Kelleçanakda süňk deffektini emele getirip, ýokarky sagital sinusy bilen sepleşme döredýän epidermoid döremeleri, köplenç, kiçi ýaşly çagalarda kelläniň saçly böleginde duş gelýär [1]. Bu çiş howpsuz täze döremelere degişli bolup, kellede ýerleşip, ösüp, uly ölçeglere ýetmegi netijesinde, süňk dokumany deformirleýär we kelle beýnä täsirini ýetirip, güýçli kellagyra, görüş bozulmalaryna, psihiki bozulmalara getirýär [2]. Ölçeginiň aşa ululygy sebäpli, hereket çäklenmesine, kosmetiki deffektine getirýär [3].
Siziň dykgatyňyza çagada depe süňküniň deformirläp, ýokarky sagital sinusyň şahalary bilen iýmitlenen gigant epidermoid döremäniň operatiw bejergisini mysal getirýäris.