emele getirýär. Onsoň, jähek çaljak gyz her eliniň dört barmagyny halkalara salyp, iki ýumrugyny deň tutup saklamaly. Jähek ýörmejek gyz ýüpekleriniň gatlaryny sypalap, deňläp, elindäki uçlary sapakly iňňesi bilen tahýanyň etegine çatyp berkitmeli. Jähek çalýan gyz çalasyn barmaklary bilen sag elindäki ýüpek halkalary, çep elindäki ýüpek halkalaryň arasyndan geçirip, ýüpek halkalary çalşyp alar. Şol pursatda tizlik bilen jähekçi gyz çep eliniň dört barmagy bilen ýüpegiň aşaky dört taryny basyp, sag eliniň barmaklary bilen ýüpegiň üstki dört taryny kakyp saklap, ýüpekli iňňesi bilen ýörmäp ýetişer. Ýörmeleýän pursatda, jähek çalýan gyz çakgan barmaklary bilen ýüpek halkalary çapraz geçirip, çalşyryp çalyp alar. Iş purs