Bedene

19 Oktýabr 2022
3045

Bedene beýleki guşlardan özüniň çalt ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Ol üç ýyla çenli ýaşaýar. Bedenäniň teniniň gyzgynlygynyň towuklaryňkydan iki gradus ýokary bolandygy üçin ol öý guşlaryna mahsus bolan keseller bilen kesellemeýär. Olar 35-40 günlük bolanlarynda, ýumurtga guzlap başlaýarlar. Bedenäniň önüm berijiligi ýylda 280 ýumurtgadan-da geçýär. Ýumurtgasy düzümindäki peýdaly maddalaryň mukdarynyň köpdügi boýunça beýleki öý guşlarynyňkydan aýratyn tapawutlanýar. Bedenäniň göwresi öý towuklarynyňkydan ep-esli kiçi, torgaýyňkydan uly, arassa etiniň agramy 100 grama deňdir. Bu täsin guşlar daňdan, günorta wagtynda, nahar mahalynda, öýle we gün batyberende saýraýarlar. Adamlar bedenäni eldekileşdirip, howlularynda, keteklerde saklapdyrlar. Ýakymly owazyna guwanyp, olary öý şertlerinde köpeldip, melhemlik etini, dermanlyk ýumurtgasyny halk lukmançylygynda ulanypdyrlar. Bu işler häzirki döwürde hem dowam etdirilýär.

Maýsa ABDUSATTAROWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar