"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň we dost-doganlygyň şuglasyny saçýar

Geçmişi sarpaly, geljegi nurly türkmen halkymyz biri-birinden zyýada günleri uly üstünliklerdir ösüşlere besläp, täze ädimler bilen, parahatçylygyň şuglasyny çaýýan nurly ertirlerimize sary bedew batly gadamlary bilen barýar. Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde özüniň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly asylly syýasaty bilen uly at-abraýa eýe boldy. Ata-babalarymyzyň millilige ýugrulan ahlak, medeni we jemgyýetçilik-syýasy däpleri taryhymyzyň synaglarynda berk taplanyp, özbaşdak we Garaşsyz döwleti esaslandyrmak hakyndaky arzuwlarymyzda baky orun tapdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyz we baky Bitaraplygymyz türkmen halkynyň ösüş ýolunyň sazlaşykly ugry — goşa ganaty boldy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna

Milli buýsanjymyzyň senesi Bütin dünýä döwletleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzy hemişelik Bitarap döwlet diýip ykrar eden gününden bäri 26 ýyla golaý wagt geçdi. Ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiziň baky Bitaraplygymyza daýanyp alyp barýan parasatly daşary syýasaty parahat, asuda we abadan durmuşymyzyň kepilidir. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy barada gürrüň açylanda bu şanly senäni buýsançly ýatlamalydyrys.

Parahatçylygyň aýdyň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz dünýäde belent abraýly döwletleriň biridir. Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Baky Bitarap Diýarymyz öz saýlap alan daşary syýasaty bilen bedew batly öňe barýar. Dünýä parahatçylyk nuruny bolluk bilen eçilýän Türkmenistanyň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny, parahatçylygy, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti barha ýokarlanýar. Ýurdumyz bu ugurlara gönükdirilen hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, halkara gatnaşyklarynyň çäklerini yzygiderli giňeldýär. Adamzadyň parahat, asuda durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütleriniň işlenilip taýýarlanylmagyna örän işeňňir gatnaşýar. Şeýle hem özygtyýarly Bitarap döwlet hökmünde sebit hem-de dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Merkezi Aziýa sebitinde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ösdürmek babatda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň gerimini giňeldýär.

Watan rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen eziz Diýarymyz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýän ýurdumyzda mähriban halkymyzyň asuda, parahat we eşretli durmuşda ýaşamagy munuň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda pederlerimiziň sapaly durmuş, berkarar döwlet baradaky arzuw-umytlary hasyl boldy. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, özgerişlikler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri halkyň, her bir adamyň bagty, göz-guwanjy bolup, ajaýyp döwrümiziň özenini emele getirýär. Bu beýik düşünjeler Watanymyzyň at-abraýyny Arşa göterýär.

Hoşniýetli ýörelge

Türkmen halkynyň goňşular bilen gatnaşygynda gadymdan gelýän hoşniýetliligi, dostanalygy ýaly däp-dessurlarymyza siňip giden tejribesi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ruhy esaslary bolup durýar. Türkmen halky dünýäde medeni taýdan hoşniýetli, dostana häsiýeti bilen asyrlarboýy uly abraýa eýe bolan halk hökmünde tanalyp gelýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň öňden gelýän milli ýörelgeleriniň mynasyp ösdürilmegidir. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen özara bähbitli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri giň gerime eýe bolýar.

Ulag-üstaşyr ulgamyndaky üstünlikler

Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk taglymaty ata Watanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki abraý mertebesini has hem belende göterdi. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesinden ugur alýan Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň dünýäniň abraýly guramalary we döwletleri bilen ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Ata Watanymyz dünýädäki parahatçylyga, durnuklylyga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli we maksada okgunly durmuşa geçirmek bilen, halkara derejede uly abraýa eýe boldy. Dünýä halklarynyň abadançylygyny ösüş, hoşniýetli hyzmatdaşlyk arkaly berkitmäge gönükdirilen syýasatyň türkmen nusgasy dünýä jemgyýetçiliginde görlüp-eşidilmedik waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz halkara jemgyýetçiligiň giň seslenmesine eýe bolan syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli möhüm ählumumy meseleler boýunça birnäçe wajyp halkara başlangyçlary öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge degişli meseleleriň giň toplumyny kesgitledi. Şolaryň hatarynda ulag-aragatnaşyk, energetika, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we başga-da birnäçe ugurlarda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça başlangyçlary giň goldawa eýe boldy. Energiýa seriş

Hoşniýetlilik we ynanyşmak — milli ýörelgämiz

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetliligi, dostanalygy ýaly milli ýörelgesi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň esaslary bolup durýar. Halkymyz hemişe parahatçylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Sebitde, dünýäde parahatçylygyň merkeziniň gerekdigi baradaky pikirleri öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli däp-dessurlary, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata Watanymyz taryhy, ykdysady we geografik taýdan uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyz dünýä ýüzünde geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşip, söwda-ykdysady gatnaşyklarda möhüm orun tutýar. Şonuň ýaly-da, türkmen halky dünýäde hoşniýetli, dostana häsiýeti bilen asyrlarboýy uly abraýa eýe bolan halk hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen özara bähbitli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň giň gerime eýe bolmagynda uly ähmiýete eýedir.

