Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty pudaklary hemmetaraplaýyn ösdi, özgerdi, düýpli kämilleşdirildi [2].
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän lukmançylyk ähmiýetli serişdeleriň ýerli çig mal serişdelerimiziň, olaryň tebigy gorlarynyň hasabyna öndürmek göz öňüne tutulyp, türkmen ýüpeginden alnan tikin sapaklaryny hirurgiýa amalyýetine ornaşdyrmak örän wajyp mesele bolup durýar.