Saglyk, saz we sport
«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Häzirki wagtda halkymyzyň saglygyny berkitmekde bedenterbiýä we sporta uly üns berilýär. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýan türkmen halky islendik pudakda zähmet çekip öz söýen käriniň eýesi bolup bilýärler. Ähli pudaklarda ýetilýän derejeler, belent sepgitler oňaýly netijäni görkezýär. Üstünlik sport bilen saz sungaty bolsa islendik ýaşda her bir ynsan üçin zerur, hatda möhüm gerekli bolan zatlar hökmünde orta çykýar. Çünki bu iki sungat biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.