Rowaçlygyň aýdyň ýoly

Garaşsyz Watanymyz bütin dünýäde ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez, Bitarap döwlet hökmünde giňden meşhurdyr. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär. Ony döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürmek ugrundaky tagallalaryň gerimini barha giňeldýär. Baky bagta eýe bolan türkmen halky parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýä ýaýýar. Parahatçylyk ýoly türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň naýbaşysy. Mukaddes Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk — bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Ynsanperwerlik, adalatlylyk, parasatlylyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna belent sarpa goýmak, ygrarlylyk ýörelgeleri halkymyzyň aňyýetine, häsiýetine mahsus ýörelgelerdir. Paýhasly pederlerimiziň bu adalatly ýörelgeleri bu günki günde döwlet syýasatymyzda öz hakyky manysyna eýe bolýar. Hemişelik Bitaraplyk rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk, ebedi parahatçylykdyr. Parahatçylyk bolsa, ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr.

Buýsanjymyz — Bitaraplyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde her bir günümiz şanly wakalara, ösüş-özgerişlere beslenýär. Elbetde, ähli ýetilýän belent sepgitleriň özeninde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine eýerýän daşary syýasatynyň aýratyn orny bar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Bitaraplyk halkymyzyň ýagty, röwşen geljeginiň özenidir. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana döwrüň, taryhyň islendik wagtynda hem uly hormat-sarpa goýulandygyny alamatlandyryp, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylyk dörediji merkezdigini tassyklaýar.

Parahatçylyk — ösüşiň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda Türkmenistan iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Birleşen Milletler Guramasy halkara hyzmatdaşlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.  Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň beýik münberinden öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary sebit we dünýä syýasatynyň möhüm ugurlaryny kesgitläp, halkara jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz Bitaraplygyň ähmiýeti, onuň gadyr-gymmaty hakynda her bir çykyşynda yzygiderli nygtaýar. Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgelere daýanýan eziz Diýarymyz dünýäniň we sebitiň döwletleri bilen deňhukukly, bir-birege ynanyşmak, sarpa goýmak ýaly asylly gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde giň göwrümli we aýdyň maksatly işleri amala aşyrýar. Bu bolsa Türkmenistana halkara gatnaşyklarynda syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Bitaraplyk — buýsanjymyz

Halkymyzyň ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleri ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolup, erkin ösüş ýoluna düşenimizden soň, has kämilleşip, bitewi taglymata öwrüldi. Ol döwletimiziň daşary syýasatynda ugur alynýan esasy çelgidir. Hormatly Prezidentimiz: «Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty, amala aşyrýan oňyn özgertmeleri netijesinde Garaşsyz Türkmenistan Ýer ýüzünde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde doly ykrar edildi we dünýä jemgyýetçiligi döwletimiziň bu halkara hukuk derejesine hormat goýýar. Birleşen Milletler Guramasynyň türkmen Bitaraplygyny iki gezek resmi taýdan ykrar etmegi halkymyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň müdimiliginden habar berýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bize halkara ähmiýetli işlere ähli jogapkärçiligi duýmak arkaly gatnaşmaga, öz pikiriňi aýtmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen dünýäniň ählumumy ykdysady ösüşine sazlaşykly goşuldy. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar, iri taslamalar halkara ülňüleri nazarlaýar. Netijede, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylýan üstü

Parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dabaralanýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär. Ynsanperwer daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanadan, ylalaşdyryjy merkez hökmünde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji döwlet biziň ata Watanymyz Türkmenistandyr.

Ählumumy abadançylygyň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy we asudalygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän paýhasly başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli gatnaşyklary hemişe ileri tutýar. Bu ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Baky Bitaraplyk her bir türkmenistanly üçin örän mukaddes düşünjedir. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza köptaraply kuwwatyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçilikleriň döremegi ýurdumyzyň parahatçylyk, ynanyşmak syýasatyny dünýä ýaýmagynyň, halkymyzyň ruhy taýdan galkynmagynyň, ählumumy bähbitler ugrunda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ygtybarly binýady bolup durýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy dünýä derejesinde belent abraýdyr.

Parahatçylyk söýüjilikli taglymat

Türkmenistanyň daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen, onuň esasynda dünýä döwletleri bilen giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. Häzirki wagtda ynamly öňe barýan we sazlaşykly ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we dünýä bileleşiginiň ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegini öz içine alýan häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine bolan garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň ýakynlygy ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy esasynda hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe boldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara gatnaşyklaryň taryhynda ilkinji gezek şeýle Rezolýusiýanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ykrar edilmegini alamatlandyrdy.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Türkmen halky baýdak kimin belentde tutýan hemişelik Bitaraplyk derejesine guwanyp ýaşaýar. Olaryň kalplaryndan hemişelik Bitaraplygymyza bolan buýsanç joşgunly sözler bilen gaýnap çykýar. Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem bu babatynda öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler. Biziň döwletimiz daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dost-doganlyk gatnaşyklaryny, bähbitli hyzmatdaşlyklaryny ýola goýýar. Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklardyr ysnyşykly hyzmatdaşlyklar bolsa türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiliginden, myhmansöýerliginden habar berýär. Bu zatlaryň düýp özeninde ýurdumyzyň parahatlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy bar.

Parahatçylyk döredijiligiň nusgasy

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak işinde Türkmenistan iri, abraýly halkara guramalary, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Sebit we dünýä syýasatynyň möhüm ugurlary barada öňe sürülýän teklipler halkara jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz çykyşlarynda baky Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, gadyr-gymmaty hakynda yzygiderli nygtaýar. Eziz Diýarymyz dünýäniň we sebitiň döwletleri bilen deňhukukly, birek-birege ynanyşmak arkaly sarpa goýulýan gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary edýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen giň göwrümli we aýdyň maksatly işleri yzygiderli hem-de maksadalaýyk amala aşyrýar. Bu bolsa Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylygyň ösüşli ýoly

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bolsa «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Kararnamasynyň gaýtadan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy. Dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ýola goýlan gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmegiň merkezi bolan BMG-niň düzümleri we beýleki abraýly halkara guramalary bilen häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmäge döredijilikli gatnaşýar. Paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, şeýle-de ýurdumyzda halkara duşuşyklaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny we onuň sebitde parahatçylygy berkitmekde netijeli orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Bitaraplyk — buýsanjymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde her bir günümiz şanly wakalara, ösüşdir özgerişlere beslenýär. Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleriň özeninde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine eýerýän daşary syýasatymyzyň aýratyn orny bar. Bitaraplyk türkmen halkynyň buýsanjydyr. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy.

Parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetlilik

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Ýurdumyz bu çözgüdiň başyny başlamak bilen, parahatçylygyň medeniýetini we birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialogy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda häzirki döwürde emele gelen ynanyşmagyň ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, uly halkara işi geçirdi. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerindäki çäreleri tamamlamak bilen, Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Häzirki döwürde çylşyrymly wezipeleri diňe dünýä bileleşigi bilen bilelikdäki tagallalar arkaly çözüp boljakdygyna düşünmekden ugur alyp, Türkmenistan Watanymyz dostlukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň tarapdary bolup durýar. Garaşsyz döwletimiz 26 ýyla golaý mundan ozal, daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk ugruny saýlap aldy. Bu ugruň esaslary hökmünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlaryň we halklaryň birek-birege özara hormat goýmak kadalary, olaryň içerki işlerine, dawalara gatyşmazlyk, halkara harby guramalaryň we şertnamalaryň işine gatyşmazlyk kadalary bellenildi.

Parahatçylygyň goragy taryhda

Eger-de haýsy şahsyýet taryha öz adyny ýazyp, beýgelen bolsa, onda ol Watan şöhratyna şöhrat goşup, öz Watanyny beýgeltmegiň netijesinde şeýle nesibä eýe bolandyr. Hormatly Prezidentimiz hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni bina edip, türkmen halkynyň täze taryhyny döretmek bilen, kalplarda we hakydalarda baky orun alýar. Milli Liderimiziň diňe bir öz halkymyzyň däl, eýsem, dünýäniň bähbidini nazarlaýan beýik işleri amala aşyrmagy, Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde ykrar edilen Liderdigini ýene bir ýola tassyklaýar. Üstümizdäki 2021-nji ýylyň hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy we onuň eziz Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy bilen utgaşykly bolmagynda hem uly many-mazmun bar. Halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň esasyny dünýäniň asudalygy, parahatçylygy bilen utgaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri dünýä halklary tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Halkymyzyň parahatsöýüjilik, asudalygy goramak ýaly asylly ýörelgeleri öz gözbaşyny has gadymdan alyp gaýdýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Çünki biz taryha ser salanymyzda, ata-babalarymyzyň aňrujy parahatçylykly ýol bilen çözüp boljak meselelerde aňsat-aňsat ýaraga ýapyşmandyklaryny, dürli ýagd