Glaukoma keseli ýokary ýaýranlygy we körlüge hem maýyplyga getirýän agyr gaýra üzülmeleri boýunça uly lukmançylyk-sosial ähmiýete eýe bolup, oftalmologiýanyň iň derwaýys we möhüm meseleleriniň biridir. Soňky ýyllarda oftalmologiýada gazanylan üstünliklere garamazdan, glaukomanyň etiopatogeneziniň, irki anyklaýşynyň we bejergisiniň köp meseleleri doly öwrenilmedikdir.
Ilkinji açyk burçly glaukoma (IABG) köp faktorlara bagly bolan neýrodegeneratiw kesel hasaplanylyp, onuň esasy patofiziologiki häsiýetnamasy görüş nerwiniň dikeldip bolmaýan zeperlenmegi bilen baglydyr. Edebiýatlarda glaukomada köp ýagdaýlarda iň irki perimetriki üýtgemeleriň kesgitlenilmeginden öň görüş nerwiniň diskinde (GND) we torly perdäniň nerw süýümleriniň gatlaklarynda gurluş üýtgemeleriň döreýänligi barada maglumatlar berilýär [3]. Torly perdäniň irki zeperlenmeleriniň we perimetriýa barlagynda görüş meýdanlarynyň kemçilikleriniň ýüze çykmasynyň arasynda 5-7 ýyl geçýär [2].