«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. 12-nji mart aýratyn möhüm sene hökmünde ýurdumyzyň taryhynda mydamalyk orun eýeledi. Çünki halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Prezidentini saýlamak üçin ses berdi. Saýlawyň netijesi halkyň çuňňur ynam bildiren mynasyp şahsyýetini öňe çykardy. Prezident saýlawlary Türkmenistanyň gülläp ösüşindäki täze tapgyryň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna altyn sahypa bolup girdi. Bu saýlawlar halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, demokratik ýörelgelerini berkitmek, ýurdumyzy ösdürmek eziz Diýarymyzy beýgeltmek ýolunda möhüm ädimdir. Prezident saýlawlarynyň netijeleri hormatly Prezidentimiziň amala aşyrjak döwlet syýasatyny hem-de maksatnamalaýyn işlerini türkmen halkynyň tüýs ýürekden goldaýandygyny bütin dünýä äşgär etdi.
Mähriban halkymyz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlap, özüniň bagtyýar durmuşynyň, beýik ösüşleriniň täze tapgyryna ynamly gadam basdy. Halkymyz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine hem-de onuň halkara abraýynyň has-da belende galjakdygyna berk ynanýar. Halkymyz agzybirligi, jebisligi, her bir möhüm, ykbal kesgitleýji işe rahat, ynamly gatnaşýandygy bilen dowamat-dowam bolup, bagtdan-bagta uzaýan ýoly saýlady.