Arterial gipertoniýaly näsaglaryň bejergä bolan höwesliligine baha bermek

7 Aprel 2022
1128

Arterial gipertenziýa (AG) kardiowaskulýar gaýra üzülmeleriň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Bu gaýra üzülmelerden ölümçilik soňky on ýyllykda dünýäde birinji ýerde durýar [2]. Dowamly täsir edýän gipertenziýa garşy dermanlaryň kämilleşdirilmegi, islenmedik täsirleri azaldylan utgaşdyrylan dermanlaryň döredilmegi lukmançylyk tejribesinde AG-nyň meselesiniň çözülmeginiň gowulaşmasyna itergi berdi. Emma beýle ýagdaýda hem AG-ly näsaglaryň kesgitli göterimi lukmanlar tarapyndan bellenen bejergini komplaýentli däller (KPD) ýeterlikli ýerine ýetirmeýärler. Bejergä höweslilik çylşyrymly fenomen bolup, ol lukmançylyk we durmuş üpjünçilik jähtleri bilen utgaşýar [1]. Netijede, näsaglaryň bellenen bejergini dogry berjaý etmezligi, bejerginiň netijeliligine täsir edýän çylşyrymly mesele bolup durýar.

Işiň maksady – dispanser hasabynda duran II derejeli AG-ly näsaglaryň bejergä bolan höwesliliginiň derejesini kesgitlemek bilen bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmak.

Aşyr ATAÝEW, Bahar ALLABERDIÝEWA
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana
Beýleki habarlar