Ynsanperwer ýörelgeleri, umumadamzat bähbitli tutumly işleri amala aşyrmakda uly meşhurlyga eýe bolan eziz Diýarymyzda bütin sebitiň gülläp ösmegi, halklaryň arassa daşky gurşawda ýaşamagy, zähmet çekmegi ugrunda toplumlaýyn işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa abadançylygyny, daşky gurşawy gorap saklamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurdan ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilip, gözel tebigatymyz goralýar. Diýarymyzda tebigaty goramak boýunça ýetilen sepgitler, bitirilen işler örän uludyr, çünki hormatly Prezidentimiz tebigaty, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça ylmy ýörelgelere esaslanýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy, howany, suw we ýer baýlyklaryny, tebigy hem medeni ýadygärlikleri, biologik köpdürlüligi gorap saklamak bilen bagly möhüm ekologiýa meseleleri üstünlikli çözülýär. Ýurdumyzda öndürilýän täze önümlerde ilkinji nobatda, täze önümiň ekologiýa taýdan howpsuzlygy göz öňünde tutulýar. Işe girizilýän täze kärhanalar dünýä ülňülerine gabat gelýän we ekologiýa taýdan arassa tilsimatlar bilen üpjün edilýär. Ýurduň tebigy baýlyklaryny aýap saklamak bilen gönüden-göni bagly möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagynyň ekologiýa meselelerini çözmekdäki orny uludyr, çünki gözel tebigat hakynda alada etmek halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgesi bolup durýar. Suwy tygşytly ulanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça asylly ýörelgeler döredildi. Nusgalyk bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýär.