Sazakly, sözenli, selinli... sähra

17 Awgust 2022
1887

Garagum sährasy halkymyzyň ümmülmez genji-hazynasy, tebigatymyzyň egsilmez baýlygy, guwanjydyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giň sähra seýrana çyksaň, sazak, sözen, selin, gandym, çerkez, çeti, borjak ýaly dürli görnüşli gyrymsy agaçlary görüp, göwnüň açylýar, kalbyň heýjana gelýär.

Garagum! Ol indi gazabyna tutanda, asman-zemini gapyşdyryp, çäge syrgyny tutaşyp, gözüňi açyp bolmaýan birmahalky düňle çöl däl. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ygtybarly penasy bolup gelen bereketli Garagum sährasynda tomsuň jöwzaly yssy günlerinde-de kuwwatly tehnikalaryň sesi ýatmaýar. Öz milli baýlyklaryna hemişe uly sarpa goýýan agzybir hem zähmetsöýer, merdana halkymyz asty-da, üsti-de durşy bilen hazyna bolan Garagum sährasyna aýratyn hormat bilen, mukaddeslik hökmünde garaýar. Bu ýerde ösümlikleriň we ýabany haýwanlaryň, janly-jandarlaryň köp dürli görnüşine duşmak bolýar.

Maýsa Goňurowa,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar